Soňky habarlar

Arhiw

Katarda geçiriljek dünýä çempionaty barada bulary bilýärdiňizmi?

0
2785

Ýakynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi internet saýtynda 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Futbol boýunça dünýä çempionaty barada maglumatlar ýerleşdirildi we oýunlaryň geçiriljek stadionlarynyň häzirki suratlary ýerleşdirildi. Biz hem gyzyklar bolar diýen umyt bilen Turkmenportalyň okyjylaryna Katarda geçiriljek dünýä çempionaty barada käbir maglumatlary ýetirmegi makul bildik. Ýeri gelende aýtsak, çempionatyň başlanmagyna tas dört ýyl wagt galdy. Çempionat... Onuň başlanjak we tamamlanjak wagty baradaky maglumatlar aşakda.

Ilki bilen, çempionatyň geçiriljek döwleti hakynda biraz maglumat:

Döwletiň ady: Katar.

Ilaty: 2,7 million.

Paýtagty: Doha

Resmi dili: arap dili (ikinjisi iňlis dili).

Pul birligi: Riýal.

- 1940-njy ýylda nebit tapylýança, Kataryň halky, esasan, balykçylyk bilen meşgullanýardy.

- Katar tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäçe üçünji orny eýeleýär.

- Kataryň meşhur kompaniýalary: Al Jazeera Media Network, Qatar Airways we Aspire Academy.

- Qatar Sports Investments Fransiýanyň PSŽ klubynyň eýesidir.

* * * * * * *

Indi dünýä çempionaty barada:

Dünýä çempionaty haçan geçirilýär?

2022-nji ýylyň 21-nji noýabry - 18-nji dekabry aralygynda. Çempionat 28 günläp dowam eder. Final duşuşygy 18-nji dekabrda, ýagny Kataryň milli baýramynyň bellenilýän gününde geçiriler.

 

Duşuşyklar näçe stadionda geçiriler?

8 stadionda. Olaryň ýedisinde häzir gurluşyk işleri dowam edýär. Biri - “Halifa halkara stadiony” bolsa geçen ýylyň 19-njy maýynda açylyp, ulanmaga berildi. Beýleki stadionlaryň ählisiniň gurluşygyny öňümizdäki iki ýylyň dowamynda gurup tamamlamak meýilleşdirilýär.

Stadionlaryň arasyndaky ýoluň uzaklygy nähili?

Katarda bir stadiondan ikinji bir stadiona barmak juda aňsat bolar. Iň uzakdaky stadion üçin 55 kilometr ýol geçmeli bolar. Gürrüň Doha şäherindäki “Al Baýt” stadiony bilen Al Hordäki “Al Wakra” stadionlary barada barýar. Iki stadionyň arasyndaky iň gysga aralyk bolsa 5 kilometr bolar. “Al Raýan” hem-de “Talim Şahri” stadionlary biri-birine şeýle ýakyn.

 

Esasy stadion haýsy bolar?

“Lusaýl” stadiony. Bu ýerde çempionatyň açylyş hem-de final duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Gurluşyk işleri üçin näçe mukdarda pul serişdesi goýberildi?

Stadionlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy üçin Katar hökümeti jemi 6,5 milliard dollar serişde goýberdi.

 

Çempionat döwri howanyň ýagdaýy nähili bolar?

Dekabr aýydygyna garamazdan, Katarda howa 8 - 24 dereje aralygynda bolar. Bu bolsa futbol duşuşygyny geçirmek üçin amatly howa ýagdaýydyr.

 

Wiza meselesi nähili bolar?

Katar hökümeti çempionatyň geçirilýän döwründe 80-e ýakyn döwletiň raýatlarynyň ýurad wizasyz gelip biljekdigini aýdýar.

 

Gyşda geçiriljek dünýä çempionatyna näçeräk janköýeriň gelmegine garaşylýar?

Guramaçylaryň pikiriçe, diňe daşary ýurtlardan geljek janköýerleriň sany bir ýarym milliona ýetip biler.

 

Ulag üpjünçiligi nähili bolar?

 Doha şäherindäki “Hamad halkara howa menzili” ýolagçylaryň esasy peýdalanjak howa menzili bolar. Dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde bu halkara howa menzilinden 150 ugra uçuşlar amala aşyrylar.

 

Göni ýaýlym?

Dünýä boýunça 3 milliard adamyň çempionata göni ýaýlymda tomaşa edip bilmegi üçin mümkinçilikler dörediler.

 

Howpsuzlyk meselesini nähili çözmek meýilleşdirilýär?

Aslynda, Katar dünýäniň iň parahat döwletleriniň biri. Muňa garamazdan, dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde Katar polisiýasynyň Interpol bilen bile işlemegine garaşylýar.

 

Katarda futbolyň ýagdaýy nähili?

Kataryň Ýyldyzlar ligasynda 12 topar çykyş edýär. “Al Duhaýl” bilen “Al Sadd” ýurduň iň meşhur futbol klublary. Bulardan, “Al Sadd” iki gezek - 1989-njy we 2011-nji ýyllarda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogyna mynasyp boldy. Kataryň milli ýygyndysy bolsa 2006-njy ýylda aziýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem milli ýygyndy üç gezek Kurfaz kubogyna, bir gezek hem Arap ýurtlarynyň futbol federasiýalarynyň kubogyna mynasyp boldy. Dünýä çempionatyna çenli tejribäni has artdyrmak maksady bilen Kataryň milli ýygyndysynyň 2019-njy ýylda Kopa Amerika çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar