Soňky habarlar

Arhiw

"Nejebiň içdigi kyrkda bir jamdyr"

0
2635

“Nejep oglan” dessanynda Nejebiň näderejede ussat sazanda bolup ýetişenliginiň esasy sebäplerniň biri,  edil beýleki dessan gahrymanlary ýaly düýşüne erenleriň girip pata bermegidir. Ýöne asly Genji-Garabagly bolan bu gahrymanymyzyň beýlekilerden bir diş tapawut edýäni hem aýdylyp geçilýär. Adatça,  kyrk erenleriň pata berýändigi aýdylsa-da, Nejep babatda bu kyrk bir bolýar, ýagny oňa Aşyk Aýdyň piriň özem ak pata berýär  we gökden inen gara gazmasyy sowgat edip: “Sen meniň iň soňky şägirdimsiň” diýýär. Şeýlelikde, Nejep kärdeşleri ýaly hakdan içenem bolsa, olar ýaly kyrk dälde, kyrk bir jam içen bolýar. Diýmek, ony beýlekilerden bir gez ýokary hasaplar bileris.

 Heý, üns berip gördüňizmi? Futboly bar islendik ýurduň iki sany esasy topary bolýar, biri ýurduň milli ýygyndysynyň bazasy hökminde şekillenen. Milli ýygynda, köplenç, şol toprdan barmak aňsat. Hatda topar ýygyndy bilen meňzeş oýun usulyna-da eýe. Ikinjisi bolsa içerki çempionatda ýokardaky topar bilen deň derejede göreş alyp barýan we düzüm babatda çempionatyň  bazasy hökmünde şekillenen, ýagny bu topardan adygyp çykan topdeperler milli ýygynda alynmadyk ýagdaýynda hem çempionatyň islendik toparyna baranda, esasy oýunça öwrülip biljek derejededir. “Altyn asyr” we “Ahal” hakynda gürriň gidýänligini aňan bolsaňyz gerek, bu diňe bizde däl, hemmelerde şeýle. Meselem, Turiniň “Ýuwentusy” uzak ýyllaryň dowamynda mawy gwardiýaçylaryň bazasy hökmünde şekillendi. Klub heniz-henizlerem milli ýygyndynyň ýüzi wezipesini dowam etýär. Men size bu ýagdaýyň bizdäki aýratynlygy hakynda aýtmak isleýärin. Göýä,  Nurmyrat Saryhanowyň “Siz ony aýdýaňyz, men size başga bir wakany gürrüň bereýin” diýip, hekaýa başlaýyşy ýaly. “Altyn asyr” futbol toparynyň beýlekilerden artyk tarapy toparyň başyna tälimçi Ýazguly Hojageldiýew  geleninden soň, baýrakly orunlara dalaş edip başlap, şol bir tälimçi bilen şol bir badyny gowşatman gelýändigi. Topar bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda 2014-nji ýyldan bäri çempionlygy hiç kime bermän gelýär, henize çenli Türkmenistanda çempionlygy beýle uzak saklan topar ýok.

Aslynda, «Altyn asyr» bilen «Ýuwentusyň» ykbalynda meňzeşlik bar. Toparlaryň ikisi hem uzak ýyllaryň dowamynda beýlekilere mümkinçilik berip-berip, iň soňunda tagty eýelediler. Aýdaly, bäş ýyllap çempion bolan topar beýlekilerden has kämil oýnap, çempionatyň hörpüni peseltjek ýaly görnüp biler. Ýok, “Altyn asyryň” çempionlygy barada muny aýdyp bolmaz. 2014-nji ýyldan bäri çempionatda çekeleşiklilik şeýle bir dowam etýär welin, tutuş möwsümd “Şu ýyl-a Ahal ald-ow!” diýýärsiň. Soňunda çempion ýene-de «Altyn asyrdyr». Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň çempionatyň baýragyny almazdan öň, çempionatymyza ullakan gowur-şowhun bagyş  etmeginiň özem uly zat.

 Toparyň esasy aýratynlygam milli ýygyndymyz bilen eriş-argaç baglylygydyr. Häzir siziň  “Altyn asyrda” oýnaman hem ýygynda çagyrylan futbolçylaram bar diýmegiňiz ahmal. Ylalaşýan, bu hakykat we bolmaly zat, emma “Altyn asyrda” adyganlaryň milli ýygyndyda oýnamaýany az-az. Diýmek, bu meniň pikirime golaýrak delil. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatýaly hünärmen Anto Mişe hem “Türkmen sporty” gazetine beren interwýusynda 27-nji awgustda “Altyn asyryň” AFK-nyň kubagyndaky oýny sebäpli ýoldaşly duşuşygyny meýilleşdirmeýändiigni belläp geçdi.  Bu jogap eýýäm toparyň ýurt futbolyna näderejede dahyllydygyny kesgitläp dur.

 Aýyň 27-sine Köpetdag stadionynda geçiriljek AFK-nyň kubagyny almak ugrundaky ýaryşyň Interzolagynyň ýarym finalynda Wýetnamyň “Hanoý” toparyny kabul edýän  “Altyn asyra” kiçi hasapdaky ýeňiş gerek.  Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine amat ýar bolmagyny arzuw edýäris, elbetde!

Meniň pikirimçe, tapawutly topardan aýratyn netijäni tama etmek ýalňyş däl. Ýokarda Nejep oglan dessanyny  agzapdyk. Onuň Elbendi ýeňmesi geň däl, sebäbi onuň aýratynlygy bardy, has dogrysy halkymyzyň aýdyşy ýaly “Nejebiň içdigi kyrkda bir jamdyr”.

Merdan Baýat

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar