Halkara ekologiýa forumynyň jemleri jemlenildi

00:2408.06.2017
0
471
Halkara ekologiýa forumynyň jemleri jemlenildi

7-nji iýunda Aşgabatda “Merkezi Aziýada daşky Gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly maslahat Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy.

200 töweregi wekiliň gatnaşmagynda ilkinji gezek şeýle ölçegde geçen bu forum sebit we global meseleler boýunça möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýurdy bolanTürkmenistanyň halkara gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini ýene bir gezek tassyklaýar. Maslahata degişli ministrlikleriň we edaralaryň, beýleki döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, milli parlamentleriň deputatlary, abraýly halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň, ylmy we işewür toparlarynyň, dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Umumy mejlisiň we aýry-aýry bölümçeleriň dowamynda tebigaty goramak we durnukly ösüş, suwdan ýerlikli peýdalanmak, klimatyň global üýtgemegine uýgunlaşmak babatynda sebitara we halkara hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alşyldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetiniň ýolbaşçylary döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalary, bu ugur boýunça gazanylýan netijeleri we geljekki meýilnamalary bilen ýakyn baglanyşykly milli tebigaty goraýyş strategiýalary bilen tanyşdyrdylar.

BMG-niň ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-niň çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň sekretariatlarynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramalarynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa merkezleriniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleri öz çykyşlarynda bu mesele boýunça  bar bolan tejribeleri seljerdiler.

7-nji iýunda interaktiw görnüşinde mejlisler geçirildi. Gidrometeorologiýa gulluklarynyň hem-de birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň peseldilmegi üçin mümkinçilikler”, “Ýaşyl maýa goýumlar durnukly ösüşe mümkinçilik açýar” diýen tanyşdyryşlar bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda Merkezi Aziýanyň daglyk sebitlerinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatynda taslamalar, şeýle hem oba hojalygynda, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, nebitgaz toplumynda, ýaşaýyş jaý gurluşygynda we beýlekilerde energiýanyň netijeliligini we energiýa tygşytlanylşyny ýokarlandyrmak boýunça toplanylan tejribeleriň jemleri jemlenildi.

Duşuşygyň jemlerini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa üçin daşky gurşaw” hereketini goldaýandyklaryny beýan etdiler. Wekiliýetleriň baştutanlary Aşgabatda halkara ekologiýa forumyny geçirmek başlangyjyna ýokary baha berdiler, indiden beýläk şeýle forumlary sebitiň ýurtlarynyň her birinde nobatma-nobat geçirmek karar edildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň