Arhiw

TÝL ― 2019: 21-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
2035

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

82 golçy: Şu tapgyrda 6 futbolçy möwsümdäki ilkinji goluny geçirip, tapawutlanan futbolçylaryň sany 82-ä çykdy.

Iň golly tapgyr: Tapgyrda derwezelere 15 pökgi geçirildi. Bu bolsa möwsümiň rekordydyr.

210 gol: Şeýlelikde, 21-nji tapgyrdan soň möwsümde geçirilen gollaryň sany 210-a çykdy.

 

“Şagadam” – “Nebitçi” – 2:1

Gollar: 6 Hydyr Ýakubow, 51 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”) – 53 Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

Birinji aýlawda: 1:1

Ikinji aýlawda: 2:1

Möwsüm boýunça: 5:3

Bir derwezä 20 gol: Şu duşuşykdan soňra «Şagadamyň» derwezesine geçirilen gollaryň sany 20-ä tegelendi.

40 utukly ikinji topar: Şu duşuşykdan soňra utugyny 41-e çykaran «Şagadam» möwsümde 40 utuk toplan ikinji topar boldy.

Metdäýew «Nebitçiniň» 10-lugynda: Akmämmet Metdäýew «Nebitçiniň» düzüminde Ýokary ligada 2013-nji ýyldan bäri tapawutlanyp gelýän futbolçylaryň arasynda ilkinji 10-luga girdi. Agzalan möwsümden bäri ol diňe Ýokary ligada toparyň düzüminde 14 gezek tapawutlandy. Ol 9-njy orny Myrat Hamraýew bilen paýlaşýar. Eger futbolçy toparynyň düzüminde ýene ýeke pökgi geçirip bilse, 7-nji orna çenli çykmaga mümkinçilik bar. Çünki 7-nji we 8-nji orunlary paýlaşýan Aleksandr Boliýan bilen Ýewgeniý Tkaçenkoda 15 gol bar.

 

 “Merw” – “Energetik” – 2:3

Gollar: 70 Şanazar Tirkişow, 76 Perman Hallyýew (“Merw”) – 26, 49 Pirmyrat Gazakow, 33 Begenç Teýmirow (“Energetik”)

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 0:1

Möwsüm boýunça: 2:5

«Energetik» 20 goldan geçdi: Duşuşykda Pirmyrat Sultanowyň ilkinji goly «Energetigiň» şu möwsümdäki 20-nji goludyr.

8 möwsümde 40 gol: Ýokary liganyň 2012-nji ýyldaky möwsüminden bäri 40-njy goluny geçiren Pirmyrat Gazakow iň netijeli futbolçylaryň ilkinji 20-ligine girdi.

Gazakow «Energetigiň» ikinjiligine şärik: «Energetigiň» düzüminde Ýokary ligadaky 15-nji goluny geçiren Pirmyrat Gazakow toparda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň arasynda ikinji orundaky Rahmet Şermetow bilen birmeňzeş netijäni görkezdi.

Ikinji gezek dubl: Pirmyrat Sultanow 16-njy tapgyrda «Aşgabat» bilen geçirilen duşuşykda hem iki gezek tapawutlanyp bilipdi.

 

 “Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 1:3

Gollar: 44 Azat Şamyradow (“Aşgabat”) – 45+1 Murat Ýakşiýew, 49 Mihail Titow, 90+3 Selim Ataýew (“Altyn Asyr”)

Birinji aýlawda: 1:2

Ikinji aýlawda: 1:1

Möwsüm boýunça: 3:6

20 oýunda 50 gol: Duşuşykda Selim Ataýewiň geçiren goly «Altyn asyryň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki 50-nji goly boldy.

Bassyr dört tapgyr bäri: Mihail Titow Ýokary liganyň soňky dört tapgyrynyň hiç birini hem boş geçirmedi. Ilkinji goluny 18-nji tapgyrda geçirne hüjümçi bu gün 6 gol bilen möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň ilkinji ýediliginde.

 

 “Köpetdag” – “Ahal” – 2:1

Gollar: 52 Baýramgeldi Gulmaýew, 66 Şiri Annaýew (“Köpetdag”) – 62 Elman Tagaýew (“Ahal”)

Birinji aýlawda: 1:1

Ikinji aýlawda: 1:1

Möwsüm boýunça: 4:3.

30-njy gol: Elman Tagaýew «Ahalyň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki 30-njy goluny geçirdi.

30 utukly ikinji topar: Bu ýeňişden soňra utugyny 32-ä çykaran «Köpetdag» möwsümde 30 utuklyk sepgide ýeten dördünji topar boldy.

Gulmaýew ýene tapawutlandy: Baýramgeldi Gulmaýew «Köpetdagyň» Ýokary ligadaky soňky iki duşuşygynda hem tapawutlandy. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar