Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: iki aýlawdan soň käbir gyzykly hasaplamalar

0
1538

Iýulyň 7-nji gününde Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen «Aşgabat» ― «Altyn asyr» duşuşygy (7-nji tapgyryň galdyrylan oýny) bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda ýoluň ýarysy geçildi. Öňde ýene iki aýlaw bar. Hemişe bolşy ýaly, bu hem üçünji we dördünji aýlawlarda bäsdeşligiň has güýçlenjekdigine ynanýarys. Ýöne birinji, ikinji aýlawlar barada hem aýdara zat, edere bellik kän. Biz şu makalamyzy çempionatyň ýarym ýolunda göze dürtülip duran käbir aýratynlyklara bagyşlamagy makul bildik.

Şahsy hasaplamalarymyza esaslanýan bölümlere geçmezden ozal, şu möwsümde çempionlyk ugrundaky esasy göreşiň geçen ýyllardaky ýaly iki däl-de, üç toparyň arasynda barýandygyny aýtmak gerek. «Şagadam» sähel bolsa, «Altyn asyram», «Ahalam» yzda galdyryp, indiki ýyl çempion hökmünde AFK gidip biljek derejede güýçli. Topar häzir «Altyn asyrdan» bary-ýogy bir utuk yzda. Mundan öňki iki möwsümde tä soňky aýlawa çenli kerweniň bagyny hiç bir garşydaşyna bermäne gelen «Ahal» bolsa, bu ýyl iki topar bilen göreşde biraz kynçylyk çekýär. Röwşen Meredowyň şägirtleri iki aýlawda geçirilen 14 duşuşygyň deň ýarynda utuk ýitirdi. Ýöne bu üç toparyň ýaryş tertibiniň 4 ― 8-nji orunlaryndakybäsdeşlerinden eýýämhaçan ara açandygyny hem gözden salmaly däl. Olar indi mundan beýläk diňe üç bolup ýaryşsalar gerek. Üçünji hem-de dördünji orunlardaky toparlaryň arasynda 8 utuklyk tapawudyň bardygyny siz hem gören bolsaňyz. Türkiýäniň meşhur tälimçileriniň biri Fatih Terimiň: «8-em ýapylar, 18-em» diýen sözleriniň dördünji orundaky (häzir bu orunda «Energetik» bar) topara degişli bolup biljekdigine ynanmak kyn.

Emma ýene bir zady unutmaly däl: Ýokary ligadaky islendik topar biri-biri bilen başa-baş göreşip biljek derejede güýçli. Biz yzda galan iki aýlawda soňky orunlardaky toparlaryň käbir duşuşyklarda öňderbaryjylaryň «tizligini gowşadyp» bilendigini görüpdik. Bu ýagdaýyň ýene-de gaýtalanmajakdygyna kim güwä geçip biler.

Indi bolsa artykmaç wagtyňyzy alyp oturman, biz iki aýlawyň netijesi boýunça käbir belliklerimizi siz bilen paýlaşmakçy. Olaryň türkmen futbolynyň janköýerleri üçin gyzykly boljakdygyna ynanýarys:

Iň köp ýeňiş gazanan: 14 duşuşygyň 8-sinde ýeňiş gazanan «Altyn asyr» bilen «Şagadam» bu babatda iň ýokary netijäni görkezdi.

Deňlikleriň topary: 6 duşuşygyny deňme-deňlik bilen tamamlan «Ahal» ýitiren utuklary bilen iki aýlawdan soňra üçünji orna düşdi.

Iň köp utulan: Ýaryş teribiniň ahyrky ornundaky «Merw» geçirilen 14 duşuşygyň 10-synda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Iň köp pökgi geçiren: «Altyn asyr» garşydaş derwezlere 30 pökgi geçirip, bu sanawyň başyny çekýär.

Öz derwezesine iň köp pökgi geçirden: Garşydaş toparlaryň futbolçylary «Merwiň» derwezesine 25 pökgi geçirdiler.

Iň köp utuk toplan: «Altyn asyr» 29 utuk bilen ikinji aýlawdan soň ýaryşyň başyny çekýär.

Iň netijeli futbolçy: «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew jemi 10 gezek tapawutlanyp, netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýär. Ýeri gelende aýtsak, 14 tapgyrda jemi 58 futbolçy tapawutlandy. 6 futbolçy bolsa öz derwezesine pökgi geçirdi.

Iň köp pökgi geçirilen tapgyrlar: Birinji hem-de üçünji tapgyrlarda derwezelere 13 pökgi geçirildi. Bary-ýogy 5 pökgi bilen tamamlanan dördünji we sekizinji tapgyrlar iki aýlawyň iň «sessiz» tapgyrlary boldy.

Iň köp pökgi geçirilen duşuşyk: Birinji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Nebitçi» duşuşygynda derwezlere 7 pökgi girizildi. 5:2 hasabynda «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlanan bu duşuşyk yzda galan 14 tapgyrdaky iň «sahy» duşuşykdyr. Ikinji orunda bolsa, 12-nji tapgyra degişli, 6:0 hasabynda tamamlanan «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygy bar. Görşüňiz ýaly, ýaryşyň kerwenbaşysy bu duşuşyklaryň ikisinde-de üstün çykan tarapdyr.

Hasapdaky iň uly tapawut: Ýeňijiniň garşydaşyny 6 pökgi tapawudy bilen ýeňen «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygy şu möwsümde şeýle uly tapawut mahsus ýeke-täk oýundyr.

Hut şu möwsümde: Ýokary ligada Myrat Ýagşyýew «Altyn asyrdaky» 60-njy, Altymyrat Annadurdyýew hem «Altyn asyrdaky» 50-nji, Didar Durdyýew «Ahaldaky» 30-njy, Hemra Amanmämmedow «Şagadamdaky» 40-njy pökgüsini geçirdi.

Bir duşuşykda köp gezek tapawutlananlar: Möwsümde heniz het-trik edip bilen futbolçy ýok. Ýöne 12 futbolça bir duşuşykda iki gezek tapawutlanmak başartdy. Altymyrat Annadurdyýew bolsa muny üç gezek başaran ýeke-täk futbolçydyr. Onuň birinji, dokuzynjy hem-de on ikinji tapgyrlarda garşydaşlarynyň derwezesinden goşa pökgi geçirendigi okyjylarymyzyň hem ýadynda bolsa gerek.

Hut şu möwsümde Ýokary liganyň taryhynda: «Şagadam» 700-nji duşuşygyny geçirdi; «Energetik» 50-nji ýeňşini gazandy; «Köpetdag» 90-njy, «Energetik» 30-njy gezek deňme-deň oýnady; «Merw» 300-nji, «Energetik» 60-njy gezek utuldy; «Energetik» derwezesinde 200-nji pökgini gördi; «Aşgabat» 600-nji utugyny gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar