TÝL - 2019: 11-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1544

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Indi ýeňilmedik topar ýok: «Altyn asyr» bilen «Ahal» möwsümde ilkinji gezek garşydaşlaryndan ýeňildiler. Indi çempionatyň 27-nji möwsüminde ýeňilmedik ýekeje topar hem galmady.

48 golçy, 6 awtogolçy: «Merwden» Begenç Alamowyň we «Energetikden» Döwran Hojamämmedowyň goşulmagy bilen, Ýokary ligasynyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 48-e ýetdi. Şol sanda «Merwden» Döwlet Döwletmyradow yzda galan 11 tapgyrda öz derwezesine pökgi geçiren 6-njy futbolçydyr.

10 gol: 11-nji tapgyr şu möwsümde 10 gol bilen tamamlanan üçünji tapgyr boldy. Mundan ozal 2-nji we 6-njy tapgyrlar edil şeýle netije bilen tamamlanypdy.

11 tapgyrda 84 gol: Çempionatyň şu möwsüminde geçirilen gollaryň sany 84-e çykdy. Bu bolsa, her tapgyrda 7,6 goluň geçirilendigini görkezýär.

Birmeňzeş utuşlar: Tapgyrdaky ähli duşuşyklar ýeňiji toparyň ýeke pökgi artykmaçlygy bilen tamamlandy. Netijeleri üçüsi 2:1, galan biri 1:0-dur.

“Merw” – “Aşgabat” – 1:2

Gollar: 79 Begenç Alamow 11 m.j.u.– 36 Döwlet Döwletmyradow – öz derwezesine, 64 Orazberdi Myradow.

«Aşgabat» 10-njy utugyny gazandy: Bu ýeňişden soňra «Aşgabat» möwsümde ýedinji bolup utugyny 10-a çykardy. Indi diňe «Merwde» 6 utuk bar.

 “Köpetdag” – “Nebitçi” – 1:0

Gollar: 20 Batyrgylyç Berdiýew

________________________________

 “Şagadam” – “Altyn Asyr” – 2:1

Gollar: 85 Yhlas Magtymow, 90+1 Röwşengeldi Halmämmedow – 32 Altymyrat Annadurdyýew

«Şagadam» birinji orunda: «Ahal» bilen «Altyn asyryň» bir günde utuk ýitirmegi «Şagadamy» ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykardy.

Ýeňişleriň hem lideri: «Şagadam» möwsümde 6-njy ýeňşini gazandy. «Kenarlylaryň» beýleki garşydaşlarynyň hiç birinde hem heniz 6 ýeňiş ýok.

20 utukly ikinji topar: «Şagadam» şu möwsümde 20 utuk topaln ikinji topardyr. Ýöne häzir «Şagadamda» 22, «Ahalda» 20 utuk bar.

«Şagadam» şol bir oýunçylar bilen ýeňdi: «Şagadam» Ýokary ligadaky soňky iki duşuşygynda şol bir oýunçylaryň tapawutlanmagy bilen ýeňiş gazandy. Has takygy, Yhlas Magtymow bilen Röwşen Halmämmedow «kenarlylaryň» soňky iki duşuşygynda hem tapawutlandy.

«Altyn asyr» hem 10 gol geçirtdi: Şu duşuşykdan soň häzirki çempion «Altyn asyryň» hem möwsümde öz derwezesine geçirden gollarynyň sany 10-a çykdy. Indi diňe iki topar ― «Şagadam» bilen «Ahal» derwezesinde 10-dan az gol gördi.

«Altyn asyryň» 7-ligi 7-nji goluny geçirdi: «Altyn asyryň» 7-nji belgide çykyş edýän futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew şu möwsüm Ýokary ligadaky 7-nji goluny geçirdi. Ol möwsümiň netijeli futbolçylarynyň sanawynda-da topardaşy Myrat Ýagşyýew bilen «Ahaldan» Didar Durdyýewden iki gol öňde barýar.

Altymyrat altynjy ýerde: Şu duşuşykdan soňra Ýokary ligada 76-njy goluny geçiren Altymyrat Annadurdyýew çempionatda 2012-nji ýyldan bäri tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda 6-njy orna geçdi. A.Annadurdyýew çempionatda ýene-de ýekeje gezek tapawutlansa, tejribeli futbolçylarymyzyň biri Mämmedaly Karadanowy hem yzda galdyryp, 5-nji orna geçer.

 “Energetik” – “Ahal” – 2:1

Gollar: 22 Pirmyrat Gazakow, 71 Döwran Hojamämmedow– 45+2 Merdan Gurbanow – 11 m.j.u.

«Energetik» hem birinji onlugy doldurdy: Duşuşykda Pirmyrat Gazakowyň geçiren pökgüsi «Energetigiň» şu möwsümdäki 10-njy goludyr. Şeýlelikde, topar bäşinji bolup, 10 golluk sepgide ýetdi. Ýeri gelende aýtsak, «Nebitçi», «Aşgabat» we «Merw» heniz bu sepgide ýetip bilmedik toparlardyr.

Gazakow «Energetikde» 10-njy goluny geçirdi: «Energetigiň» düzüminde arakesmeler bilen çykyş eden hüjümçi Pirmyrat Gazakow şu tapgyrda toparyň düzüminde Ýokary ligada 10-njy gezek tapawutlandy.

Gurbanow «Energetigiň» «taryhyna girdi»: Merdan Gurbanow dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen «Energetigiň» derwezesine Ýokary ligadaky 200-nji pökgini geçiren futbolçy boldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar