TÝL ― 2018: 24-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1606

Muhadow bilen Altymyrat Annadurdyýew indi ençe tapgyr bäri pökgi geçirip bilmän gelýärdiler. Has takygy, A.Annadurdyýew Ýokary ligadaky iň soňky goluny 3-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda geçiren bolsa, Süleýman Muhadow ondan biraz soňrak, 19-njy tapgyrda geçiripdi. Bu gezek welin, olaryň biri dubl, beýlekisi poker etdi. Şeýlelikde, Altymyrat Annadurdyýew karýerasyndaky ilkinji bombardirligine juda ýakyn. Ýatlatsak, ol Ýokary ligada 2015-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär.

Täze bir golçy: Bu tapgyrda möwsümde taapwutlanan futbolçylaryň sanawyna bir futbolçy goşuldy. Ol hem “Nebitçiden” Myratberdi Berenow. Şeýlelikde, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 86-a çykdy.

11 gol: Tapgyrda derwezelere 11 pökgi geçirildi. Mundan öň diňe 18-nji tapgyr 11 gol bilen tamamlanypdy. Möwsümde jemi geçirilen gollaryň sany bolsa 224-e çykdy.

 

“Energetik” – “Aşgabat” – 1:0

Gol: Rahmet Şermetow 59 (“Energetik”)

Ozalky duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlawda: 1:1 (Rahmet Şermetow 16 - Ilýas Minhairow 90+3);

Ikinji aýlawda: 2:1 (Rahmet Şermetow 36, Parahat Jumanazarow 43 - Baýjan Satlykow 90+2);

Üçünji aýlawda: 0:0;

Möwsümiň jemi: 3:2 (Möwsümiň futbolçysy - Rahmet Şermetow, 3 pökgi).

 

“Köpetdag” – “Ahal” – 0:2

Gollar: Süleýman Muhadow 53, 83 (“Ahal”)

600-nji gussa: Şu duşuşykda Süleýman Muhadowyň geçiren ikinji pökgüsi çempionatyň taryhynda “Köpetdagyň” derwezesine geçirilen 600-nji goldur (ozalky “Köpetdag” bilen birlikde).

 

Ozalky duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlawda: 0:0;

Ikinji aýlawda: 0:1 (Güýçmyrat Annagulyýew 42);

Üçünji aýlawda: 2:0 (Pirmyrat Sultanow 58, Ilýa Salow 89);

Möwsüm boýunça: 2:3 (Möwsümiň futbolçysy: Süleýman Muhadow, 2 pökgi).

 

“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 5:0

Gollar: Mekan Aşyrow 18, Altymyrat Annadurdyýew 26, 56, 68, 75 (“Altyn Asyr”)

“Altyn asyr” 50 utukly ikinji topar: Şu tapgyrda gazanylan ýeňişden soň, utugyny 51-e çykaran “Altyn asyr” şu möwsümde 50 utuklyk sepgide ýeten ikinji topar boldy. Ýatlatsak, birinji orundaky “Ahalyň” 53 utugy bar. Üçünji orundaky “Energetik” bolsa ýaňy 39 utuk toplap bildi.

Möwsümdäki ilkinji poker: Altymyrat Annadurdyýew şu möwsümdäki ilkinji pokeri amala aşyrdy. Ýeri gelende aýtsak, futbolçynyň hasabynda şu ýyl bir sany het-trik (1-nji tapgyrda) we bir sany dubl (8-nji tapgyrda) hem bar.

Dört möwsümde 60 gol: Şu tapgyrdaky ikinji goly Altymyrat Annadurdyýewiň Ýokary ligada geçiren 60-njy goludyr. Indi onuň hasabynda çempionatda 62 gol bar. Şeýlelikde, ol Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri bu sepgide ýeten sekizinji futbolçy boldy. Ýeri gelende aýtsak, A.Annadurdyýew Ýokary ligadaky ilkinji duşuşygyna 2015-nji ýylda çykypdy.

Annadurdyýew “Altyn asyrda” 40-njy goluny geçirdi: Biziň hasaplamalarymyza görä, Altymyrat Annadurdyýewiň “Altyn asyryň” düzüminde Ýokary ligada geçiren gollary 40-a çykdy. Ol toparda 2013-nji ýyldan bäri çykyş edýän futbolçylaryň arasynda bu sepgide ýetip bilen dördünji futbolçydyr.

Iň uly tapawutly ýeňiş: Şu duşuşyk Ýokary liganyň şu möwsüminde bir toparyň iň uly tapawut bilen ýeňiş gazanan duşuşygy boldy. Ozal möwsümde dört pökgi tapawudy bilen ýeňiş gazanylan iki duşuşyk bardy. Bu gezek welin tapawut, görşüňiz ýaly, 5 pökgä çykdy.

Ozalky duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlawda: 2:0 (Altymyrat Annadurdyýew 17, Myrat Ýagşyýew 70);

Ikinji aýlawda: 0:1 (Alibek Abdyrahmanow 90+1);

Üçünji aýlawda: 3:0 (Wahyt Orazsähedow 4, Selim Nurmyradow 7, Altymyrat Annadurdyýew 49);

Möwsüm boýunça: 10:1 (Möwsümiň futbolçysy: Altymyrat Annadurdyýew, 6 pökgi).

 

“Merw” – “Nebitçi” – 1:2

Gollar: Perman Hallyýew 90+5 (“Merw”) – Myratberdi Berenow 67, Yhlas Magtymow 87(“Nebitçi”)

Ýokary galmaga mümkinçilik bar: Myhmançylykda gazanan ýeňşinden soň, utugyny 20-ä çykaran “Nebitçi” “Köpetdag” bilen arany bir utuga çenli ýygyrdy. Ýöne öňde ýene dört tapgyryň bardygyny ýatlap, “nebitçileriň” hem şeýle üstünlikli oýnuna umyt bildirsek, topara möwsümi bäşinji orunda tamamlamak hem uzakda däl. Çünki bäşinji orundaky “Aşgabat” “Nebitçiden” bary-ýogy 5 utuk öňde. Ýeňişli oýunlaryň netijesinde 5 utuklyk tapawudyň iküç duşuşykda ýapylýandygyny bolsa biz Ýokary ligada kän gördük.

“Nebitçi” bu sanawda 7-nji orunda: Möwsümde 6-njy ýeňşini gazanan “Nebitçi” ýeňişli duşuşyklarynyň sany boýunça 7-nji basgançaga geçdi. Iň aşaky orunda bolsa indi “nebitçileriň” şu tapgyrdaky garşydaşy “Merw”. Toparyň şu möwsümde diňe 5 ýeňşi bar. “Nebitçi” bolsa 6-7-nji orunlary “Köpetdag” bilen paýlaşýar.

Ozalky duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlawda: 0:2 (Yhlas Magtymow 32, Azat Garajaýew 62);

Ikinji aýlawda: 1:1 (Söhbet Allanurow 85 - Ýewgeniý Tkaçenko 41);

Üçünji aýlawda: 1:1 (Döwletgeldi Mirsultanow 56 - Ýewgeniý Tkaçenko 9);

Möwsüm boýunça: 3:6 (Möwsümiň futbolçylary; Yhlas Magtymow, Ýewgeniý Tkaçenko, ikisi hem 2 pökgi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar