Soňky habarlar

Arhiw

Futbol. TÝL - 2019: 1-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1723

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

11 gol: Birinji tapgyryň duşuşyklarynda derwezelere jemi 11 pökgi geçirildi. Olaryň 6-syny öý eýeleri, 5-sini myhman toparlar geçirdiler. Ýöne ätiýaçda ýene bir duşuşygyň bardygyny ýatlamak gerek.

14 oýunça duýduryş: Birinji tapgyrda eminler tarapyndan jemi 14 sany sary, bir sany gyzyl kart görkezildi.

Bir ýeňiş üçin 3 gol tapawut: Tapgyrdaky duşuşyklaryň ikisi ýeňijiniň ýeňlen topara garanyňda, 3 pökgini artykmaç geçirmegi bilen tamamlandy. Has takygy, «Altyn asyr» «Nebitçini» 5:2 hasabynda ýeňen bolsa, «Energetik» öz meýdanynda «Köpetdagdan» 0:3 hasaby bilen ýeňildi.

Üç duşuşykda üç dubl: Täze möwsüm dubllar bilen başlady. Eýýäm ilkinji tapgyrda «Altyn asyrdan» iki, «Köpetdagdan» bir futbolçy iki gezek tapawutlanmagy başardy.

 

 “Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 5:2

Gollar: 9’, 19’ Altymyrat Annadurdyýew, 22’, 47’ Myrat Ýagşyýew, 44’ Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”) – 33’ Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u.), 86’ Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

Bellik: Duşuşygyň 31-nji minutynda Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi)

Duýduryşlar: 26’ Serdar Geldiýew, 31’ Bagtyýar Gürgenow (“Altyn Asyr”) – 36’ Alikper Kerimow (“Nebitçi”)

Çempion galan ýerinden dowam etdirýär: Bassyr bäş möwsümi çempionlyk bilen tamamlap, Ýokary liganyň rekordyny goýan «Altyn asyr» täze möwsüme-de uly hasaply ýeňiş bilen girişdi.

Bombardir galan ýerinden dowam etdirýär: Geçen möwsümde 19 pökgi bilen Ýokary liganyň iň kän tapawutlanan futbolçysy bolmagy başaran Altymyrat Annadurdyýew täze möwsümiň eýýäm birinji tapgyrynda eden dubly bilen, ýene-de ýaryşyň içindedigini görkezdi. Galyberse-de, ol täze möwsümde geçirilen ilkinji goly hem öz adyna ýazdyrdy.

70 gol bilen ýedinji: Şu duşuşykda Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 70-e tegelän Altymyrat Annadurdyýew soňky 8 möwsüm bäri ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda-da ýedinji orna çykdy. Ozal bu orunda 69 gezek tapawutlanan Aleksandr Boliýan bardy. Altynjy basgançagy bolsa 73 gol bilen, häzirlikçe, «Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Guwanç Abylow eýeleýär.

Häzirden dalaşgär: «Altyn asyr» ― «Nebitçi» duşuşygy eýýämden möwsümiň iň kän gol geçirilen duşuşyklarynyň biri bolmaga dalaşgär. Görşüňiz ýaly, bu duşuşykda janköýerler jemi 7 gola şaýat boldular. Eger geçen möwsümde iň kän gol geçirilen duşuşykda 7 goluň hasaba alnandygyny ýatlatsak, bu duşuşygy eýýämden ýokarky basgançaklaryň birine goýup bileris. Ýöne, kim bilýär?! Has uly hasap bilen tamamlanan duşuşyklara hem şaýat bolan ligamyzda her hili ýagdaý bolup biler.

 

 “Energetik” – “Köpetdag” – 0:3

Gollar: 9’ Baýramgeldi Gulmaýew, 59’, 83’ Nurýagdy Muhammedow (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 61’ Döwlet Mirsultanow, 73’ Alibek Abdyrahmanow, 81’ Serdar Annamämmedow (“Energetik”) – 52’ Serdar Baýramow, 55’ Baýramgeldi Berdiýew (“Köpetdag”)

Gulmaýew gol bilen geldi: Şu duşuşygyň ilkinji pökgüsini geçiren Baýramgeldi Gulmaýew, şol bir wagtda, Ýokary ligada hem ilkinji pökgüsini geçirdi.

 

 “Şagadam” – “Merw” – 1:0

Gol: 79’ Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 9’ Toýmämmet Sähetmämmedow, 32’ Daýanç  Orazalyýew, 60’ Ata Geldiýew (“Şagadam”) – 63’ Myratgeldi Gurbangeldiýew, 69’ Ilýa Tamurkin, 87’ Bahtiýar Hojaahmedow (“Merw”)

Meýdandan çykarylan: 81’ Myratgeldi Gurbangeldiýew (ikinji duýduryş, “Merw”)

«Merw» duýduryşlar bilen başlady: Biz bu möwsümde toparlara we oýunçylara berlen duýduryşlardyr gyzyl kartlaryň hem hasabyny ýöretmegi makul bildik. Birinji tapgyrdan soňra, 3 sary we bir gyzyl kart bilen «Merw» toparlaryň arasynda «birinji orunda». Topar eýýäm ikinji tapgyrda tejribeli futbolçylarynyň biri Myratgeldi Gurbangeldiýewden peýdalanyp bilmez.

 

 “Ahal” – “Aşgabat” (geçirilen)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar