Hereket tizliginiň sagatda 10 kilometrden ýokary artdyrylmagy duýduryşmy ýa-da jerime diýen sorag soňky döwür sürüjleriň arasynda has köp ýüze çykýar.
Sowalymyza dogry jogap almak üçin degişli düzümleriň hukukçylary bilen maslahatlaşdyk we şeýle resmi jogap aldyk.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksiniň 214-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy üçin duýduryş berilmegine getirýär, ýagny sürüji 10 km/sag çenli tizligini ýokarlandyran halatynda oňa duýduryş yglan edilýär.
Mysal üçin: 60 km/sag hereket tizlik bilen etmeli ýerde 70 km/sag hereket tizligi bilen hereket eden awtoulagyň sürüjisine duýduryş berilýär. 71 km/sag hereket eden sürüjä 50 (elli) manat jerimesi salynýar.
Şunuň bilen birlikde, ýokardaky görkezilen Kodeksiň 43-nji maddasyna laýyklykda, duýduryş administratiw temmisiniň bir görnüşi bolup, fiziki ýa-da ýuridik şahslara bikanun hereketleriň ýol berilmesizligini resmi taýdan ýatlatmak çäresi bolup durýar.
Hormatly sürüjiler, bellenilen hereket tizliginiň talaplaryny berjaý etmegiňizi maslahatyny berýäris.
Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy!