Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 15-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1600

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Üçünji aýlawyň başlangyjy: 15-nji tapgyr şol bir wagtyň özünde çempionatyň üçünji aýlawynyň, başgaça aýtsak, ikinji ýarymynyň başlangyjydyr.

Ýakubow ― 59-njy golçy: «Şagadamdan» Hydyr Ýakubow şu möwsümde tapawutlanan 59-njy futbolçydyr.

Dört duşuşykda 11 gol: Tapgyrda derwezelere 11 pökgi geçirildi.

15 tapgyrda 145 gol: Şeýlelikde, möwsümiň her tapgyryna, ortaça, 9,6 pökgi geçirildi.

 

“Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 3:0

Gollar: 16,42 Begenç Akmämmedow, 73 Myrat Annaýew 11 m.j.u. (“Altyn Asyr”).

Birinji aýlawda: 5:2

Ikinji aýlawda: 2:1

Annaýew ikinji orna çykdy: «Altyn asyryň» üçünji golunyň awtory Myrat Annaýew möwsümdäki altynjy goluny geçirip, topardaşy Myrat Ýagşyýew bilen birlikde bombardirlik ýaryşynyň ikinji ornuny paýlaşýar.

Öňdäki dördüň üçüsi «Altyn asyrdan»: Şu tapgyrdan soň liganyň bombardirlik sanawynyň ilkinji iki ornuny dört futbolçy paýlaşýar. Has takygy, Altymyrat Annadurdyýew bilen Didar Durdyýewde 10, Myrat Annaýew bilen Myrat Ýagşyýewde hem 6 gol bar. Şu oýunçylaryň üçüsiniň «Altyn asyra» wekilçilik etmegi toparyň çempionlyga ýene bir gezek mynasypdygyny görkezýär. Bu üç futbolçy ― Altymyrat Annadurdyýew, Myrat Annaýew we Myrat Ýagşyýew «Altyn asyryň» möwsümde geçiren 33 golunyň 22-siniň awtorydyr.

12 möwsüm, 700 gol: Duşuşykda Begenç Akmämmedowyň geçiren goly Ýokary ligada 12 möwsüm bäri çykyş edip gelýän «Altyn asyryň» 700-nji goludyr.

 

 “Energetik” – “Köpetdag” – 0:1

Gol: 38 Berdi Hotdyýew (“Köpetdag”)

Birinji aýlawda: 0:3

Ikinji aýlawda: 1:1

550-nji duşuşyk: Ýeňşe beslenen şu duşuşyk «Köpetdagyň» Ýokary ligadaky 550-nji duşuşygydyr.

1200-nji gol: «Köpetdag» Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny şu tapgyrda 1200-e tegeledi.

 

 “Şagadam” – “Merw” – 1:1

Gollar: 35 Hydyr Ýakubow (“Şagadam”) – 9 Döwlet Baýramow (“Merw”)

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 0:0.

 

“Ahal” – “Aşgabat” – 5:0

Gollar: 15, 84 Didar Durdyýew, 36, 39, 70 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”)

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 0:0.

«Ahal» 30 utukly ikinji topar: Bu ýeňişden soňra utugyny 30-a çykaran «Ahal» möwsümde bu sepgide ýetip bilen ikinji topar boldy. Ýaryşyň öňdebaryjysy «Altyn asyrda» 32 utuk bar.

«Ahal» ýerine geçdi: Geçen möwsümi kümüş medal bilen tamamlan «Ahal» ýene-de ikinji orna geçdi.

Durdyýew ― 20-njiniň awgusty: Didar Durdyýewiň duşuşykda geçiren ilkinji goly «Ahalyň» Ýokary liganyň şu möwsümdäki 20-nji goly hökmünde bellige alyndy. Şol bir wagtyň özünde-de bu gol möwsümde «Aşgabadyň» derwezesine geçirilen 20-nji goldur.

Seýidow şowsuz başlady: Tomusky arakesmede «Aşgabadyň» baş tälimçisi bellenen Sait Seýidow tejribeli tälimçi bolsa-da, täze topary bilen ýaryşa şowsuz başlady.

Gol tapawudynda ikinji orun: Duşuşyk şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň arasynda pökgi tapawudy boýunça ikinji orny eýeleýär. Ýagny ýeňiji ― «Ahal» garşydaşy ― «Aşgabady» 5 gol tapawudy bilen ýeňdi. Mundan öň 12-nji tapgyrda «Altyn asyr» «Nebitçini» 6 gol tapawudy bilen ýeňipdi.

Ilkinji het-trik: Pirmyrat Sultanow şu möwsümdäki ilkinji het-trigiň awtorydyr.

Bir futbolçy ― ikinji dubl: Didar Durdyýew 12-nji tapgyrdan soň ýene bir gezek bir duşuşykda iki gezek tapawutlanyp bilen az sanly futbolçylaryň biridir. Has takygy, «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew möwsümde üç gezek dubl eden ýeke-täk futbolçydyr.

222: Bu owadan san «Ahalyň» Ýokary ligada gazanan ýeňişleriniň mukdary. Şu tapgyrda «Ahal» çempionatdaky 222-nji ýeňşini gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar