Sambo: Aşgabatda dünýä çempionaty geçiriler

0
2432

Halkara sambo federasiýasynyň prezidentiniň Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýazan gutlag hatynda aýdylyşy ýaly, 2020-nji ýyldaky sambo boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler. Halkara ýaryşlaryň ençemesini ýokary derejede geçiren Aşgabat ýene-de bir ýyldan sambo boýunça dünýä çempionatyny kabul eder.
Sambonyň döredilenine 80 ýyldan gowrak wagt geçdi. Başa-baş söweş sungatynyň beýleki görnüşleriniňki ýaly, telim asyrlyk taryhy bolmasa-da, sambo Ýer ýüzünde diýseň çalt ýaýrady we gysga wagtda uly meşhurlyk gazandy. Ilkinji dünýä çempionaty 1973-nji, ilkinji Aziýa çempionaty bolsa 1994-nji ýylda geçirildi. Sambo Aziýa, Ýewropa oýunlarynyň hem maksatnamasyndan orun alýar. Dürli döwletlerde geçirilýän halkara kuboklaryň sany bolsa barmak büküp sanardan kändir.
FIAS-nyň 22-nji martda gelen kararynyň aňyrsynda iki sebäp bar. Olaryň birinjisi türkmen türgenleriniň halkara sambo ýaryşlarynda diýseň üstünlikli çykyş edýänligidir. Sözümizi delillendirmek üçin mysaly uzakdan gözlemeli däl. Hut ýaňy-ýakynda türkmen samboçylary Moskwanyň «Lužniki» olimpiýa toplumynda geçirilen «Harlampiýewiň ýadygärligine» dünýä kubogy ugrunda ýaryşlarda on iki medala — üç kümüş we dokuz bürünç medala eýe boldular.
Ikinji bir sebäp bolsa Türkmenistanyň sambo boýunça halkara ýaryşlary ozal hem ýokary derejede geçirip, halkara sport guramalarynyň belent ynamyna eýe bolanlygydyr. Asyryň ikinji onýyllygynyň başynda Merkezi Aziýa boýunça çempionatlary kabul eden paýtagtymyzda 2016-njy ýylda ilkinji gezek Aziýa çempionaty geçirildi. Tertip boýunça 17-nji yklym çempionaty 17 ýurtdan 400 töweregi türgeni özünde jemledi. Ildeşlerimiz altyn medallaryň 21-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Türkmenistanyň toparynyň ähli gazanan medallary 66-a deň boldy. Olaryň arasynda altyn medallardan başga-da 26 kümüş hem-de 19 bürünç medallar bar. 
2017-nji ýylda bolsa, mälim bolşy ýaly, ak şäherimiz Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gujagyny giňden açdy. Sambo Aşgabat — 2017-niň iň gyzykly ýaryşlarynyň biri boldy. Has begençli tarapy bolsa sambo biziň türgenlerimiziň toparlaýyn birinji orna mynasyp bolan ýaryşlarynyň biri boldy. Has takygy, 23 medal gazanan türgenlerimiz ýaryş tertibiniň iň ýokarky basgançagyndan orun aldylar. Türgenlerimiziň gazanan medallarynyň 8-si altyn, 6-sy kümüş, 9-sy bürünç medallardyr.
Bosagada bolsa dünýä çempionaty dur. Diýmek, sambonyň muşdaklarynyň ünsi ýene-de Aşgabada gönüger. Aşgabat dünýä çempionatlarynyň 44-nji gonalgasy bolar. Ikinji bir tarapdan bolsa, sambo boýunça dünýä çempionaty 10 ýyldan soňra ýene-de Merkezi Aziýadaky şähere gaýdyp geler. Biziň sebitimizdäki bütindünýä sambo baýramçylygy iň soňky gezek 2010-njy ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilipdi. Şu ýyl bolsa çempionat Koreýa Respublikasynda geçiriler. 
Ilkinji çempionatlara 10, hatda ondan hem az döwletden türgenler gatnaşan bolsa, häzir gatnaşyjy döwletleriň sany 80-den geçdi. Aşgabatdaky çempionata hem uly wekilçilikli toparlaryň gelmegine garaşylýar.
FIAS-nyň ýolbaşçysy Wasiliý Şestakowyň hatynda hem aýdylyşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi türkmen paýtagtynda geçiriljek çempionatyň ýokary guramaçylyga beslenjekdigine ynam bildirýär. Nesip bolsa, şeýle-de bolar!

Agageldi ITALMAZOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar