Arhiw

TÝL - 2019: 13-nji tapgyryň "Merw" - "Ahal" duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1556

“Merw” – “Ahal” – 0:1

Gol: 55 Didar Durdyýew (“Ahal”)

«Ahal» ikinji orna geçdi: 13 duşuşykda 24 utuk toplan «Ahal» bu ýeňişden soňra ýaryş tertibinde ikinji orna geçdi. Ýöne üçünji orundaky «Altyn asyryň» ätiýaçda bir duşuşygynyň bardygyny hem ýatlatmak gerek. «Altyn asyrda» häzir 23 utuk bar.

17 ― 7: Şu duşuşykdan soňra «Ahalyň» geçiren we öz derwezesine geçirden gollarynyň arasyndaky tapawut 10-a çykdy.

9 ― 19: Edil şeýle tapawut «Merwde» hem emele geldi. Ýaryşyň soňky ornundaky topar 13 duşuşykda garşydaş derwezelere 9 pökgi geçirip, öz derwezesinde 19 pökgi gördi.

Durdyýew ikinji orna şärik: «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 6-a çykaryp, bombardirlik ýaryşynda «Altyn asyrdan» Myrat Ýagşyýew bilen bilelikde ikinji orna şärik boldy. Birinji orundaky Altymyrat Annadurdyýewiň («Altyn asyr») 8 goly bar.

13-nji tapgyrda 10 gol: Şeýlelikde, Ýokary liganyň 13-nji tapgyry dört duşuşykda 10 goluň geçirilmegi bilen tamamlandy. Möwsümde umumy geçirilen gollaryň sany bolsa 119-a çykdy.

220-nji ýeňiş: «Ahal» Ýokary ligadaky 220-nji ýeňşini gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar