Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 5-nji tapgyryň "Merw" - "Altyn asyr" duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1402

«Merw» ― «Altyn asyr» ― 1:3.

Gollar: Döwlet Döwletmyradow 70 ― Bagtyýar Gürgenow 32, Gurbangeldi Batyrow 47, Myrat Annaýew 81.

10 duşuşykda 20 gol: Ýokary liganyň 27-nji möwsümindäki 10-njy duşuşygyny geçiren "Altyn asyr" garşydaş derwezelere geçiren gollarynyň sanyny 20-ä tegeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri möwsümde bu sepgide ýeten ilkinji topardyr. Hatda, ýaryş tertibiniň birinji ornundaky "Şagadamda" hem 18 gol bar.

Möwsümde ilkinji ädimler: Gurbangeldi Batyrow bilen Bagtyýar Gürgenow möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

50 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 50-ä deňleşdi.

Gürgenow ilkinji goluny geçirdi: «Altyn asyrdan» Bagtyýar Gürgenow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

5-nji tapgyrda 9 gol: Tapgyryň ozalky üç duşuşygynda derwezelere 5 pökgi geçirilipdi. Bu gezekki gollar bilen tapgyrda geçirilen pökgüleriň sany 9-a çykdy. Mundan ozal diňe 10-njy tapgyr 9 gol bilen tamamlanypdy.

88-nji gol: Myrat Annaýewiň geçiren pökgüsi şu möwsümdäki 88-nji goldur. Şeýlelikde, 11 tapgyryň her haýsyna ortaça 8 goldan düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar