TÝL-2018: 22-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1371

22-nji tapgyr

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýaryş diňe çempionlyk üçin gidenok: Ýaryş tertibinde şeýle bir ýagdaý emele geldi welin, häzirki wagtda diňe «Ahal» bilen «Altyn asyryň» arasynda ýiti göreş gitmän, eýsem, üçünji we bäşinji ýer üçin hem göreş dowam edýär. Şu tapgyrdaky ýeňişden soň «Şagadam» bilen utugyny deňlän «Energetik» üçünji orun ugrundaky ýaryşa goşuldy. Çempionaty bäşinji orunda tamamlamak üçin bolsa birbada üç toparyň mümkinçilikleri meňzeş. Häzir «Merwde» 23, «Aşgabatda» 22, «Köpetdagda» 21 utuk bar. Ýöne «Köpetdag» bilen «Merwde» bir sany ätiýaçda duran oýun hem bar. Diýmek, şu ýyl iň soňky tapgyra çenli ýaryş güýçli depginde dowam etjege meňzeýär. Elbetde, bu bolsa çempionatyň gyzygyny has artdyrýan ýagdaýdyr.

Üç täze golçudan dört gol: Bu tapgyrda Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň hataryna ýene-de üç futbolçy goşuldy. Olar «Merwden» Şanazar Tirkişow, «Ahaldan» Elman Tagaýew we «Aşgabatdan» Süleýman Orazow dagylardyr. E.Tagaýew Azerbaýjanyň «Sabailindäki» topardaşy Wahyt Orazsähedow ýaly ýurdumyza ýene-de birtopar gol bilen dolanmadyk hem bolsa, ilkinji tapawutlanan duşuşygynda 2 minut soňra ikinji pökgüsini hem geçirip, tejribesini nobatdaky gezek subut etdi. Şeýlelikde, Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň umumy sany 83-e çykdy.

Ýene bir 12 golly tapgyr: Tapgyryň duşuşyklarynda derwezelere 12 pökgi geçirildi. Şeýlelikde, 22-nji tapgyr, Ýokary liganyň 26-njy möwsüminde 12 gol bilen tamamlanan bäşinji tapgyr boldy. Mundan öň 5, 8, 9, 20-nji tapgyrlar hem 12 gol bilen tamamlanypdy.

Möwsümiň gollary 200-den geçdi: Şu tapgyrdan soň, möwsümde derwezelere geçirilen pökgüleriň sany 203-e çykdy. Bu bolsa her tapgyrda ortaça 9,2 goldan geçirilendigini görkezýär. Möwsümiň iň köp golly tapgyrynda 14, iň az golly tapgyrynda 4 gol geçirildi.

Dubllaryň ýene bir tapgyry: Mundan ozal diňe 9-njy tapgyrda birbada üç oýunçy bir oýunda iki gezek tapawutlanypdy. Ýatlatsak, şol tapgyrda «Energetikden» Rahmet Şermetow, «Şagadamdan» Begenç Annagurbanow, «Merwden» Toýly Goçnazarow dagylar bir duşuşykda iki gezek tapawutlanypdylar. 22-nji tapgyr hem şeýle tapgyrlaryň biri boldy. Bu gezek «Energetikden» Alibek Abdyrahmanow, «Ahaldan» Elman Tagaýew bilen Yhlas Saparmämmedow dagylaryň her haýsy garşydaş derwezä 2 gezekden ýol tapmagy başardy.

Duşuşyklarda deňlik ýok: Tapgyrda häzirlikçe geçirilen üç duşuşygyň ählisi bir tarapyň ýeňşi bilen tamamlandy. Olaryň ikisinde myhmanlar ýeňen bolsa, biri ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. 

«Merw» ― «Ahal» 2:5.
Gollar: Şanazar Tirkişow 74, Begenç Alamow 87 (11 m.j.u.) ― Elman Tagaýew 43, 45 (11 m.j.u.), Yhlas Saparmämmedow 49, 78, Nurýagdy Muhammedow 73.

Alamow: bir çempionatda 7 möwsümde 40 gol geçiren goragçy: Milli çempionatymyzyň soňky 7 ýylyny (2012-nji ýyldan bäri) alanymyzda, «Merwiň» tejribeli goragçysy Begenç Alamow şu duşuşykda 40-njy goluny geçirdi. Ol gürrüňi edilýän möwsümden bäri çempionatymyzda iň köp tapawutlanan goragçydyr. Ikinji orny bolsa, edil B.Alamow ýaly, ýyllaryň tejribesine öwrülen «Ahalyň» goragçysy Didar Hajyýew eýeleýär. Onuň hasabynda 2012-nji ýyldan bäri diňe Ýokary ligada 38 gol bar.
Iň köp golly duşuşyk: 7 gol bilen tamamlanan bu duşuşyk möwsümiň iň kän golly oýunlarynyň biridir. Mundan öň 19-njy tapgyrda hem «Merw» ― «Ahal» duşuşygy 7 gol bilen tamamlanypdy. Täsin tarapy, bu duşuşyklaryň ikisi hem şol bir hasap bilen tamamlanyp, iksiinde-de myhmançylykda oýnan «Ahal» ýeňiş gazandy.
Gollaryň goragçysy iň ýakyn topardaşyndan 10 gol öňde: Jerime urgularyny dürs ýerine ýetirmekde Ýokary liganyň iň nusga alarlyk futbolçylarynyň birine öwrülen Begenç Alamow 2013-nji ýyldan bäri «Merwiň» düzüminde Ýokary ligadaky 37-nji goluny geçirdi. Ol gollar babatda özüne iň ýakyn topardaşlary Tirkiş Muhammetberdiýew bilen Toýly Goçnazarowdan 10 gol öňde. 

«Energetik» ― «Şagadam» 2:0.
Gollar: Alibek Abdyrahmanow 68, 89.

«Şagadam» dördünji, bäşinji orunlardaky toparlardan hem kän utuldy: Çempionatda üçünji orunda barýan toparyň utulyş babatyndaky bu görkezijisi täsin, täsin hem bolsa hakykat. Häzir «kenarlylaryň» şu möwsümde jemi 9 utulyşy bar. Emma «Energetik» 7, «Merw» 8 gezek utuldy. Bu bolsa olara bu möwsümi bürünç medal bilen tamamlamaga päsgelçilik döredýär. Eger çempionatyň ilkinji üçlügine girjek bolsa, kenarýaka şäheriň toparyna birneme tijenmek gerek.

«Energetik» ýeňişleriň sany boýunça bir basgançak ýokary galdy: 2015-nji ýylda Ýokary liga çykan «Energetik» çempionatdaky 45-nji ýeňşini gazandy we Ýokary ligada iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda ýene bir basgançak ýokary çykdy. Paýtagtymyzyň ýatda galan toparlarynyň biri bolan «Dagdany» bir basgançak aşak düşüren «Energetik» sanawyň 13-nji basgançagyna çykdy. 12-nji basgançakda «Büzmeýin» toparynyň ady bar. Ýöne bu topar Ýokary ligada çykyş eden döwründe 67 ýeňiş gazanypdy. Diýmek, «Energetige» 12-nji basgançaga çykmak üçin birneme wagt gerek bolar.

263-nji şowsuzlyk we dördünji basgançak: Ýaryş tertibinde-de dördünji basgançaga düşmek howpy abanýan «Şagadam» Ýokary ligadaky 263-nji utulyşyna sezewar bolup, iň kän utulan toparlaryň sanawynda dördünji basgançaga çykdy. Üçünji we dördünji aýlawlarda garaşylan netijäni bermän, taryhyndaky ilkinji çempionlyga ýene-de «Altyn asyra» aldyrmagyň uçudynda duran «Ahalda» bolsa 262 utulyş bar. 

«Aşgabat» ― «Nebitçi» 1:2.
Gollar: Süleýman Orazow 54 ― Şamämmet Hydyrow 45+1, Ýewgeniý Tkaçenko 64 (11 m.j.u.)

«Nebitçi» ― gollaryň bürünç medalçysy: Ýaryş tertibinde iň soňky orunda barýan hem bolsa, «Nebitçi» garşydaş derwezelere geçiren pökgüleriniň sany boýunça «Ahaldyr» «Altyn asyrdan» soň üçünji orny eýeleýär. Öňdebaryjy toparyň ikisinde-de 22 tapgyrdan soň 41 gol bar. «Nebitçi» bolsa 22 tapgyrda 23 gol geçirip, bu sanawyň üçünji basgançagyna çykdy. Täsin ýeri häzir ýaryşyň üçünji ornuna dalaş edýän «Energetik» 18 gol bilen möwsümiň iň az netijeleriniň birini görkezýär.

Orazow «Aşgabadyň» 10-lugynda: Paýtagtyň adybir toparyna geçen tomusda goşulan, ýöne bu toparda ozalky möwsümlerde hem birnäçe ýola çykyş eden Süleýman Orazow şu duşuşykda «Aşgabadyň» düzüminde Ýokary ligadaky 9-njy goluny geçirdi. Bu görkeziji bilen ol toparda 2013-nji ýyldan bäri tapawutlanyp gelýän futbolçylaryň arasynda 9-njy orna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar