Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: 12-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1520

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

54 golçy: Şu tapgyrdan soň möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 54-e çykdy. Tapgyrda sanawa bir futbolçy ― «Köpetdagdan» Döwletmyrat Seýitmuhammedow goşuldy.

6 gol: Tapgyrda derwezelere 6 gol geçirildi. Şeýlelikde, 12-nji tapgyr şu möwsümde 6 gol bilen tamamlanan ýeke-täk tapgyrdyr.

125 gol: Bu tapgyrdan soňra möwsümde geçirilen gollaryň sany 125-e çykdy.

Her duşuşykda bir dublçy: Tapgyrdaky gol geçirilen duşuşyklaryň her haýsynda bir dublçynyň (iki pökgi geçiren futbolçynyň) bolmagy hem seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr.

 

 “Aşgabat” – “Köpetdag” – 1:2

Gollar: 67 Orazberdi Myradow (“Aşgabat”) – 75, 78 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)

«Aşgabat» 10-njy goluny geçirdi: Orazberdi Myradowyň bu duşuşykdaky goly «Aşgabadyň» möwsümdäki 10-njy goludyr.

Myradow ― «Aşgabadyň» bombardiri: Paýtagtyň adybir toparynyň şu möwsümde geçiren 10 golunyň deň ýarysynyň ― 5-siniň awtory Orazberdi Myradow möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda «Şagadamdan» Serdaraly Ataýew we Kerim Hojaberdiýew bilen bilelikde üçünji orny paýlaşýar.

Ornuny çalyşdylar: Gazanylan ýeňişden soňra «Köpetdag» bäşinji orna çykdy.

Ýene şol bir hasap: «Köpetdag» «Aşgabady» birinji aýlawda hem 2:1 hasabynda ýeňipdi.

 

 “Nebitçi” – “Energetik” – 0:0

Bu gezek başartmady: «Energetik» «Nebitçini» birinji aýlawda 1:0 hasabynda ýeňipdi.

8-nji şowsuzlyk: Bassyr 8 tepagyr bäri garşydaşlaryny ýeňip bilmeýän «Nebitçi» iň soňky ýeňşini 6-njy tapgyrda gazanypdy. Şol gezek topar Balkanabatda «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňipdi.

 

“Ahal” – “Şagadam” – 2:1

Gollar: 36, 90+4 Didar Durdyýew (“Ahal”) – 62 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Aralyk ýygryldy: Indi «Şagadam» bilen «Ahalyň» arasynda 1 utuk tapawut bar.

Durdyýew ýene bombardirlige şärik: Duşuşykda iki gezek tapawutlanan Didar Durdyýew möwsümdäki gollarynyň sanyny 8-e çykaryp, birinji orundaky Altymyrat Annadurdyýewe şärik boldy.

Hojaberdiýew ― ilkinji üçlükde: Kerim Hojaberdiýew şu möwsümde bäşinji pökgüsini geçirip, bombardirlik ýaryşynyň üçünji ornuna şärik boldy.

Didar Durdyýew «Ahalyň» taryhyna girýär: Toparda 2010-njy ýyldan bäri diňe Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçiren Didar Durdyýew toparyň taryhyndaky iň golçy futbolçylaryň biri boldy. Biziň 2013-nji ýyldan bäri gaýdýan («Wikipedia» erkin ensiklopediýasynda Didar Durdyýewiň «Ahalda» 2010-njy ýyldan bäri geçiren gollarynyň maglumatyny tapmak başartdy) sanawymyzda birinji orny 33 gol bilen Wahyt Orazsähedow eýeleýär. Diýmek, Didar Durdyýew ýene dört goldan soňra birinji orna çykyp biler.

Durdyýew ― «Şagadam» 3:1: «Ahalyň» şu ýyl «Şagadamyň» derwezesinden geçiren gollarynyň ählisi Didar Durdyýewe degişli. Has takygy, «Ahal» «Şagadamy» iki aýlawyň netijesi boýunça 3:1 hasabynda ýeňdi diýsek, bu gollaryň üçüsinem Didar Durdyýew geçirendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar