Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly ösüş gazanylýar

11:2010.07.2017
0
1521

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oňat ösüş derejesi gazanyldy. Bu barada ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde aýdyldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça has oňat görkezijiler gazanyldy. -- seredilýän döwürde awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 120 göterime ýetirildi. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde 121 we 110 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, pudak üçin häzirki zaman tehnikasy satyn alynýar. “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ygtyýaryna “Boeing-737-800” uçarlarynyň ikisi gelip gowuşdy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnama 181 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy dolanyşygy boýunça ösüş depgini 128 göterime deň boldy.

2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türkmen aragatnaşykçylary 226 müň telefon nokadyny, şol sanda 211 müň öýjükli hem-de 15 müň ýerli telefon belgilerini gurnadylar, şunda meýilnama 186 göterim berjaý edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň