Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň geçiren ses berlişiginde türkmenistanlylar kime ses berdi?

0
2867

Mälim bolşy ýaly, «Barselonanyň» argentinaly ýyldyzy Lionel Messi FIFA tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Ýylyň futbolçysy» diýlip yglan edildi. Bu ses berlşige dünýäniň iň uly halkara futbol guramasyna agza bolup durýan milli ýygyndylaryň baş tälimçileri, kapitanlary we bir sany sport žurnalisti gatnaşýar. Eýsem, türkmenistanlylar kime ses berdikä? Geliň, bileliň!

Milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow sanawynyň birinji ornunda Lionel Messi («Barselona»), ikinji ornunda Sadio Mane («Liwerpul»), üçünji ornunda Kilian Mbappe (PSŽ) bar.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe bolsa ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde «Liwerpuldan» Wan Deýk Wirjili görmek isledi. Ol sanawyň ikinji ornuna Lionel Messini, üçünji ornuna Kriştianu Ronaluny («Ýuwnetus») goýdy.

Ses berlişikde türkmenistanly sport žurnalisti Aleksandr Werşininiň sanawynyň başyny bolsa Lionel Messi çykýar. Şeýle hem kärdeşimiz De Ýong Frenkini («Barselona») ikinji, Harri Keýni («Tottenham») bolsa üçünji orunda goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar