Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy

23:5104.07.2017
0
8221

4-nji iýulda Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan  —  Uýgur awtonom oblastynyň  hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy.

Foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň dürli welaýatlarynyň senagat kuwwatyna wekilçilik edýän kompaniýalaryň hem-de firmalaryň 70-e golaýynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem bar. Köp ýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda olar bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ägirt uly oňyn tejribe toplanyldy. Olaryň hatarynda Hytaýyň Birinji awtomobil korporasiýasy (FAW), ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan milli nebitgaz korporasiýasy (CNPС), nebitgaz pudagy üçin enjamlary öndürýän “Jeren” kompaniýasy, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda iri hyzmatdaş bolan “Huawei” kompaniýasy hem-de ýurdumyza getirilýän energiýa üpjünçilik ulgamlary üçin kuwwatly elektron transformatorlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan TBEA  Group we beýlekiler bar.

Sergä gatnaşýanlaryň köpüsi Türkmenistanda ilkinji gezek öz mümkinçiliklerini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary görkezýärler. Olaryň aglabasy ýurdumyzyň köptaraply ykdysady kuwwatyndan habarlydyr we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge çalyşýarlar.

Hytaýyň iri köp ugurly kompaniýalary we kärhanalary hem-de eksport we import boýunça halkara söwda agentlikleri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Olaryň hatarynda elektroenergetika enjamlaryny öndürýän “Xinjiang Longbo Electical & Mechanical Equipment” kompaniýalary bar. “Quinghai Dekun Electronic technology” kompaniýasy energiýany tygşytlaýan lampalary we yşyklandyryş ulgamlaryny hödürleýär. Gurluşyk serişdeleri ulgamynda alýuminiý profillerini iberýän “Shandong Guangyao Super-Thin Glass”, “Zhangjiagang City Best Machinery “ kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.  “Xinjiang Tianshan agriculturial Yu  Aviation  Technology”  kompaniýasynyň oba hojalygynyň zerurlyklary üçin niýetlenen uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de keselleri anyklamak üçin ekspres — testleriň müňden gowrak görnüşini işläp taýýarlan, saglygy goraýyşda biotehnologiýalary döredýän “Wondfo Biotech” kompaniýasynyň teklipleri hem gyzyklydyr.

Dürli içgiler, kosmetika we parfýumeriýa üçin furnituralary çykarmaga ýöriteleşdirilen “Shaoxing Taihe Aluminium  —  Plastic Packing” kompaniýasynyň diwarlyklary köp öwüşginliligi bilen özüne çekýär. Degişli  aksessuarlary öndürýän “Zhejiang Tianyuan Furniture” kompaniýasynyň önümleri mebel pudagynda işleýän telekeçilerimizi gyzyklandyryp biler. “Atushi City Boxin Commerce & Trading” söwda agentliginiň diwarlyklarynda hödürlenýän aşhana esbaplary täsin bezegi we inçeligi bilen tapawutlanýar.

Hytaý eksportunyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýokary hilli dokma önümleri we halylar bar. «Xinjiang Fulizhenglun Spinning», «Aketao County Pamier Cashmere Industry», «Kizilsu Fuliming Clothing», «Xinjiang Haerke Garment Co., Ltd.», «Bachu County Jinquan Runhe Carpet Manufacture», «Xinjiang Kaili Carpet Textile», «Qinghai Tibetan Sheep Group» kompaniýalary tarapyndan şu önümleriň köp görnüşleri,  şol sanda kaşemir ýaglyklary we beýleki örme önümler, ajaýyp ýüpek örtgüler hem-de tutular, täsin tibet halylary hödürlenilýär.

Serginiň aýratyn bölümi HHR-iň azyk pudagynyň dürli önümlerini görkezýär. Şol önümler öňdebaryjy ylmy tehnologiýalaryň hem-de hytaý halkynyň milli medeni däpleriniň esasynda öndürilýär. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlary we sergä gelýänleri Sinhaý welaýatynyň bol hasylly meýdanlarynda ýetişdirilýän hytaý ýaklarynyň etinden taýýarlanan önümler, oblepiha miwesinden taýýarlanan örän süýji we ýokumly önümleriň köp görnüşi («Xinjiang Jinzhiyuan Biology technology»), şeýle hem  «Altay Xinji international trading», «Atushi Green Agricultural Importand Export», «Qinghai Ping'an Shenghe» we beýleki kompaniýalaryň miweleri hem-de nygmatlary, tohumlary we hozlary özüne çekýär.

Sergide milli çaý içişlik medeniýetiniň ýörelgeleri esasynda taýýarlanan özboluşly hytaý çaýyndan dadyp görmek we baha bermek bolýar.

Sergi özi işini 6-njy iýula çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň