Arhiw

TÝL - 2019: 24-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
869
TÝL - 2019: 24-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

3 sany täze golçy: «Köpetdagdan» Baýramhan Kadyrow, Roman Galkin we «Ahaldan» Hoşgeldi Hojowow dagylar Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji goluny geçirdiler.

89 golçy: Şeýlelikde, şu möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 89-a çykdy.

9 gol: Tapgyrda derwezelere 9 pökgi geçirildi. Mundan öň diňe 5-nji we 10-njy tapgyrlar tegelek 9 gol bilen tamamlanypdy.

244 gol: Ýokary liganyň şu möwsüminde geçirilen gollaryň sany 244-e çykdy.

“Köpetdag” – “Merw” – 2:0

Gollar: Baýramhan Kadyrow 22, Roman Galkin 68.

Birinji aýlawda: 2:4

Ikinji aýlawda: 2:2

Üçünji aýlawda: 1:1

Möwsüm boýunça: 7:7

Galkin Ýokary liga geldi: Roman Galkin Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi. Şeýlelikde, ol milli çempionatymyzda 2012-nji ýyldan bäri tapawutlanan 282-nji futbolçy boldy.

Möwsüm boýunça ― deňlik: Möwsüm boýunça iki toparyň biri-birine geçiren gollarynyň sanyny deňeşdirsek, 7:7 hasabyndaky deňligiň ýüze çykýandygyny görýäris.

“Altyn Asyr” – “Energetik” – 3:0

Gollar: Resul Hojaýew 2, Döwlet Mirsultanow (ö.d.) 21, Mihail Titow 45.

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 1:1

Üçünji aýlawda: 1:1

Möwsüm boýunça: 7:2.

Bir derwezä 40 gol: Döwlet Mirsultanowyň öz derwezesine geçiren pökgüsi şu ýyl «Energetigiň» derwezesine giren 40-njy gol boldy.

«Altyn asyr» altynjy çempionlyga ýakynlaşýar: Tapgyrda «Şagadamyň» hem utuk ýitirmegi bilen ýaryşyň lideri iň ýakyn garşydaşyndan 6 utuk ara açdy. Üstesine, ätiýaçda hem bir oýun bar.

Mirsultanow toparynda birinji, möwsümde dokuzynjy: Döwlet Mirsultanow şu möwsümde «Energetigiň» düzüminde öz derwezesine pökgi girizen ilkinji futbolçy boldy. Şol sanda ol şu möwsümde 9-njy awtogolçy boldy.

Titow dördünji orunda: Möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 7-ä çykaran Mihail Titow Ýokary ligada ilkinji gezek iň netijeli futbolçylaryň dörtlügine çykyp görýär. Ýöne ol dördünji orny topardaşy Myrat Ýagşyýew we «Şagadamdan» Kerim Hojaberdiýew bilen paýlaşýar.

“Nebitçi” – “Ahal” – 0:2

Gollar: Guwanç Abylow 26, Hoşgeldi Hojowow 35.

Birinji aýlawda: 0:3

Ikinji aýlawda: 0:0

Üçünji aýlawda: 0:0

Möwsüm boýunça: 0:5

«Ahal» 40 utukly üçünji topar: Bu ýeňiş bilen utugyny 41-e çykaran «Ahal» möwsümde 40 utuklyk sepgide ýetip bilen üçünji topar boldy.

Hojowow «günäsini» ýuwdy: 22-nji tapgyrda öz derwezesine pökgi geçiren Hoşgeldi Hojowow bu gezek garşydaşyň derwezesine göni ýol tapyp, «günäsini» ýuwdy. «Ahalyň» 23-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» bilen oýnalmaly duşuşygynyň başga bir güne geçirilendigini ýatladýarys.

4 utuk ogurlan hem bolsa: Iki duşuşykda «Ahalyň» çempionlyk ýaryşynda ýara almagyna sebäp bolan hem bolsa, «Nebitçä» şu ýyl «Ahalyň» derwezesine ýeke pökgi hem geçirtmek başartmady.

“Aşgabat” – “Şagadam” – 1:1

Gollar: Güýçmyrat Annagulyýew 71 (11 m.j.u.) ― Baýramgeldi Nurlyýew 62 (11 m.j.u.).

Birinji aýlawda: 0:2

Ikinji aýlawda: 0:3

Üçünji aýlawda: 1:2

Möwsüm boýunça: 2:8.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar