Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionatynyň teswirleýjisi Sapardurdy Handurdyýew bilen söhbetdeşlik

0
1672

Eger sportuň muşdaklary gün geçdigiçe köpelýän bolsa, munda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şol sanda teswirleýjileriň hem uly paýy bar. Indi iki gün bäri paýtagtymyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna ildeşlerimiz «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edýärler. Çempionatyň ýaryşlaryny teswirlemäge ýaýlymyň teswirleýjileriniň 6-sy gatnaşýar. Okyjylarymyzy dünýä çempionatynyň teswirlenişi bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen, ýaýlymyň teswirleýjisi Sapardurdy Handurdyýew bilen gürrüňdeş bolduk.

          ― Handurdy, ilki bilen, armaň! Şu günler agyr atletikaçylar üçin hem uly synag günleri welin, ýaryşy ähli gyzygy, täsiri bilen tomaşaçylara ýetirmekde siziň egniňizde-de uly borç bar.

         ― «Ýadaýaňyzmy?» diýmek isleýäňmi? Ýok, asla ýadawlyk duýamzok. Tersine, taryhy günleri başdan geçirýäris. Bu uly sport ýaryşynyň bir parçasy bolmak biziň üçin uly bagt. Ýurdumyzda şeýle iri ýaryşlaryň geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsak hem azdyr.

         ― 100-e golaý döwlet, ýüzlerçe türgen. Olaryň arasynda dünýäniň, Olimpiýa oýunlarynyň çempionlary, garaz, agyr atletikada ep-esli çorba sowadanlary hem kän. Ýöne teswrileýjilere diňe şolary ýakyndan tanamak ýeterlik däl.

         ― Maglumat meselesinde mümkinçiligimiz gowy. Ýaryşyň geçirilýän ýerine onuň başlanmazyndan üç gün öň geldik. Ozaldan hem ýaýlymda agyr atletika bilen bagly köp sanly gepleşikleri taýýarlap, sporta has «ýakynlaşdyk» diýip bileris. Biziň türgenlerimiziň esasy bäsdeşlerini bolsa ozaldan hem tanaýarys. Garaz, tomaşaçylar ýaryş wagtynda nähili tolgunmany başdan geçirýän bolsa, edil şol tolgunma bizde-de döreýär. Ýeňijileri, rekordlaryň eýelerini şol sekundyň özünde millionlarça tomaşaçy bilen paýlaşmak juda ýakymly duýgy.

         ― Teswirleýjileriň tertibi nähili? Ýaryşlary öz araňyzda paýlaşýarsyňyzmy ýa-da...

         ― Iki hili ýagdaý hem bolup bilýär. Elbetde, taýýarlanmaga näçe köp wagtyň bolsa, şonça gowy. Emma bir günüň dowamynda ep-esli ýaryş bolýar. Şonuň üçin köpräk işlemeli hem bolýar. Ýöne gyzykly.

         ― Ýaryşlaryň arasynda tamamlanan ýaryşa syn berlip, indiki ýaryşlar bilen tanyşdyrylyp durulýan gysga wagtlyk gepleşik taýýarlanylmagy hem ýerine düşüpdir. Göni ýaýlymdaky teswirden çykyp, ýene bir göni ýaýlymda gepleşik taýýarlamak jogapkärçiligiňizi artdyrýan bolsa gerek.

         ― Eger iki teswirleýjimiz ýaryşy teswirlän bolsa, ýene iki sanyysy göni ýaýlymdaky syn beriji gepleşige taýýarlanýar. Gepleşikler Olimpiýa şäherçesindäki dürli sport desgalarynda geçirilýär. Maglumat mümkinçiligimiz gowy, ikinjiden bolsa gepleşik teswirlenýän bolsa ýaryş baradaky pikirleriňi giňişleýin aýtmaga wagt hem az bolýar. Goşmaça taýýarlanylýan gepleşikler bolsa özara pikir alşyp, tomaşaçylar üçin hem ýaryşyň gyzygyny artdyrmaga ýardam berýär.

         ― Aslynda, teswirleýji bitarap bolmalydyr welin, öz türgenlerimiziň ýaryşyny teswirlemek başgaça bolsa gerek.

         ― Ýogsam näme?! Biz teswirleýji, şol bir wagtyň özünde-de öz türgenlerimiziň janköýeri. Özüňiz hem şaýat. Ýulduz Jumabaýewa şu çempionatda ýaryşan ilkinji ildeşimiz. Tüweleme, ilkinji medalymyzy hem gazandy. Onuň çykyşyna teswirleýji hem bolsaň, tolgunman tomaşa etmek mümkin däl. Goý, türgenlerimiziň ýeňişleriniň höwri kän bolsun!

         ― Sapardurdy, täsirli söhbetdeşlik üçin sag boluň! Mundan beýläk hem işiňizde rowaçlyk arzuw edýäris.

         ― Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar