Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" - "Dordoý" duşuşygyndan ozal käbir bellikler

0
1590
  • Şu duşuşyk ýurdumyzyň futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlardaky ýubileý - 90-njy duşuşygy bolar.
  • Eger "Altyn asyr" ýeňiş gazansa, onda bu ýeňiş türkmen futbol toparlarynyň yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky 30-njy üstünligi bolar.
  • Ertir ýurdumyzyň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen şu ýaryşdaky 17-nji duşuşygyny geçirerler.
  • Şol sanda bu duşuşyk türkmen toparlarynyň "Dordoý" bilen 9-njy duşuşygy bolar.
  • Ertir "Altyn asyr" AFK-nyň kubogyndaky 29-njy duşuşygyny geçirer.
  • Toparyň yklym ýaryşynda henize çenli geçiren duşuşyklarynda 12 ýeňiş, 11 deňlik we 5 utulyş bar.
  • "Altyn asyr" AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda garşydaş derwezelere jemi 45 pökgi geçirdi, topar öz derwezesinde bolsa 27 pökgi gördi.
  • Altymyrat Annadurdyýew bilen Myrat Ýagşyýew "Altyn asyryň" düzüminde AFK-nyň kubogynda iň köp tapawutlanan futbolçylardyr. Bu futbolçylaryň birinjisi şu ýaryşda "Altyn asyryň" düzüminde oýnan ýyllarynda 12, ikinjisi bolsa 11 gezek tapawutlandy.
  • Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň kubogynda "Altyn asyryň" düzüminde jemi 14 futbolçy tapawutlandy.
  • Yzda galan duşuşyklarda "Dordoýyň" derwezesine Altymyrat Annadurdyýew 2, Myrat Ýagşyýew 1 pökgi geçirdi. Şeýle hem gyrgyz toparynyň derwezesinden Arslanmyrat Amanow 2, Annasähet Annasähedow 1 pökgi geçirdi.
  • Ertirki duşuşyk "Altyn asyryň" "Dordoý" bilen geçirjek dördünji duşuşygy bolar. Yzda galan 3 duşuşygyň ikisi "Altyn asyryň" ýeňşi bilen, biri bolsa deňme-deňlikde tamamlandy. Olardaky pökgi gatnaşygy: 6/1 - "Altyn asyryň" peýdasyna.
  • "Altyn asyryň" bu ýaryşda jemi 12 topar bilen duşuşyklary geçirendigini hem ýatlatmak gerek. Olar 10 döwlete wekilçilik edýärler. Ertir "Altyn asyr" Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 8-nji duşuşygyny geçirer.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar