Soňky habarlar

Arhiw

Gurluşyk-arhitektura taslamalary üçin ulanylýan 7 sany meşhur programma üpjünçilikleri

0
3927

1. SketchUp

Arhitektorlar öz kärlerine girişende şu programma üpjünçiliginden peýdalanyp başlanylmagy maslahat berilýär. Bu programma üpjünçiligi tiz we aňsatlyk bilen 3D dizaýnlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Işlemäge we öwrenmäge iň aňsat programmalaryň biri bolup, onuň awtorlyk hukugyny “Google” kompaniýasy satyn aldy. “SketchUp”-yň içinde uly komponentler jemlenen, ähli pikirleriňizi 3D görnüşine geçirmäge mümkinçilik döredilen. Iň amatly taraplarynyň biri – interfeýsiniň düşünikli we aňsat bolmagy. Amatsyz tarapy – çäklendirilen “rendering” (taýýar taslamany soňky görnüşine getirmek, kompýutere eksport etmek) mümkinçilikleriniň bolmagy.

2. Revit

2D we 3D taslamalary taýýarlamak üçin niýetlenen meşhur, giňden ulanylýan programma üpjünçiligi. Çyzyklar we tegelekleriň ýerine, programmada hakyky görnüşine meňzedip, taýýar diwarlar, şifrler, sütünler, gapylar, penjireler we beýleki gurluşyk obýektlerini ulanmak bolar. “AutoCad” programmasy bilen integrirlenen görnüşde işläp bilýär we “.dwg” görnüşli (formatly) faýllary bu programmada açyp işläp bolýar. Iň amatly taraplarynyň biri – bir ýerde üýtgeşme girizseňiz, ähli derejedäki görnüşlerinde awtomatiki usulda üýtgemegi. Bu diýmek - koordinasiýa we çyzma wagtyňyz tygşytlanýar.

3. 3D Studio Max

Iň meşhur programma üpjünçilikleriniň biri bolmagyny dowam edýär. Munda 3D taslamalaryny taýýarlap bolýar. Bu programma esasan hem 3D wideo animasiýalar we 3D oýunlary taýýarlamakda ulanylýar. Programma üpjünçiligi telewideniýe we arhitektura studiýalary tarapyndan hem ulanylýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, soňky wagtlarda munuň ýerini “3DRhino” programmasy tutup başlady.

4. Autocad

Häzirki wagtda bu programma üpjünçiligini ulanmaklyk kän maslahat berilmeýär, sebäbi ýerini “Revit” programmasy tutup başlady. Bu könelişen programma diýip hasaplanylýar. Bu talyplaryň we öwrenjeleriň arasynda has meşhur.

5. V-Ray

Bu programmany “ArchiCad” we “SketchUp” programmalaryň kiçiräk plagini hökmünde göz öňüne getirsek bolar. Hakyky dünýä wizualizasiýalary taýýarlamak üçin ýönekeýje programma. Içinde ýagtylyklar, bezeg komponentleri, tekstura ýaly mümkinçilikleri özünde jemleýär.

6. Photoshop

Bu programma arhitektura programmalaryň ýanynda zerur bolup durýar. Bu programmada ýokary hilli suratlary taýýarlamak mümkin. Ähli taslamalaňyzy şu programma arkaly soňky surat görnüşine geçirip bolýar. Amatlylygy – gatlaklar (layer) bilen işlenilýär we her bir obýekti aýratyn gatlak hökmünde döredip üstünde işläp bolýar.

7. InDesign

Bukletlerden başlap, uly prezentasiýalara çenli taýýarlamak mümkinçilikleri bu programmada göz öňünde tutulan. Žurnallar we kitaplary hem taýýarlap bolýar we ýörite şolar üçin niýetlenen diýip hasap edilýär.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar