Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: ýarym finalyň jogap duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
2701

Esasy aýratynlyklar:

 

23 golçy: Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da tapawutlanan futbolçylaryň sany 23-e çykdy. Ýarym finalyň jogap duşuşyklarynda sanawa «Aşgabatdan» Şatlyk Gurbanow bilen Nazar Towalekow, «Altyn asyrdan» Serdar Geldiýew goşuldy.

Bäş ýylda 92: Türkmenistanyň kubogynyň soňky bäş möwsüminde (2015-nji ýyldan bäri) tapawutlanan futbolçylaryň sany 92-ä ýetdi.

27 gol: Şu möwsümde geçirilen gollaryň sany 27-ä çykdy.

 

“Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 2:1

Gollar: Şatlyk Gurbanow 40, Nazar Towakelow 86  Serdar Geldiýew 5.

 

Bäş möwsümde ikinji gol: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Serdar Geldiýew Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri ikinji gezek tapawutlandy. Futbolçy bu gollaryň ikisini hem «Altyn asyryň» düzüminde geçirdi.

«Altyn asyryň» 7-nji goly: Möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 7-ä çykaran «Altyn asyr» şol bir wagtyň özünde iň köp tapawutlanan topardyr.

 

 “Ahal” – “Köpetdag” – 1:0

Gol: Pirmurat Sultanow 22.

«Köpetdagy» Sultanow ýeňdi: Pirmyrat Sultanow, Kubok ýaryşynda «Köpetdag» bilen geçirilen iki duşuşykda hem tapawutlandy.

Iki toparda dört gol: Pirmyrat Sultanow Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri dördünji goluny geçirdi. Hüjümçi Kubok ýaryşynyň soňky bäş möwsüminde «Ahal» bilen «Köpetdagyň» düzüminde tapawutlandy.

20-nji ýeňiş: «Ahal» Türkmenistanyň kubogy ugrundaky duşuşyklarda 20-nji ýeňşini gazandy.

20-nji duşuşyk: Täzeden döredilen «Köpetdag» Türkmenistanyň kubogynda 20-nji duşuşygyny geçirdi. 

No don't

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar