Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara belleniýän jerimeleriň sanawy (2020)

8
469834

Köçe-ýol hereketleri boýunça bilimiňizi artdyrmak, öz hukuklaryňyza we borçlaryňyza düşünmek, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekili bilen duşuşykda ynamlylyk üçin şu ýatlatmany öz ýanyňyzda göteriň!

Ýatlatmanyň türkmen we rus dillerindäki gysga hem-de oňaýly görnüşlerini şu ýerden alyp bilersiňiz!

210

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan, ýagny duruzyş ulgamy, rul dolandyryşy we dartyjy-birleşdiriji enjamlary näsaz bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

 

 

50 manat

211m1b

Ýol hereketiniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän, ýagny  aýnalary ýa-da yzy görüş aýnalary, lukmançylyk derman gutujyklary, ot söndürijisi, ýol-ulag hadysasy sebäpli duruş nyşany, eňňide tarap süýşmez ýaly diregleri, şonuň ýaly-da motoulaglaryň gurluşlarynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk egmegi bolmadyk ulag serişde­leriniň dolandyrylmagy

 

 

 10 manat

 

211m2b

Ýol hereketine gatnaşýan sürüjiler tarapyndan motoşlýomlary  ýa-da howpsuz­lyk kemerini ulanmak kadalary­nyň bozulmagy ýa-da ulag seriş­desiniň ýolagçylarynyň bu kadalary berjaý etmegine gözeg­çilik edilmezligi -

 

20 manat

 

211m3b

Öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler (şekil görnüşde hasaba alyş enjamdan başga), ýagny ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan abzallar we tilsimler (prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hem bellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulan dürli örtükler (muňa ulag serişdelerinde iki tarapynda yzy görüş daşky aýnalary bolan we sürüjiniň oturan ýerinden töweregi görüşini çäklendirmeýän halatlary girmeýär)) hem-de ulaga bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän tekerler bilen enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulanylmagy–

 

 

 

100 manat

211m4b

Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilenlerden beýleki dürli närseleriň  ulag serişdelerinde goýulmagy -

50 manat

211m5b

Ulag serişdeleriniň daşky yşyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem hapalanan (aýnalaryndan daşyny, döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da kysymyny, reňkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulag serişdeleriniň, şol sanda daşky yşyk abzallary we yşyk gaýtaryjylary işlemeýän ýa-da hapalanan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy –

 

 

30 manat

 

212m1b

Bellenilen tertipde bellige alynmadyk, döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik, bellenilen nusga laýyk gelmeýän döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da ýük awtoulaglaryň, tirkegleriň, awtobuslaryň nowasynyň yz tarapynda gaýtalanýan döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny okamak mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da degişli rugsat almazdan başga reňke reňklenen ýa-da awtoulagyň başga bir görnüşine ýa-da kysymyna üýtgedilip gurlan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk mahabat we mahabat görnüşli maglumat beriji ýazgylary bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

 

 

 

 

50 manat

212m2b

Döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

100 manat

212m4b

Ulag serişdesiniň bellige alyş we beýleki resminamalary ýanynda bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

10 manat

213m

Hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy (telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) hereketleriň edilmegi ýa-da ulag serişdesiniň onuň daşyna beden synalarynyň görnetin çykarylyp dolandyrylmagy

 

 

100 manat

214m2b

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy-

50 manat

214m3b

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede  artdyrylmagy

 

200 manat

2141m1b     

 

Ýol belgileriniň (hereketde artykmaçlygy görkezýän, gadagan ediji, buýruk beriji belgileriň) ýa-da ýollaryň ýörelýän bölegindäki bellikleriň, hereketde artykmaçlyk bermek talaplarynyň berjaý edilmezligi, ozup geçmek, pyýada geçelgelerinden geçmek ýa-da jemgyýetçilik ulagyny duruzmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem garaňkyda ýa-da ýol oňat görünmeýän wagtynda yşyklandyryjy abzallary peýdalanmak kadalarynyň berjaý edilmezligi -

 

 

50 manat

 

2141m2b 

Ýol yşygynyň gadagan edýän duýdurmasyna ýa-da hereketi düzgünleşdirijiniň eli, ala taýagy bilen edýän üm-hereketine garaman geçilmegi

200 manat

2141m3b 

Ulag serişdeleriniň durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy

100 manat

2141m4b 

Ulag serişdeleriň pyýada ýodalarynda sürülmegi, säginmegi ýa-da goýulyp gidilmegi, şonuň ýaly-da ulag serişdeleri bilen ýaşaýyş jaýlaryna, binalara, desgalara we gurluşlara barylýan geçelgeleriň, ýollaryň, girelgeleriň ugurlarynyň beklenilmegi

 

 

100 manat

215m

Şu Kodeksiň 214-nji, 2141-nji maddalarynda göz öňünde tutulan we heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren, ýagny herekete beýleki gatnaşýanlaryň tizligi, hereketiň ugruny üzül-kesil üýtgetmäge mejbur bolmagyna ýa-da olaryň öz howpsuzlygyny ýa-da ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaýry çäreleri görmegine getiren hukuk bozulmalaryň edilmegi

 

 

400 manat

216m

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýolagçylary gatnatmak kadalarynyň bozulmagy

100 manat

218m

Ulag geçirijileriniň gabalmagynyň guralmagy, şonuň ýaly-da olaryň gabalmagyna işjeň gatnaşylmagy, eger bu ýol hereketiniň kesilmegine ýa-da ulagyň işiniň başga bozulmalaryna getirmedik bolsa

Fiziki şahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat

219m1b

Ulag serişdelerinde tirkege almak kadalarynyň bozulmagy

50 manat

219m2b

Ýüküň ulag serişdesini taýýarlaýjy tarapyndan kesgitlenen möçberinden artyk ýüklenip daşalmagy ýa-da ulag serişdelerinde ýükleri daşamak kadalarynyň gaýry bozulmalary

200 manat

221m

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan demir ýol geçelgelerinden geçmek kadalarynyň bozulmagy

200 manat

222m3b

Ulag serişdeleriniň görnetin serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi

600 manat

222m6b

Ulag serişdeleriniň ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan sürüjä ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmaga goýberilmegi -

100-300 manat çenli jerime

223m1b

Şu Kodeksiň 210-njy, 214-nji, 2141-nji, 221-nji we 231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýol hereketi kadalarynyň ýol hereketine gatnaşýanlar tarapyndan bozulmagy, eger bu zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyna çenli möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, şonuň ýaly-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama ulag serişdesiniň dolandyrmaga berilmegi we onuň şeýle netijelere eltmegi –

 

 

 

200 manat

223m2b

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksde göz öňünde tutulan gaýry bozulmalary, eger olar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -

100 manat

223m3b

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 233-nji maddasynda göz öňünde tutulan bozulmalarynyň ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi üçin gös-göni jogapkär wezipeli adamlar tarapyndan edilmegi, şeýle hem olar tarapyndan dolandyrmak hukugy bolmadyk adama ulag serişdelerini dolandyrmaga berilmegi, eger bu şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -

 

 

200 manat

 

226m

Ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerwenleriniň hataryny ýa-da pyýadalaryň guramaçylykly toparlaryny kesip geçmek we olaryň düzümine goşulmak, eger bu ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim döredilmegine getiren bolsa

 

 

100 manat

228m1b

Ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugyny tassyklaýan sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem olary dolandyrmaga hukuk berýän ynanç haty ýanynda bolmadyk adamlaryň şol serişdeleri dolandyrmagy -

 

50 manat

228m2b

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adamlaryň ulag serişdelerini dolandyrmagy, şeýle hem ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi

 

200 manat

228m4b

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi

400 manat 

231m1b

Pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünleşdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serişdelerini dolandyrýan adamlaryň, arabakeşleriň hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi

 

 

20 manat

 

231m2b

Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren bolsa,

100 manat 

232m

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 210–231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryndan gaýry bozulmalary

10 manat

 

233-nji madda

Ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serişdeleriniň, şonuň ýaly-da tehniki näsazlyklary sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýa-da degişli rugsat almazdan üýtgedilip enjamlaşdyrylan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi

 

 

100 manat

234m1b

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi

200 manat

234m2b

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi

300 manat

237m4b

Awtomobil ulagynda howply ýükleri daşamagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy

fiziki şahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat

243m1b

Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy-

30 manat

243m2b

Ýol örtügini hapalamak, şol sanda hapalamak arkaly ýol hereketi üçin päsgelçilik döredilmegi-

100 manat 

243m3b

Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy ýa-da ulag serişdesiniň gödek dolandyrylmagy-

200 manat

2431       

Ygtyýarly döwlet edarasyndan ýörite rugsatnama almazdan umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden ýokary bolan ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginiň kadalarynyň bozulmagy

 

fiziki şahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat, ýuridik şahslara 400 manat 

Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi

 
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
DurdYMERET ( 08.08.2020 )

Бай був!!!

1027
Abdy12345 ( 08.08.2020 )

Молодцы сотрудники туркменпортала. Можно побольше информации с сфере ГАИ???

1030
batya224 ( 08.08.2020 )

Tuweleme peydaly maglumat hemmelere

1014
Geldigeldi ( 08.08.2020 )

Повреждение дорог, железнодорожных переездов, других дорожных сооружений или технических средств регулирования дорожного движения 30 манат Статья 243 часть 2 Загрязнение дорожного покрытия, в том числе создание помех для дорожного движения путём загрязнения 100 манат Интересный момент. Загрязнение дороже чем повреждение.

1018
Arslan82 ( 10.08.2020 )

вся информация о правонарушениях есть на сайте мин. юстиции.(minjust.gov.tm), в административном кодексе Туркменистана. Основные статьи с 210 по 232, 524 и 525.

1009
Arslan82 ( 10.08.2020 )

В статье 211 часть 3 написано: ( а также тонированные или зеркальные стёкла, установленные с нарушением правил, различные занавеси на стёклах (за исключением случаев, когда на транспортных средствах имеются наружные зеркала заднего вида с двух сторон и обзор не ограничивается с места сидения водителя)., но сотрудники службы дорожного надзора игнорируют этот пункт. Где и как тонировать авто без нарушений правил. И как быть в таком случае, если окна или занавесы установлены заводом изготовителем.

1018
soyegow2011 ( 19.08.2020 )

Напишите пожалуйста статью про автомобилей, какие легковые автомобили не дозволены для эксплуатации в городе Ашхабад? Гос автоинспекция не оформляет купленные машины в примере: двухдверные опель виты, даево тика с объемом мотора 0.8 ..хотелось бы узнать от имени многих граждан, какие легковые автомобили они не оформляют купли-продажи и технический не осматривают (техосмотр-то есть не проходят тех осмотр). Просим от имени нескольких граждан связаться с ГАИ проконсультироваться и написать статью

1008
Meňzeş makalalar