TÝL ― 2019: 19-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
2086

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

70-den agdyk golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 71-e çykdy.

12 gol: Iki duşuşygynda 10, galan iki duşuşygynda bolsa bary-ýogy 2 pökgi geçirilen tapgyrda derwezelere 12 pökgi girdi.

181 gol: Ýokary liganyň 19 tapgyrynda geçirilen gollaryň sany 181-e çykdy.

 “Şagadam” – “Ahal” – 1:0

Gol: 90+3 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 1:2

Möwsüm boýunça: 2:3

«Şagadam» 10-njy ýeňşini gazandy: Bu ýeňiş kenarýaka şäheriň toparynyň şu möwsümdäki 10-njy ýeňşidir.

Ilkinji ýeňiş: Birinji we ikinji aýlawda «Ahaldan» ýeňlen «Şagadam» ikinji orun ugrundaky esasy bäsdeşini möwsümde ilkinji gezek utup gördi.

 “Köpetdag” – “Aşgabat” – 1:0

Gol: 61 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”)

Birinji aýlawda: 2:1

Ikinji aýlawda: 2:1

Möwsüm boýunça: 5:2

Iki tapgyrda-da tapawutlandy: Goragçy Ýazgylyç Gurbanow «Köpetdagyň» soňky 2 duşuşygynda hem tapawutlandy. Hatda, ol möwsümdäki ilkinji goluny geçen tapgyrda geçiripdi.

 “Energetik” – “Nebitçi” – 2:3

Gollar: 15 Serdar Annamämmedow, 78 Guwanç Ýagmyrow (“Energetik”) – 13 Aşyrgeldi Ylýasow-11 m.j.u, 65 Tirkiş Hojamämmedow, 90+5 Azat Garajaýew-11 m.j.u. (“Nebitçi”)

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 0:0

Möwsüm boýunça: 3:3.

«Nebitçi» 20 utukly altynjy topar: Bu ýeňişden soň utugyny 20-ä tegelän «Nebitçi» möwsümde bu sepgide ýetip bilen altynjy topardyr. Indi diňe «Aşgabat» bilen «Merwiň» utugy 20-den az.

Ylýasow «Nebitçiniň»  5-njiligine ýakyn: Şu duşuşykda 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlanan Aşyrgeldi Ylýasow Ýokary liganyň 2013-nji ýyldaky möwsüminden bäri «Nebitçiniň» düzüminde iň köp tapawutlanan futbolçylaryň 5-ligine goşulmaga ýakyn geldi. 8 möwsümde 16 pökgi geçiren futbolçy 5-nji orundaky Amir Gurbanydan bary-ýogy 1 pökgülik yzda.

«Energetik» ýubileý duşuşygyny geçirdi: Ýokary ligada 2015-nji ýyldan bäri çykyş edýän «Energetik» şu tapgyrda 150-nji duşuşygyny geçirdi. Ol çempionatymyzda iň köp duşuşyk geçiren toparlaryň sanawynda 13-nji orunda. 12-nji orundaky «Büzmeýin» Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 165 duşuşyk geçiripdi. Diýmek, «Energetik» 12-nji orna diňe indiki möwsümde çykyp biler.

“Merw” – “Altyn Asyr” – 1:4

Gollar: 89 Tirkiş Muhammetberdiýew (“Merw”) – 2 Mihail Titow, 49 (11 m.j.u.), 63Myrat Annaýew, 83 Begmyrat Baýew (“Altyn Asyr”)

Birinji aýlawda: 1:3

Ikinji aýlawda: 0:6

Möwsüm boýunça: 2:13

«Altyn asyr» 40-njy pökgüsini geçirdi: Duşuşykda Myrat Annaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi «Altyn asyryň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki 40-njy goludyr. «Aragatnaşykçylar» bu sepgide möwsümde ilkinji bolup ýetdiler.

40 utukly ilkinji topar: Bu ýeňişden soňra utugyny 41-e çykaran «Altyn asyr» şu möwsümde 40 utuk toplap bilen ilkinji topar boldy.

Titow ynama girýär: Ýakynda şikesden gutulan Mihail Titow soňky iki tapgyrda hem tapawutlandy.

Annaýew netijeli futbolçylaryň 20-liginde: Ýokary liganyň soňky 8 möwsüminde (2012-nji ýyldan bäri) tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda Myrat Annaýew ilkinji 20-lige girmegi başardy. Futbolçy şol möwsümden bäri Ýokary ligada 41 gol geçirdi. Ol häzir «Merwden» Begenç Alamow bilen bilelikde 18, 19-njy orunlary paýlaşýar. 17-nji orundaky Tirkiş Muhammetberdiýewiň hasabynda 44 pökgi bar.

Annaýew bombardirleriň üçünjisi: Möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 8-e çykaran Myrat Annaýew netijeli futbolçylaryň sanawynda hem üçünji orna ynamly çykdy.

Annaýew «Altyn asyryň» 10-njysy: Futbolçy şu tapgyrdaky dubly bilen «Altyn asyryň» hatarynda 2013-nji ýyldan bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň 10-lugyna girdi. Ol 10-njy orny Ahmet Ataýew bilen paýlaşýar. Ýeri gelende aýtsak, futbolçylaryň ikisi hem 2013-nji ýyldan bäri «Altyn asyryň» hatarynda diňe Ýokary ligada 15 gezek tapawutlandylar. Myrat Annaýew 9-njy orundaky Berdi Şamyradowdan 2, 8-nji orundaky Arslanmyrat Amanowdan 4 gol uzaklykda.

Annaýewiň ikinji dubly: Myrat Annaýew mundan ozal 8-nji tapgyryň duşuşygynda hem iki gezek tapawutlanyp bilipdi. «Nebitçi» bilen Balkanabatda geçirilen şol duşuşykda «Altyn asyr» ýer eýelerini Myrat Annaýewiň gollary bilen 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl Altymyrat Annadurdyýewde 3, Didar Durdyýewde 2 dubl bar.

«Merwiň» futbolçysy «Altyn asyryň» taryhyna girdi: Tirkiş Muhammetbediýew «Altyn asyryň» derwezesine Ýokary ligadaky 300-nji goly geçiren futbolçy hökmünde taryha girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar