Soňky habarlar

Arhiw

Fotoaparat satyn alnanynda nämelere üns berilmeli?

0
2427

Döwrümizde sanly tehnologiýanyň ýokary tizlikde ösmegi fotoaparatlar dünýäsine hem öz täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda dükanlarda ýüzlerçe görnüşli sanly fortoaparat bar. Emma bahasy taýdan elýeterli, surata düşürişi taýyndan ýokary hilli, ähli babatda göwnüňden turaýjak fotoaparaty satyn almak welin, aňsat däl. Çünki biziň isleýän ähli aýratynlyklarymyz bir fotoaparatda jemlenmän bilýär. Eýsem, munuň üçin näme etmeli?

  • Ilki bilen fotoaparat almakdaky esasy maksadyňyzy we munuň üçin niýetleýän puluňyzyň möçberini kesgitläň. Çünki fotoaparatlaryň bahasy olaryň ulanylýan maksadyna görä üýtgeýär. Eger-de fotoaparaty maşgalaňyzda ýa-da gezelenje gideniňizde surata düşürmek üçin alýan bolsaňyz, onda siziň islegiňizi kanagatlandyrjak fotoaparat üçin beýle bir köp çykdajy etmeseňiz hem bolar.
  • Internet ulgamyndan fotoaparatlaryň tehniki häsiýetnamasyny berýän saýtlarda olaryň bahalaryny, hilini, aýratynlyklaryny deňeşdirip görüň. Mundan başga-da, surata düşürmek bilen meşgullanýan tanyşlaryňyzdan maslahat sorap bilersiňiz.
  • Haýsy fotoaparatyň megapikseli uly bolsa, şol hem surata gowy düşürýändir diýip pikir etmäň. Eger-de suratyň hili diňe megapiksele bagly bolan bolsa-dy, onda jübi telefonlary bu günki gün fotoaparatlaryň ýerini alardy. Emma megapikselden başga-da, suratyň hiline täsir edýän birnäçe tehniki aýratynlyklar bar. Olara mysal edip, obýektiwiň ölçegini, linzalaryň hilini, optiki ýakynlaşdyryşyny, ýagtylandyryjynyň we batareýanyň güýjüni görkezmek bolar. Eger-de obýektiwiň ölçegi uly bolsa, onda 4 – 6 megapiksel aralygy ýeterlikdir. Emma ölçegi 20x30 we ondan uly suratlary düşürmek isleseňiz, uly megapiksel hökmandyr.
  • Haýsy-da bolsa bir kysymly fotoaparata ünsüňizi gönükdiriň. Häzirki wagtda Canon, Nikon, Sony, Olympus ýaly kompaniýalaryň öndürýän fotoaparatlary iň köp isleg bildirilýänlerdir. Mysal üçin Nikon almak isleýän bolsaňyz, onda onuň birnäçe modelleri bilen gyzyklanyp görüň.
  • Kämil fotoaparatlaryň aglabasynda wideo hyzmaty bolýan däldir. Çünki olar diňe surata düşürmek üçin ýöriteleşdirilendir.
  • Düşüren suratlaryňyzy görkezýän ekranynyň uly bolmagyna üns beriň.
  • Batareýasynyň zarýad saklaýyjylyk we fotoaparatyň zarýady tygşytly ulanyjylyk häsiýetini gözden salmaň.
  • Fotoaparatyň göwrümi hem möhümdir. Elbetde, kiçi fotoaparatlar götermäge, ýanyň bilen äkitmäge amatly bolsa-da, olaryň ýagtylygy kabul edijilik häsiýeti pes, linzalarynyň ölçegi hem kiçi bolýar.
  • Daş görnüşi owadan, nätanyş kysymly, arzan bahaly fotoaparatlardan daşda duruň. Gymmat alyň, emma gowusyny alyň! Kepilligi welin, ýatdan çykaraýmaň!

Käbir fotoaparatlar üçin batareýany we çipi aýratyn satyn almaly bolýar. Şonuň üçin hem çip satyn alanyňyzda onuň maglumat göwrüminiň uly bolmagyna üns beriň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar