Soňky habarlar

Arhiw

“Belet Wideo” programmasynyň giňişleýin derňewi

2
96216

Häzirki zaman smartfonlar özündäki bar bolan mümkinçilikleri bilen kompýuterleriň ýerini arkaýyn tutup bilýär. Olaryň kömegi bilen diňe aýdym-saz diňlemän, eýsem edil HK-däki ýaly işlemek, şeýle-de uly bolmadyk roliklere hem-de doly görnüşli filmlere tomaşa etmek bolar.

“JAN Technologiýa” kärhanasynyň hünärmenleri YouTube programmasyna  çalymdaş “Belet Wideo” atly ykjam goşundysyny türkmen peýdalanyjylar üçin döretdiler. Bu goşundy ýörite saýlanan wideorolikleri, multiplikasion we çeperçilik filmleri, dürli gepleşikleri, habar, oýun, saz we aşpezlik kanallaryny onlaýn görmäge mümkinçilik döredýär. 

Platforma

“Belet Wideo” häzirki wagtda Android ulgamy üçin elýeterlidir we ony Play Marketden ýüklap bolýar, geljekde bolsa bu goşundynyň IOS ulgamy üçin elýeter bolmagyny hem gazanmak meýilleşdirilýär. 
Interfeýs

Programma gurnalandan soňra ykjam telefondaky belgi arkaly hasaba alynmaly, şeýlelikde, siziň öz şahsy hasabyňyz dörediler. Ekranyň aşaky böleginde esasy sahypa geçirýän salgylanmaly, kanallaryň sanawy, görülen wideolaryň taryhy we hasaba degişli gurallar bar. Programmanyň interfeýsi belli bir derejede YouTube meňzeş, ýöne detallary tarapdan sadalaşdyrylan.

Esasy sahypada ulanyja, onuň ýazylan ýa-da ýygy-ýygydan görýän kanallaryndan alnan wideolar  hödürlenýär. Şol ýa-da beýleki kanallaryň wideolaryny oňa ýazylmazdan görmek üçin onuň şekiline basmak ýeterlikdir – şeýle etmegiňiz bilen size wideorolikleriň sanawy açylar. “Gözleg” funksiýasy zerur wideony gysga wagtda saýlamak üçin hyzmat edýär. 

“Kanallaryň sanawy” bölüminde häzirki wagtda elýeterli bolan ähli kanallary görüp bolar. Bu kanallaryň her birine ýazylyp bolşy ýaly, muny etmezden hem wideolary görmek mümkinçiligi-de bar. Bu goşundyda körpeler üçin multfilmli kanallardan, melodramalary görmek üçin kanallardan, aýdym-saz, sport, bilim, gülki, habar we ş.m. kanallardan peýdalanmak bolar.

Görülen ýerleriň taryhynda ulanyjynyň gören wideolary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. 

“Akkaunt” bölümde ulanyjynyň hasaby, şeýle-de ony doldurmak mümkiçiligi baradaky maglumatlar bilen tanyşmak mümkindir, goşundynyň kemçiliklerini aradan aýyrmak üçin “gaýtadan ýükleme” ýa-da “ýapmak” düwmeleri, şeýle-de programmany işläp düzüjiler bilen habarlaşmak üçin maglumatlary hem ýerleşdirilendir.

24/7 düzgüninde tehniki goldawyň hereket edýändigini aýratyn bellemeli zatlaryň biridir. “Akkaunt” bölüminde görkezilen belgileriň ýa-da ChatsUp habarnamasynyň üsti bilen sorag bermek, täze wideony goýmak islegi bildirmek, maslahat soramak ýa-da arz-şikaýat etmek mümkindir. 

Tölegi

Goşundyny ulanmagyň ilkinji hepdesi mugt bolup, onuň soňraky müşderi tölegi aýda 10 manat. Tölegi hut öýjükli telefonyň özünden amala aşyrmak mümkin. Munuň üçin siziň hasabyňyzy görkezýän akkaunta girip, “Doldurmak” düwmesini basmak gerek. Size tölegi “Altyn Asyr” kartyňyzdan ýa-da TM Cell hasabyňyzdan amala aşyrmak hödürlener.

Tölegi “Altyn Asyr” kartynyň üsti bilen amala aşyrmak saýlananda öz kartyňyzyň nomerini we kart eýesiniň adyny tassyklamaly bolarsyňyz. Tölegiň jemi bahasy ýokarda agzalyşy ýaly – 10 manat. Bu hyzmat diňe “Altyn Asyr” kartyna elýeterdir, ýöne hünärmenler Daşary ykdysady Bankyň “Milli kartyny” hem çatmagy meýilleşdirýär.

Eger töleg TM Cell hasabyňyz bilen doldurmagy saýlan bolsaňyz, telefonyňyza “Saraý” atly programmasyny ýüklemeli bolarsyňyz (bu goşundynyň salgylanmasyny “Töleg” bölüminde bank kartynyň salgylanmasynyň edil aşagyndan tapyp bilersiňiz), şol goşundyny açyp, “Onlaýn töleg” düwmesini saýlamaly. Soňra ekranyňyzda sanaw çykar, içinden “Belet Wideo”-nyň aşaky böleginden salgyny saýlap bilersiňiz. Öz ykjam belgiňizi we tölegiň jemi mukdaryny girizmeli, soňunda-da TM Cell hasabymdan tölemek” düwmesini basmaly bolarsyňyz.

 “Mango” terminallary, giňişleýin hyzmaty hödürleýän öýjükli aragatnaşyk tölegleriň köçe terminallary  – tölegiň ýene bir görnüşi.

Ulanyjynyň akkaunt hasabynyň ýagdaýy diňe goşundynyň özüne degişlidigini belläp geçmek zerurdyr, ýagny, onuň TM Cell bilen baglanşygy ýok we goşundyny ulananyňyz üçin tölegler TM Cell hasabyňyzdan awtomatiki usulda alynmaz. Ýöne ykjam internediň ulanylmagynda wideo görülen ýagdaýynda sarp edilen trafik üçin aýratyn töleg tölenýändigini hem aýtmak gerek. 

Eger goşundynyň hasaby 10 manatdan köp doldurylan ýagdaýynda, abonent tölegi her aýda awtomatiki usulda amala aşyrylar.

Häzirki wagtda goşundynyň 20 000 ulanyjysy bar we görülmeleriň sany 200 000-den geçdi. Goşundynyň wideo bazasynda wideo sany 1 200 000  müňe barabardyr we onyň sany günde diýen ýaly artmak bilen. 

Bu goşundy aýratyn hem körpeleriň, öý bikeleriň, hat-da nepagadaky ýaşy uly adamlaryň, şeýle-de bilim beriji wideolary görüp ýa-da öz tejribesini artdyrmak üçin wagtyny peýdaly geçirmek isleýänleriň hem göwnünden turar.

“JAN Technologiýa”-nyň bu ilkinji taslamasydyr. Geljekki meýilnamada –  diňe filmleri, bölümli filmleri we multfilmleri görmek üçin niýetlenen “Belet Films” programmasyny döretmek bar. Has giňişleýin maglumatlar şu salgyda elýeterlidir.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Turkmenstyle ( 04.02.2021 )

"Видео база приложения насчитывает 1 200 000 тысяч видео..." Извините, а 1 200 000 тысяч это сколько?)

598
Meňzeş makalalar