Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 7-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1909

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýaryş tertibi: «Ahal» 7/17; «Şagadam» 7/12; «Energetik» 6/10; «Nebitçi» 7/10; «Altyn asyr» 4/8; «Köpetdag» 7/7; «Merw» 6/3; «Aşgabat» 6/3.

Ýene iki topar ilkinji menzilde: Birinji aýlawyň jemleýji tapgyryndan soň, «Energetik» bilen «Nebitçi» hem 10 utuklyk sepgide ýetdi. Indi çempionatdaky 8 toparyň deň ýarysynda azyndan 10 utuk bar.

Täze bir golçy: Döwlet Baýramow («Energetik») möwsümde ilkinji goluny geçirdi. Şeýlelikde, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 34-e çykdy.

59 gol: Ýokary liganyň birinji aýlawy 59 gol bilen tamamlandy.

 

 “Şagadam” – “Nebitçi” – 1:1

Gollar: 52 Hemra Annamämmedow, öz derwezesine (“Şagadam”) – 36 Azat Garajaýew, öz derwezesine (“Nebitçi”).

Möwsümde, belki-de birnäçe ýyldan soň ilkinji gezek: ... bir duşuşyk her toparyň öz oýunçylarynyň öz derwezesine gol urmagy bilen tamamlandy. Üns berseňiz, duşuşykdaky gollaryň ikisem awtogoldyr.

Deňliklerde lider: «Şagadamyň» birinji aýlawda geçiren 7 duşuşygynyň 3-si deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýändigine garamazdan, «kenarlylar» birinji aýlawyň iň «deňlikçi» toparydyr.

 

 “Merw” – “Energetik” – 0:1

Gol: 58 Döwlet Baýramow (“Energetik”)

Birinji aýlawda ýene bürünç medal: Bu ýeňiş bilen «Energetik» ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. Toparyň heniz ätiýaçda hem bir duşuşygy bar.

Şowsuz ýol belentlige tarap: Birinji aýlawda geçiren 6 duşuşygynyň 5-sinde garşydaşlaryndan asgyn gelen «Merw» utulyşlarynyň sany boýunça ýaryş tertibiniň iň soňky ornundaky «Aşgabat» bilen deňleşdi.

300-nji utulyş: «Merw» Ýokary ligada tegelek 300-nji gezek utuldy. Mekan Nasyrow utulyşlaryň sany boýunça Daşoguzyň «Turanyndan» soňra ikinji orunda. «Turan» Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 393 duşuşykda garşydaşlaryndan asgyn gelipdi.

 

“Köpetdag” – “Ahal” – 1:1

Gollar: 52 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 73 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”)

8 möwsümde 50-nji gol: Hüjümçi Pirmyrat Sultanow Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri 50-nji gezek tapawutlandy.

 

“Aşgabat” – “Altyn Asyr”  (geçirilen 04.07.2019 ý.)

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar