Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 23-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
2185

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

8 gol: Tapgyrda derwezelere 8 pökgi geçirildi.

235 gol: Şeýlelikde, 23 tapgyrda geçirilen gollaryň sany 235-e çykdy.

 

“Energetik” – “Aşgabat” – 1:1

Gollar: Guwanç Ýagmyrow 55 ― Nazar Towakelow 48

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 1:2

Üçünji aýlawda: 3:2

Möwsüm boýunça: 7:5

 

 “Merw” – “Nebitçi” – 4:1

Gollar: Ilýa Tamurkin 1, 42, Begenç Alamow 27 (11.m.j.u), Begenç Guldurdyýew 32 ― Azat Garajaýew 36.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 1:1

Üçünji aýlawda: 0:1

Möwsüm boýunça: 5:4

19 tapgyrdan soň gelen ýeňiş: «Merw» Ýokary ligada 19 tapgyr aralykdan soňra ilkinji gezek ýeňiş gazandy.

Bir derwezä 40 gol: Azat Garajewýiň geçiren pökgüsi «Merwiň» şu ýyl öz derwezesinde gören 40-njy goludyr.

«Merwde-de» 10 utuk bar: Indi Ýokary liganyň şu möwsüminde 10 utuklyk sepgide ýetmedik ýeke topar hem galmady. Ýaryşyň soňky ornundaky «Merw» bolsa bu ýeňişden soň 11 utuga çykdy.

Tamurkin 15-nji dublçy: Ilýa Tamurkin şu möwsümde bir duşuşykda iki gezek tapawutlanan 15-nji oýunçydyr.

Bir derwezä 800 gol: Duşuşykda Begenç Guldurdyýewiň geçiren goly «Nebitçiniň» derwezesine Ýokary ligada geçirilen 800-nji goldur.

 

 “Şagadam” – “Köpetdag” – 1:0

Gol: Hemra Amanmämmedow 28.

Birinji aýlawda: 4:1.

Ikinji aýlawda: 2:1

Üçünji aýlawda: 0:2

Möwsüm boýunça: 7:4

Bir derwezä 30 gol: Şu duşuşykdan soňra möwsümde «Köpetdagyň» derwezesinden geçirilen gollaryň sany 30-a çykdy.

300-nji ýeňiş: «Şagadam» Ýokary ligadaky 300-nji ýeňşini gazandy.

 

 “Ahal” – “Altyn Asyr” (geçirilen 26.11.2019 ý.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar