Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginiň Aziada-2017 oýunlaryna taýýarlyk derejesine aýratyn üns berdi

05:0526.07.2017
0
16847

25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.

Bu köpugurly toplumyň oýunlara taýýarlyk derejesi döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns beren meselesi boldy, şäherjigiň çäklerinde sport we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi ýerleşýär, olar ähli ölçegler babatynda ýokary halkara ülňülerine hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda ýaryşlary, şol sanda ýeňil atletika, welosiped sporty, tennis, suwda ýüzmek, sportuň dürli toparlaýyn görnüşleri, başa-baş tutluşyklar we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, şeýle hem ýörite türgenleşik zallary bar.

V Aziada gatnaşýan türgenler, tälimçiler hem-de wekiliýetleriň beýleki agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ajaýyp olimpiýa ýaşaýyş toplumy guruldy, ol jemi 12 müň adama niýetlenendir. Bu ýerde bina edilen belent jaýlar daşky görnüşi, içerki abadanlaşdyrylyşy we amatlylygy babatynda abadanlaşdyrylan şäher ýaşaýyş jaýlaryna laýyk gelýär. Ýaşaýyş toplumy on iki gatly ýigrimi binadan ybaratdyr, olar toplumlara birleşdirilendir, toplumlaryň her birinde, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli adamlaryň ýaşamagy üçin şertler göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, ak mermerli binalar ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen tutuş ýaşaýyş toplumyny emele getirdi.

Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň düzümine tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk toplumy girýär, ol dikeldiş merkezini we okuw merkezli ylmy-barlag barlaghanany öz içine alýar, şeýle hem bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara media-merkezi we beýleki degişli desgalar ýerleşýär. Türgenleriň dynç almagy we boş wagtyny gyzykly geçirmegi üçin medeniýet merkezi göz öňünde tutulandyr.

Monorels ýoly şäherjigiň giň çäklerini gurşap alýar, onuň ugry boýunça aýratyn görnüşde bezelen stansiýalaryň birnäçesi gurnalandyr. Estakada ulagynyň bu görnüşiniň üýtgeşik aýratynlygy onuň ýerüsti herekete päsgelçilik döretmeýän, ýolagşylaryň rahatlygyny üpjün edýän artykmaçlygydyr. Polat ýoluň belentliginden ägirt uly sport toplumynyň, şeýle hem gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň hem-de onuň köp sanly täze binalarynyň ajaýyp görnüşi açylýar.

Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyna baryp görmeginiň dowamynda münberleri 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionyna geldi. Milli Liderimiz Oýunlaryň baş meýdançasyny synlap, stadionyň enjamlaşdyrylyşyna hem-de onuň Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna taýýarlyk derejesine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna geljek hormatly myhmanlar üçin sport lybaslarynyň sowgatlyk toplumlary görkezildi. Lybaslaryň toplumlarynyň iki görnüşi – gyşky we tomusky görnüşleri işlenip taýýarlanyldy, gyşky lybaslar toplumy Gökdepäniň dokma toplumynda, tomusky lybaslar bolsa Aşgabadyň Modalar öýünde taýýarlanyldy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň belliklerine hem-de maslahatlaryna laýyklykda täzeden işlenen, V Aziadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşjak türkmen türgenleri üçin adaty we dabaraly ýagdaýlarda geýmäge niýetlenen bir kysymly lybaslaryň nusgalary görkezildi. Paýtagtymyzyň Modalar öýüniň dizaýnerleri tarapyndan zenanlar we erkekler üçin sport lybaslar toplumynyň iki görnüşi taýýarlanyldy, olaryň bezeginiň her düzüminde milli öwüşgin we häzirki zaman nysak meýilleri sazlaşykly utgaşdyryldy.

Zenanlar üçin niýetlenen lybaslar toplumynyň birinji görnüşi keltekçeden, köýnekden, papakdan we sport aýakgabyndan ybaratdyr, ikinji görnüşi hem keltekçeden başga ähli lybaslary öz içine alýar. Onuň ýerine lybaslar toplumyna penjek girizildi. Erkekler üçin niýetlenen lybaslar toplumynyň iki görnüşi hem degişli futbolkany, jalbary, papagy we sport aýakgabyny öz içine alýar, onuň tapawutly aýratynlygy birinji görnüşde keltekçäniň we ikinji görnüşde penjegiň bolmagydyr. Ähli sport lybaslary ýurdumyzyň ýokary hilli dokma önüminden taýýarlanyldy.
Şeýle hem bu ýerde myhmanlar üçin dürli serişdeler, sowgatlyk önümleri, torbalar, türkmen alabaýynyň, ahalteke bedewiniň şekilleri, milli keşdeler salnan torbalar, tahýalar, alajalar, gaşilikler, V Aziadanyň nyşany ýerleşdirilen sport aýakgaplary, köýnekçeler, ýazuw depderçeleri, ruçkalar, göwnejaý bezelen maglumat neşirleri we beýlekiler görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar, şol sanda Olimpiýa şäherjiginiň ähli desgalarynyň bu möhüm waka doly taýýarlygy, paýtagtymyzyň öňdebaryjy tehnologiýalary herekete getirmek arkaly bezelişi , hususan-da, daşary ýurtly myhmanlar üçin dikuçarda gezelençleri guramak bilen tanyşdyryş çärelerini geçirmek, olara ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmek bilen bagly tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyndan çykyp, bu ýerde goýlan awtoulag serişdeleriniň nusgalaryny synlady, olar Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýolagçylara hyzmat eder. Täze ulaglaryň hatarynda taksiler, kiçi we uly göwrümli awtobuslar bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ulaglaryň hemmesiniň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegi we olarda ýolagçylar üçin aňrybaş mümkinçilikleriň döredilmegi esasy talap bolup durýar. Şunda, ulaglarda oturdylan monitorlarda ýolagçylara niýetlenen degişli maglumatlaryň berilmegi, olarda mahabatlandyryş görnüşleriniň görkezilmegi hem-de ýolagçylar üçin bähbitli bolan maglumatlaryň we beýlekileriň eşitdirilmegi bilen baglanyşykly işlere maksatnamalaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz sürüjiler bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda olaryň ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary nusgasyny görkezmelidiklerini, bu ugurda ýörite taýýarlyk işlerini geçmelidiklerini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň