AFK-nyň kubogy ― 2019: «Altyn asyryň» garşydaşy barada bilip goýaýmaly maglumatlar

0
2083

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň futbol çempiony «Altyn asyr» yklym ýaryşynda ýoluny dowam etdirip bilmek üçin Wýetnamyň «Hanoý» topary bilen güýç synanyşýar. Ertir yklym ýaryşynyň Interzolagynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygy haýsy toparyň Interzolagyň finalyna çykjakdygyny kesgitlär. Bizduşuşygyň öňüsyrasynda okyjylarymyza «Altyn asyryň» garşydaşy barada käbir maglumatlary bermegi makul bildik.

«Altyn asyrdan» iki ýaş uly. Mälim bolşy ýaly, «Altyn asyr» 2008-nji ýylda esaslandyryldy. «Hanoý» kluby bolsa «T&T» syýahatçylyk kompaniýasy tarapyndan 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Topar 2016-njy ýyla çenli esaslandyryjy kompaniýanyň adyny göterdi.

Dördünji ligadan dört gezek çempionlyga çenli. Esaslandyrylan ýyly Wýetnamyň çempionatynyň dördünji ligasynda çykyş edip başlan topar üç möwsümde V-liga, ýagny Wýetnamyň iň ýokary ligasyna çenli göterildi. Ol 2006-njy ýylda dördünji liganyň çempiony, 2007-de we 2008-de bolsa degişlilikde üçünji we ikinji ligalaryň kümüş medalynyň eýesi boldy. V-liga ilkinji gezek 2009-njy ýylda gelen topar şol ýyl çempionaty dördünji orunda tamamlady. 2010-njy ýylda ilkinji gezek Wýetnamyň çempiony bolan topar bu üstünlige jemi dört gezek ýetdi. Ýagny, ol soňra 2013, 2016 we 2018-nji ýylda-da ýurduň çempiony boldy. 2011, 2012, 2014 we 2015-nji ýyllaryň futbol möwsümlerini kümüş, 2017-nji ýýyly bolsa bürünç medal bilen tamamlady.

Üç kubok, iki Naýbaşy kubok. Wýetnamyň milli kubogyna üç gezek (2012, 2015, 2016) mynasyp bolan topar 2010 we 2018-nji ýyllarda ýurduň Naýbaşy kubogyny hem gazandy.

AFK-nyň kubogynda. «Hanoý» yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna ilkinji gezek 2011-nji ýylda çykdy we şol ýyl «G» toparçada üçünji orny eýeledi. Şondan soň topar 2014, 2017-nji ýyllarda we şu ýyl AFK-nyň kubogyna gatnaşýar. 2014-nji ýylda çärýek finala çenli baryp ýeten topar 2017-nji ýylda ýaryşy toparçalaýyn tapgyrda tamamlady.

Yklym ýaryşynyň çür depesinde. Özüniň 13 ýyllyk taryhynyň içinde «Hanoý» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrlaryna hem dört gezek gatnaşdy. Ýöne topara iň naýbaşy ýaryşyň toparçalaryna girmek heniz başardanok. Hatda topar şu ýyl ýaryşa Aziýanyň Çempionlar ligasyndan geldi. Ilkinji tapgyrda «Bangkok Ýunaýtedi» 1:0 hasabynda ýeňen «Hanoý» saýlama tapgyrda Hytaýyň «Şandong Lunenginden» 1:4 hasabynda ýeňlip, AFK-nyň kubogyna gaýdyp geldi.

Şu ýyl toparçada: «F» toparçada ýaryşan «Hanoý» bäsdeşleriniň biri türkmenistanly ýarym goragçy Amir Gurbanynyň «Nagawoldy» boldy. «Hanoý» Bangladeşiň toparyny iki duşuşykda hem uly hasap bilen ýeňdi. Toparçalaýyn tapgyrda diňen «Ýangon Ýunaýtedden» bir gezek ýeňlip, toparçada birinji orny eýeledi we Interzolagyň ýarym finalynda «Altyn asyryň» garşydaşy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar