Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 25-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
2374

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

11 gol: Tapgyrda derwezelere 11 pökgi geçirildi. Mundan ozal 15-nji we 18-nji tapgyrlar 11 gol bilen tamamlanypdy.

255 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 255-e çykdy.

90 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 90-a tegelendi.

 

“Merw” – “Aşgabat” – 2:3

Gollar:  Döwlet Baýramow 66, Ýewgeniý Tkaçenko 90+4 ―  Gahrymanberdi Çoňkaýew 25, Wekil Kadyrow 35, Myratgeldi Gurbangeldiýew 87.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 1:2

Üçünji aýlawda: 1:2

Möwsüm boýunça: 4:8

 

«Merwiň» 20-nji goly: Duşuşykda Döwlet Baýramowyň geçiren goly «Merwiň» şu möwsümde garşydaş derwezelere geçiren 20-nji goludyr. Indi 20 goldan az geçiren ýekeje topar ― «Nebitçi» galdy.

«Aşgabada» 40-njy gol: Şol bir wagtyň özünde bu gol şu möwsümde «Aşgabadyň» derwezesinden geçirilen 40-njy goldur.

Ozalky toparyna gol geçirdi: «Aşgabadyň» üçünji golunyň awtory Myratgeldi Gurbangeldiýew çempionatyň birinji ýarymynda «Merwiň» oýunçysydy. Onuň şu möwsümde iki goly bar: biri «Aşgabadyň», ikinjisi «Merwiň» düzüminde.

Çoňkaýewiň 50-nji goly: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Gahrymanberdi Çoňkaýew Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri 50-nji goluny geçirdi.

 

 “Köpetdag” – “Nebitçi” – 0:1

Gol:  Farhat Italmazow 10.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 1:0

Üçünji aýlawda: 2:0

Möwsüm boýunça: 3:2.

 

Italmazow ― 90-njy: Farhad Italmazow Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan 90-njy futbolçydyr.

 

 “Şagadam” – “Altyn Asyr” – 1:2

Gollar:  Baýramgeldi Nurlyýew 20 ―  Altymyrat Annadurdyýew 22, Bagtyýar Hojaahmedow86, öz derwezesine.

Birinji aýlawda: 1:1

Ikinji aýlawda: 2:1

Üçünji aýlaw: 0:2

Möwsüm boýunça: 4:6.

 

«Altyn asyr» ― çempion: «Aragatnaşykçylar» bu ýeňiş bilen möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempion boldular. Ýöne «Altyn asyryň» öňünde heniz dört duşuşygyň bardygyny ýatladýarys.

Hojaahmedow ― 10-njy awtogolçy: Bagtyýar Hojaahmedow şu möwsümde öz derwezesine pökgi geçiren 10-njy futbolçy boldy.

Annadurdyýewiň 80-nji goly: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky 80-nji goluny geçirdi. Futbolçy bu gollaryň 22-sini «Ahalyň», 58-sini «Altyn asyryň» düzüminde geçirdi.

 

 “Energetik” – “Ahal” – 1:1

Gollar:  Serdar Annamämmedow 59 ―  Begenç Temriýew 85, öz derwezesine.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 2:1

Üçünji aýlawda: 0:4

Möwsüm boýunça: 3:7.

 

Deňlikde bäşinji: Ýokary ligada wagtal-wagtal arakesmeler bilen çykyş eden «Ahal» 92-nji deňligine ýetdi. Mundan ozal «Köpetdagda-da» 92 deňme-deňlik bardy. Indi toparlaryň ikisi hem Ýokary liganyň taryhynda duşuşyklary iň köp deňme-deňlik bilen tamamlanan toparlaryň arasynda bäşinji orny eýeleýärler.

«Energetik» 200-nji utugyny gazandy: Bu deňlikden soňra «Energetigiň» Ýokary ligadaky utugy 200-e deňlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar