Öz derwezäňe urlan gol, ýa-da başgaça “awtogol” futbolda ýygy-ýygydan bolup durýar. Emma şeýle zady eden oýunça uly pul baýragy berlen ýagdaý hem bolup geçipdir.
1974-nji ýylyň dünýä çempionaty başlanmazyndan öň Amsterdamyň banklarynyň biri Gollandiýanyň ýygyndy toparynyň futbolçylarynyň bu ýaryşda uran her bir goly üçin 5000 gulden tölemegi (müň dollara golaý) wada beripdir.
Dünýä çempionaty gollandiýalylar üçin örän şowly başlapdyr. Ilkinji alty duşuşykda futbolçylar 14 gezek gol edip, diňe bir gol olaryň derwezelerine urulýar. Özem öz oýunçylary sebäpli. Bolgariýanyň ýygyndy topary bilen ýaryşanda Gollandiýanyň ýygyndy toparynyň goragçysy Rud Krol öz derwezesine gol urýar.
Futbolçylar Krolyň “awtogoly” üçin hem pul tölenmegini talap edipdirler, sebäbi, şertnama laýyklykda, Gollandiýanyň ýygyndy toparynyň oýunçylarynyň uran ähli toplaryna pul tölenmeli. Bankçylar uzak wagtlap närazylyk bildiripdirler, emma jemgyýetçilik mejbur edenden soň boýun bolmaly bolupdyrlar. Şondan soň olar diňe garşydaşlaryň derwezelerine urlan gol üçin pul tölenýär diýip pul baýragynyň tölenmeginiň şertlerine üýtgeşmeler girizipdirler. Şeýdip işeňňir gollandiýaly futbolçylar şeýle ýagdaýda-da peýda alyp bilipdirler.
Kolumbiýanyň ýygyndy toparynyň oýunçysy Andreas Eskobar bolsa “awtogol” sebäpli öz toparyny ýeňlişe sezewar edýär. Ýigrimi ýedi ýaşly goragçy Eskobar Kolumbiýanyň ýygyndy toparynyň öňdebaryjy oýunçylarynyň biri bolupdyr. 1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatynda toparlaýyn ýaryşyň soňky duşuşygynda kolumbiýalylar birinjiligiň eýeleri, Amerikanyň ýygyndy topary bilen duşuşypdyrlar. ABŞ-nyň ýygyndy toparynyň hüjümleriniň birinde Andreas Eskobar öz jerime meýdanyna gelýän topy saklamaga synanyşyp, tötänden topy öz derwezelerine urup goýberýär. Kolumbiýa 1:2 hasaby bilen ýeňilýär we ýaryşdan çykyp gidýär.
