Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1370

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Hasaba görä: Hasaba görä, çempionatyň ýarysy tamamlandy, ýöne öňde ätiýaçdaky günler bar. Elbetde, ol günleriň içi duşuşykdan doly. Şonuň üçin tomsuň gyzgyn günlerinde Türkmenistanda futbol şowhuny dowam edýär.

Birinji bilen sekizinjiniň meňzeşligi: «Şagadam» möwsümdäki 8-nji ýeňşini gazandy, «Merw» bolsa 8-nji gezek ýeňildi.

+ 1 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna bu gezek diňe bir oýunçy ― «Aşgabatdan» Orazmuhammet Işangulyýew goşuldy. Şeýlelikde, şu möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 53-e çykdy.

8 gol: Tapgyrda derwezelere 8 gol geçirildi. Mundan ozal göni 8 gol bilen tamamlanan ýekeje tapgyr hem ýokdy. Şeýlelikde, möwsümde geçirilen gollaryň sany 118-e çykdy.

 

 “Nebitçi” – “Şagadam” – 1:2

Gollar: 15 Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”) – 45+1 Daýanç Orazgulyýew, 82 Kerim Hojaberdiýew.

«Şagadam» arany açýar: Bu ýeňişden soň «kenarlylar» utugyny 28-e çykardy. Tapgyrda «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» utuk ýitirmegi olaryň ýeňiş şatlygyna şatlyk goşdy. «Şagadam» indi ýaryş tertibindäki iň ýakyn bäsdeşinden ― «Altyn asyrdan» 5 utuk öňde. Topar bu üstünligi dowam etdirip bilse, çempionatyň deň ýarysyny lider bolup tamamlar.

Metdäýewiň goşa 10-lugy: Akmämmet Metdäýew şu duşuşykda hem «Nebitçiniň» möwsümdäki 10-njy goluny geçirdi, hem-de «Şagadamyň» derwezesine möwsümde 10-njy goly geçiren futbolçy boldy.

Ýene ikisi: Daýanç Orazgulyýew bilen Kerim Hojaberdiýew «Şagadamyň» soňky iki duşuşygynda hem tapawutlandylar.

Bu gezek ýeňiş nesip etdi: Birinji aýlawda (7-nji tapgyr) geçirilen «Şagadam» ― «Nebitçi» duşuşygy deňlik (1:1) bilen tamamlanypdy. Bu gezek «Şagadam» «Nebitçini» öz meýdanynda ýeňmegiň ýoluny tapdy. Iki duşuşygyň jemi boýunça şu möwsümde: «Nebitçi» ― «Şagadam» ― 2:3.

Ýeňiş tapgyry 5, ýeňilmezlik tapgyry 8 duşuşyk: «Şagadam», şeýlelikde, bassyr bäşinji duşuşygynda ýeňiş gazandy, bassyr 8-nji duşuşygynda garşydaşlaryndan ýeňilmedi. Kenarýaka şäheriň topary iň soňky gezek 5-nji tapgyrda öz meýdanynda «Ahaldan» asgyn gelipdi.

 

 “Energetik” – “Merw” – 1:0

Gol: 26 Döwran Hojamämmedow (“Energetik”)

Üçünjilige umyt: Bu ýeňişden soň «Energetik» üçünji orundaky «Ahal» bilen aralygy 3 utuga çenli ýygyrdy.

Bu derbide-de: «Energetik» 7-nji tapgyrda geçirilen duşuşykda he edil şu hasap bilen üstün çykypdy. Bir tapawudy, ol gün Döwlet Baýramow tapawutlanypdy. Şeýlelikde, iki aýlaw boýunça: «Energetik» ― «Merw» ― 2:0.

 

 “Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 1:1

Gollar: 90+3 Orazmuhammet Işangulyýew (“Aşgabat”) – 76 Murat Ýakşiýew (“Altyn Asyr”)

Ýagşyýew ikinji orna geçdi: Möwsümdäki 6-njy pökgüsini geçiren Myrat Ýagşyýew bombardirlik sanawynda ikinji orna geçdi.

«Altyn asyr» deňlikçileriň 10-lugynda: Ýokary ligada 57-nji gezek deňme-deň hasap bilen oýnan «Altyn asyr» Türkmenabadyň «Bagtyýarlyk-Lebabyny» yzda galdyryp, çempionatyň taryhynda iň köp duşuşygy deňlik bilen tamamlanan toparlaryň ilkinji 10-lugyna girdi. Başyny 152 deňlik bilen «Merw» çekýän sanawyň 9-njy ornunda 62 deňlik bilen türkmen futbolynyň rowaýaty toparlarynyň biri «Nisa» bar.

Soňky 6 ýylyň netijesine eýýäm ýetdi: Şu möwsümde eýýäm bäşinji duşuşygy deňlikde tamamlanan «Altyn asyr» taryhyndaky 6-njy çempionlygyna barýan ýolda kösenýär. Maglumatlar soňky 6 möwsümde toparyň 5-den kän duşuşygy deňlikde tamamlamandygyny görkezýär. Has takygy, çempionatda 2008-nji ýyldan bäri çykyş edýän «Altyn asyr» 2013, 2014, 2015 we 2016-njy ýyllaryň möwsümleriniň ählisinde 5, 2017-nji ýylda 4, geçen ýyl bolsa 3 deňlik bilen oýnady. Toparyň taryhynda deňlikde tamamlanan duşuşyklaryň iň kän ýyly 2011-nji ýyldyr. Şol ýyl topar jemi 9 duşuşykda 1 utukdan gazanypdyr.

Ilkinji duşuşykda ýeňiji ýok: «Altyn asyr» bilen «Aşgabat» şu möwsümde ilkinji gezek duşuşdylar, ýöne ýeňiji ýok.

Ýene bir gol: «Altyn asyr» bassyr dört tapgyr bäri garşydaş derwezelere 1-den artyk gol geçirip bilenok.

Bassyr üç tapgyr bäri ýeňlenok: Möwsümiň başynda o diýen bir gowy oýny orta goýup bilmedik «Aşgabat» soňky üç tapgyrda iki ýeňiş, bir deňlik bilen bäşinji orna çenli çykdy.

 

“Ahal” – “Köpetdag” – 1:1

Gollar: 36 Guwanç Abylow (“Ahal”) – 90+4 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”)

«Köpetdaga» 20 gol geçirildi: Guwanç Abylow şu möwsümde «Köpetdagyň» derwezesinden 20-nji pökgini geçiren futbolçy boldy.

Abylowyň 10-njy goly: Tejribeli ýarym goragçy Guwanç Abylow «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi. Ol bu netije bilen, 2013-nji ýyldan bäri «Ahalyň» düzüminde tapawutlanan 51 futbolçylyk sanawda ilkinji 20-lige girýär.

Ýubileý duşuşyk: «Ahal» Ýokary ligadaky 570-nji duşuşygyny geçirdi.

Ýene şol bir hasap: Iki toparyň arasynda birinji aýlawdaky duşuşyk hem 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Iki aýlawdan soň umumy netije: 2:2.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar