Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 26-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
2445

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

1 täze golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna bu tapgyrda diňe «Merwden» Azat Orazmuhammedow goşuldy.

91 golçy: Şeýlelikde, Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 91-e çykdy.

12 gol: Tapgyrda derwezelere 12 pökgi geçirildi.

271 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 271-e çykdy.

 

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 0:0

Birinji aýlawda: 1:2

Ikinji aýlawda: 1:2

Üçünji aýlawda: 0:1

Möwsüm boýunça: 2:5

 

 “Nebitçi” – “Energetik” – 5:0

Gollar: Azat Garajaýew 2, 7 (11 m.j.u.), Akmämmet Metdäýew 25, Mämmedaly Karadanow 41, 52.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 0:0

Üçünji aýlawda: 3:2

Möwsüm boýunça: 8:3.

 

Her 13 tapgyrdan: Tejribeli futbolçy Mämmedaly Karadanow möwsümdäki ilkinji goluny 13-nji tapgyrda geçiripdi. Ýene 13 tapgyrdan soňra bolsa ol ikinji we üçünji pökgüsini geçirdi.

Iň tapawutly ikinji duşuşyk: 5 gol tapawudy bilen tamamlanan bu duşuşyk möwsümde iň kän gol tapawudy bilen tamamlanan duşuşyklaryň hatarynda 15-nji tapgyrdaky «Ahal» ― «Nebitçi» (5:0) duşuşygy bilen bilelikde ikinji orny eýeleýär.

Garajaýew ilkinji 10-lukda: 2013-nji ýyldan bäri Ýokary ligada «Nebitçiniň» hatarynda tapawutlanan oýunçylaryň sanawynda Azat Garajaýew 8-nji basgançaga çykdy. Şu tapgyrda dubl eden tejribeli futbolçyda 16 gol bar.

Garajaýew 16-njy, Karadanow 17-nji: Şu möwsümde bir duşuşykda iki gezek tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna Azat Garajaýew 16-njy, Mämmedaly Karadanow 17-nji bolup goşuldy.

 

“Altyn Asyr” – “Merw” – 4:1

Gollar: Begenç Akmämmedow 4, Begmyrat Baýow 5, Myrat Annaýew 77, Mihail Titow 86 ― Azat Orazmuhammedow 81.

Birinji aýlawda: 3:1

Ikinji aýlawda: 6:0

Üçünji aýlawda: 4:1

Möwsüm boýunça: 17:3.

 

60 utukly ilkinji topar: Bu ýeňişden soň «Altyn asyr» möwsümde 60 utuk gazanan ilkinji topar boldy.

Annaýewiň 10-njy goly: Myrat Annaýewiň Ýokary liganyň şu möwsüminde geçiren gollarynyň sany 10-a tegelendi.

Ýokary ligadaky 10-njy goly: Şahsy hasaplamalarymyza görä, Begmyrat Baýow Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi.

Annaýew «Altyn asyryň» 10-lugynda: «Altyn asyryň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri diňe Ýokary ligada 17-nji pökgüsini geçiren Myrat Annaýew topar bilen iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 10-lugyna girdi. Ýöne ol 10-njy orny Berdi Şamyradow bilen paýlaşýar.

 

 “Ahal” – “Şagadam” – 2:0

Gollar: SerdarAnnaorazоw 58, Elman Tagaýew 80.

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 2:1

Üçünji aýlawda: 0:1

Möwsüm boýunça: 5:2

 

«Ahal» ikinji orunda: Bu ýeňiş «Ahaly» ýaryş tertibinde ýene-de ikinji orna çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar