Top.Mail.Ru

Wirtual sergi - hyzmatlary, önümleri, sungaty görkezmek üçin iň oňat çözgütdir

0
89193

Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak boýunça işler dowam edýär we internet arkaly adamlar döwlet we hususy kärhanalar tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar we önümler baradaky ähli maglumatlary alyp bilerler.

Global epidemiýanyň dowam edýän kyn döwründe, bütindünýä boýunça internet ulgamy sergi meýdançasyny guramak ýaly birnäçe meseläni çözýär.

Türkmenistanda ilkinji gezek Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wirtual serginiň geçirilmegi, ýurdumyzyň sergi sungatynyň täze sanly eýýamynyň başlangyjy bolar. Ýakyn geljekde islendik pudak, edara ýa-da kärhana 3D modeller arkaly öz üstünliklerini dünýä görkezip biler!

Geliň, wirtual serginiň hakykatdanam nämedigini göreliň?

Wirtual sergi, munuň üçin ýörite taýýarlanan internet gurallaryny ulanyp, wirtual şekilleriň internetde görkezilmegidir. Şeýle hem, görmek, tanyşmak we ulanmak üçin wirtual stendleriň, ekspozisiýalaryň umumy elýeterliligi möhümdir. Internet sergisiniň guralmagynyň býudjeti ep-esli tygşytlaýandygyny göz öňünde tutsak, şular ýaly ekspozisiýalaryň gymmatlylygy şübhesizdir.

Wirtual serginiň maksady, köp sanly myhmanlary belli bir üstünlikler, täzelikler, çeper eserler, kitaplar bilen tanyşdyrmak we her sergi barada jikme-jik maglumat bermekden ybarat.

Şeýle sergi - ykjam, manyly we giňişleýin maglumat akymynda hakyky gollanma bolup durýar.

Aýratynam meşhur bolan wirtual sergiler:

  • Senagat
  • Durmuş-ykdysady
  • Tehnologiki
  • Oba hojalygy
  • Muzeý
  • Kitap dükany
  • Lukmançylyk

Wirtual sergä gatnaşyjylaryň alýan käbir peýdalaryna göz aýlalyň.

1. Ilki bilen, islendik hyjuwly pikirleri durmuşa geçirmek üçin çäksiz giňişlikdir. Tehnologiýa döwründe 3D formatly jikme-jik maglumatlar bilen ideal serginiň ähli arzuwlaryny özünde jemläp biler. Indi sahypany ösdürmegiň wagtyny we gurallaryny saýlamagyň wagty barada alada etmegiň zerurlygy bolmaz, wagtyňyzy öz stendiňizi döretmegiň döredijilik işine sarp edip bilersiňiz.

2. Tomaşaçylaryň giň gerimi. Galyberse-de, gelýänleriň akymy indi belli bir geografiki giňişlik we günüň wagty bilen çäklenmez. Bar etmeli zadyňyz, internete birikmek arkaly dünýäniň islendik künjeginden islendik adam sergi stendlerini görüp biler!

3. Wirtual giňişlik, sergä gatnaşyjylaryň köpüsini ýerleşdirmäge ukyply, sebäbi stendler çäksiz mukdarda döredilip bilner!

4. Maýadarlaryň halaýan stendi indi märekäniň içinde “ýitmez”, ony elmydama tapyp, stendiň eýesi bilen habarlaşmak arkaly iş gatnaşyklaryny ýola goýup bilersiňiz.

Bu, sergä gatnaşyjylar üçin wirtual sergileriň ähli artykmaçlyklarynyň kiçijik sanawy, şular ýaly sergiler peýdalydygy hem ýeňilligi, şeýle-de wagt tygşytlylygy bilen sergä gelýänlere sergi meýdançasynda gezip ýadamazdan mahabatlandyrylan ähli stendleri jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtyň özünde, wirtual sergiler adaty sergilere garanda ekologiýa taýdan arassa we ygtybarly, sebäbi bu ýerde daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ep-esli azalýandygyny görmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar