Soňky habarlar

Arhiw

Bank kartlary bilen bagly döräp biljek birnäçe meseleler we olaryň çözümi

1
34970

1. PIN kody üç gezek ýalňyş girizdiňiz we kart blokirlendi. Näme etmeli?

Kart blokirlenen bolsa, kartyňyzy çykaran bankyňyza jaň ediň. Bankyň telefon belgisi kartyň arka tarapynda ýazylgy bolýar. Bank kartlary boýunça sorag-jogap gullugyna jaň edip ýa-da arza bilen ýüz tutup kartyňyzy blokdan açdyryp bilersiňiz.

2. PIN kody ýatdan çykardyňyz. Näme etmeli?

Eger bank kartyňyzyň PIN koduny ýatdan çykaran bolsaňyz, degişli bankyňyza arza ýazyp, täzesini alyp bilersiňiz. Size PIN bukjasy berler.

3. Bank kartyňyz bankomatyň içinde galdy. Näme etmeli?

Tehniki ýa-da aragatnaşygyň näsazlygy sebäpli kartyňyz käte bankomatyň içinde galyp bilýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda alada etmäň! Bankomatda görkezilen telefon belgilerine jaň ediň we gysga wagtyň içinde kartyňyzy şol bankomatdan alyp size gowşurarlar. Sizden şahsyňyzy tassyklaýan resminamalar talap edilip biliner.

4. Bank kartyňyz ýok we onuň üsti bilen tölegler edilýär. Näme etmeli?

Telefon belgiňize tölegler edilendigi ýa-da nagt pullaryň çekilendigi barada SMS habary gelse we kart siziň özüňizde bolmasa, ýagny ýitirendigiňize göz ýetirseňiz, dessine karty çykaran banka jaň edip ony blokirlediň. Yzy ýany, banka baryp, zerur resminamalary dolduryp, şol amallaryň hakykatdan hem siz tarapyndan ýerine ýetirilmändigini subut etmeli. Şeýle ýagdaýlarda bank degişli tertipde meseläňize sereder. Şol sebäpli, bank kartyňyzyň PIN koduny hiç haçan hiç kime aýtmaň we kartyň ýüzünde ýazmaň, ony ýatda saklajak boluň. Beýleki maslahatlar barada şu ýerde okap bilersiňiz.

5. Bank kartyňyzdan töleg edeniňizde pul iki gezek alyndy. Näme etmeli?

Şeýle ýagdaýlarda “Internet-bank” ýa-da “Mobil-bank” ulgamyna girip şol amalyň dogrudygyna ýa-da däldigine göz ýetiriň. Käwagt SMS-ler ýalňyş gelmegi ahmal. Iki gezek töleg alynsa, meseläni dükanyň administrasiýasy bilen çözmäge synanyşyň. Eger olar bilen düşünişip bilmeseňiz, ähli çekleriňizi alyp, bank kartynyň degişli bankyna arza bilen ýüz tutuň. Bu halatda size bank hökman ýardam berer. Kä halatlarda biraz garaşsaňyz, ýalňyş alnan töleg özi awtomatiki usulda yzyna gaýtarylýar.

6. Söwda we hyzmat üçin töleg edeniňizde satyjy bank kartyňyzy töleg terminalyna öz ýany bilen alyp gidýär. Näme etmeli?

Kartyňyzyň alnyp gidilmegine ýol bermäň! Töleg edilende hökmany suratda ýanynda boluň we kartyňyzy öz gözegçiligiňizde saklaň! Şeýle-de, PIN kody özüňiz giriziň! Bolmasa bank kartyňyzyň maglumatlary başga kişileriň elinde bolup biler.

7. Başga biriniň bank kartyny tapdyňyz. Näme etmeli?

Kartyň degişli bolan bankyna jaň ediň we kartyň maglumatlaryny beriň, şeýle hem habarlaşmak üçin öz telefon belgiňizi goýuň.

Iň dogry çözgüt bolsa – karty degişli bankyna eltip bermek. Bankyň özi şol müşderi bilen habarlaşyp, zerur bolan işleri geçirer.

8. Karty ýitirdiňiz ýa-da kart zaýalandy. Näme etmeli?

Bu ýagdaýda kartyňyzy blokirläp, degişli banka baryň we täzesini açmak barda arza ýazyň. Gysga wagtyň içinde size täze karty açarlar.

9. Iş ýeriňizi çalyşdyňyz ýa-da kartyňyza aýlyk geçenok. Näme etmeli?

Eger iş ýeriňizi üýtgeden bolsaňyz, şol ýeriň buhgalteriýasy size täze kart almalydygyny ýa-da öňkini ulanmaga mümkinçiligiň bardygy ýa-da ýokdugy barada aýdar. Eger öňki kartyňyzy ulanmakçy bolsaňyz, onuň rekwizitlerini täze buhgalteriýaňyza beriň. Kartyň rekwizitleri adatça buhgalteriýada bolýar ýa-da bankdan alyp bilersiňiz.

Eger kartyňyza aýlyk geçmese, buhgalteriýaňyza ýüz tutuň, ýa bolmasa degişli bankyňyza. Şeýle hem, kartyňyzyň rekwizitlerini özüňizde saklamagy endik ediniň. Rekwizitler kart bilen bile berilýär.

Şeýle hem okaň:

“Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary

“Maşgala” bank karty

“Altyn asyr” bank kartlaryna SMS hyzmatyny birikdirmek

Peýdaly wideony sypdyrmaň: Oturan ýeriňizden internet üçin tölegi nädip tölemeli?

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
DurdYMERET ( 26.08.2020 )

8 пункт прикольный- В краткий срок вам откроют новую карту..это наврядли

265
Meňzeş makalalar