Soňky habarlar

Arhiw

Özbek metbugatynda türkmenistanly tälimçi Täçmyrat Agamyradow bilen söhbetdeşlik ýerleşdirildi

0
1916

Ýakynda Özbegistanyň “Championat.asia” saýtynda türkmenistanly tälimçi Täçmyrat Agamyradow bilen söhbetdeşlik çap edildi. Ol: “Düýn. Şu gün. Ertir.” diýlip atlandyrylýar. Söhbetdeşlikde belli tälimçiniň Türkmenistanda we Özbegistanda işlän ýyllary barada gyzykly maglumatlar bar. Söhbetdeşligi özbek sport žurnalisti Nadirhuja Ýuldaşew geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda tejribeli tälimçiniň bu ýola gelen ýyllary ýatlanylýar. Ol tälimçi hökmünde ilkinji üstünligini ýetginjekler ýygyndysy bilen gazanypdy. Ilki Merkezi Aziýa Respublikalarynyň, soňra ozalky Soýuzyň derejesinde geçirilen ýaryşda türkmenistanly ýetginjekler bilen çempion bolan tälimçiniň uly futbola gelşi hem söhbetdeşlikde beýanyny tapýar.

- Mekdep internatyndan soň “Nebitçä” baş tälimçi bolup geçdiňiz.

- Bu meniň uly futbola ilkinji ädimimdi. Topary, esasan, ýaşlardan düzmegi maksat edindim. Munuň üçin ozal internatda tälim beren futbolçylarymy getirmek iň dogry ýoldy. Internatyň müdiri bilen gepleşip, hutt, şeýle hem etdim. 17-18 ýaşly futbolçylar bilen Merkezi Aziýa ligasynda iň güýçli garşydaşlaryň birine öwrülmegi hem başardyk. Esasy garşydaşymyz bolsa Daşkendiň “Traktor” toparydy. Ýaş topar, isleseň-islemeseň, käbir kynçylyklar ýüze çykýar. Şol kynçylyklar hem biziň Merkezi Aziýada çempion bolmagymyzy bökdedi. Her niçik hem bolsa, öňdäki orunlardan birini eýeledik.

Soňra ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazandy, öz milli Ligamyz döredildi. Bu gezek esasy bäsdeşimiz “Köpetdagdy”. Ol Türkmenenistanyň Milli çempionatynyň döredilen ilkinji ýyllarynda ýurduň iň güýçli futbol topary hökmünde öňe saýlandy. “Köpetdaga” garşy oýnamak aňsat däldi, şeýle-de bolsa Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji möwsümini ikinji orunda tamamladyk. Soňky möwsümde öz öýüme - Aşgabada gaýtmak kararyna geldim. Paýtagta gelip, öz toparymy düzdüm, ol - “Nisady”. Toparyň paýtagtda ýerleşýändigi üçin biz indi “Köpetdaga” garşy hem mynasyp oýun geçirip bilýärdik. Başga bir tarapdan bolsa, internat ýyllaryndan bäri tälim berip gelýän şägirtlerim indi has tejribe toplady. “Nisa” bilen üstünlikli çykyş edýän ýyllarymyzyň birinde maňa Eýrandan teklip geldi. Bu teklibi milli federasiýamyza ýetirenimde, menden “Köpetdaga” tälim bermegimi haýyş etdiler. Şeýdip ýene-de öz Watanymda galdym.

Tejribeli tälimçi bilen söhbetdeşligiň barşynda Hirosimada geçirilen Aziýa oýunlarynyň çägindäki futbol ýaryşy hem ýatlanylýar. Täçmyrat Agamyradow žurnalistiň çärýek finalda Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk  baradakky sowalyna şeýle jogap berýär:

- Aslynda, ýaryşa milli ýygyndymyzyň başynda başga bir tälimçi gatnaşmalydy. Ýöne onuň maşgala ýagdaýy sebäpli, ýygyndyny wagtlaýynça maňa ynandylar. Ýygyndydaky futbolçylary tanasam-da, olaryň ukyby maňa ýakyndan tanyş däldi. Çünki olaryň köpüsi “Köpetdagyň” futbolçysydy. Biz Tokio şäherine çenli iki aýry topara bölünip gitmeli bolduk. Men we 11 sany futbolçy Aşgabat - Moskwa, galan futbolçylar bolsa Daşoguz - Moskwa ugry boýunça uçmalydy. Maksadymyz Moskwada başymyzy jemläp, ondan aňry Tokio şäherine uçmakdy. Ýöne Daşoguz - Moskwa gatnawy öz wagtyndan iki sagat gijä galdy we biz alaçsyz 11 futbolçy bilen Tokio gitdik. Üstesine, iki sany derwezeçimiz hem beýleki topardady. Biziň toparymyzda bolsa tälimçiler düzüminden menden başga hiç kim ýok, ne kömekçi tälimçiler, ne lukmanlar, ne-de adminstator. Hatda lybasymyz hem milli ýygyndynyňky däldi, “Köpetdagyň” nyşany basylan lybasdy.

Her näme-de bolsa, guramaçylyk toparynyň ýanyna bardym. Olar bize oýundan çetleşmegi, şeýlelikde, tehniki utulyşa razy bolmagy teklip etdi. Garşydaşam Hytaý. Futbolçylaram aljyraňňydy, olar uly hasapda ýeňlip, masgara bolmakdan ýaýdanýardylar.  Ýene bir gyzykly tarapy, kimdir birini derwezä goýaly diýsek, derwezewanyň elligi hem gelip ýetişmedik beýleki toparda galypdy. Her niçigem bolsa oýnamakçydyk, utulsagam, oýnap utulmakçydyk. Futbolçylardan kimiň derwezä geçip biljekdigini soradym. Biraz şikesi bolan Kamil Mingazow derwezä geçmegi boýnuna aldy. Duşuşygyň öňýanyndaky türgenleşikde bir žurnalist näme üçin düzümde futbolçynyň azdygy we derwezeçiniň elliginiň ýokdugy bilen gyzyklandy. Men ýagdaýy düşündirdim.

Duşuşyk başlandy. Görgüli derwezeçimiz her gezek pökgini ýalaňaç elleri bilen tutmaly bolýardy. Şeýle-de bolsa ol 90 minudyň dowamynda howply hüjümleriň ençemesini gaýtardy. Gyzykly tarapy, iki gezek hem hasaby ilki bolup biz açdyk. Hytaýyň ýygyndysyny bolsa utulyşdan 11 metrlik jerime bilen geçiren pökgüleri  halas etdi. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şol gün giçlik beýleki futbolçylarymyz hem gelip ýetdi. Gele-gelmänem hasap bilen gyzyklandylar. Biz “2:2 - deňlik” diýdik. Nädip, üstesine-de derwezeçisiz? Olar haýran galdylar.

Soňra tälimçi “Milanyň” sport toplumynda geçen okuw-türgenleşigi hakynda gürrüň berýär:

- Birek-birekden öwrenmek üçin ol wagtlar internet elýeter däldi. Biz - tälimçiler, esasan, duşuşyp, pikir alşyp, tejribämizi artdyrýardyk. Öz öňümde yzygiderli kämilleşmegi maksar edinip goýdum. Özbegistanda işlän ýyllarymda tälimçilik boýunça Moskwada ýörite okuw hem geçdim. Şol okuwyň synagyndan soňra, bize şol ýyllarda gülläp-ösen “Milanyň” sport toplumlarynda okuw-türgenleşik geçmäge mümkinçilik döredilýändigini, ýöen Italiýa öz serişdelerimiziň hasabyna gitmeli boljakdygyny aýtdylar. Bu pursady deňimden geçirmek islemedim. Elbetde, öz serişdäň bilen Italiýa gitmek aňsat däl. Men we ýene bir rus tälimçi gidipdi.

Söhbetdeşligiň barşynda tälimçi Milandaky türgenleşikler, Şewçenko, Maldini, Leonardo ýaly futbol ýyldyzlary bilen tanşyşy barada gyzykly gürrüňleri berýär. Şeýle hem “çyzykly goldaw” taktikasyny ilki “Köpetdagda”, soňra Türkmenistanyň milli ýygyndysynda, Özbegistanyň “Pahtakorynda” ýola goýşy barada maglumatlary berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar