Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 16-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1900

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

61 golçy: Gahrymanberdi Çoňkaýew Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan 61-nji futbolçy boldy.

Üç duşuşykda 8 gol: Tapgyrda häzire çenli 8 gol geçirildi. Ätiýaçda ýene bir duşuşyk bar.

16 tapgyrda 153 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 153-e çykdy.

“Köpetdag” – “Şagadam” – 2:0

Birinji aýlawda: 1:4

Ikinji aýlawda: 1:2

Üç aýlawyň jemi boýunça: 4:6.

Gollar: 13 Batyrgylyç Berdiýew, 33 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)

«Köpetdag» dördünji orunda: Kenarýakadan gelen bäsdeşini ýeňen «Köpetdag» 22 utuk bilen ýaryş tertibinde-de dördünji orna çykdy.

«Köpetdag» 20-nji pökgüsini geçirdi: Duşuşykda Döwletmyrat Seýitmuhammedowyň geçiren pökgüsi «Köpetdagyň» Ýokary liganyň şu möwsümdäki 20-nji goludyr.

“Nebitçi” – “Merw” – 1:0

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 1:1

Üç aýlawyň jemi boýunça: 3:1.

Gol: 16 Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

«Nebitçi» altynjy orunda: Bu ýeňiş «Nebitçini» altynjy orna çykardy. Toparda indi 16 utuk bar.

“Aşgabat” – “Energetik” – 2:3

Birinji aýlawda: 0:2

Ikinji aýlawda: 2:1

Üç aýlawyň jemi boýunça: 4:6

Gollar: 10 Boris Iwanow, 42 Gahrymanberdi Çoňkaýew (“Aşgabat”) – 9 Azady Annadurdyýew (öz derwezesine), 38, 56 Pirmyrat Gazakow (“Energetik”)

Annadurdyýew 7-nji: Azady Annadurdyýew Ýokary liganyň şu möwsüminde öz derwezesine pökgi geçiren 7-nji futbolçydyr. Şeýle ýagdaý möwsümde «Aşgabat» topary bilen bagly ilkinji gezek ýüze çykdy.

«Energetik» bäşinji, Gazakow ikinji orunda: Möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 6-a çykaran Pirmyrat Gazakow bombardirlik ýaryşynda «Altyn asyryň» futbolçylary Myrat Ýagşyýewdir Myrat Annaýew bilen bilelikde ikinji orny

paýlaşýar. Kerweniň başyny 10 golly Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr») bilen Didar Durdyýewiň («Ahal») çekýändigini ýatladýarys.

Gazakow «Energetigiň» üçünjisi: «Energetigiň» düzüminde arakesmeler bilen futbol oýnan Pirmyrat Gazakow bu toparyň hatarynda Ýokary ligadaky 13-nji goluny geçirdi. Şeýlelikde, ol çempionatda «Energetigiň» hatarynda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynyň üçünji ornuna geçdi. Sanawyň başyny 23 gol bilen Alibek Abdyrahmanow çekýär. Ikinji orundaky Rahmet Şermetow bolsa toparda oýnan ýyllarynda 15 gezek tapawutlandy.

«Energetik» bir basgançak ýokary galdy: Ýokary liganyň taryhynda iň köp utuk ýygnan toparlaryň sanawynda «Energetik» bir basgançak ýokary çykyp, 12-nji orunda ýerleşdi. Has takygy, şu ýeňişden soňra Ýokary ligada 194-nji utugyny gazanan topar 192 utukly «Büzmeýini» yzda galdyrdy. «Energetiklere» indiki sepgit has uzak görünýär. Çünki 11-nji orundaky «Bagtyýarlyk-Lebap» Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 338 utuk toplapdy.

«Altyn asyr» ― «Ahal» (käbir sebäplere görä başga güne geçirildi)

Birinji aýlawda: 1:1

Ikinji aýlawda: 2:2.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar