Döwrebap tehnologiýa bize çäksiz mümkinçilikleri, şol sanda futbolyň dünýä belli ýyldyzlaryny özümiz dolandyryp bilmek mümkinçiligini berdi. Elbetde, biz muny meşhur kompýuter oýunlarynyň üsti bilen amala aşyrýarys. Güýzüň ýakynlaşmagy bilen, dünýäde iň meşhur iki futbol oýnunyň — «PES 2019-yň» we «FIFA 19-yň» elimize gowuşjak günleri ýakynlaşýar. Biz şu makalany sabyrsyzlyk bilen garaşýan elektron oýunlarymyzyň täze nesillerine bagyşladyk.
Pro Evolution Soccer 2019
«Konami» kompaniýasynyň resmi saýty oýnuň çykjak senesi hökmünde 29-njy awgusty görkezýär. Şol gün meşhur tapgyryň nobatdaky nesli ABŞ-da we Beýik Britaniýada satlyga çykar. 30-njy awgustda bolsa ol tutuş Ýewropada satylyp başlar. Oýuna ýene-de Adam Bhatti prodýusserlik edýär. Iňlis dilindäki teswirleri bolsa ýene-de Jim Beglin bilen Piter Druriden diňläris. Täze oýnuň şygary: «PES 2019 bilen futbolyň kuwwatyny duýuň!». Her ýyl bolşy ýaly, «PES» tapgyrynyň muşdaklaryna bu ýyl hem täsin oýun tilsimleri, täze transferler, täze çempionatlar, özgerişlikler garaşýar.
***
Oýnuň muşdaklaryna gowuşmagyna 3 hepde galanda onuň «demo» görnüşi ýaýradyldy. Bu görnüşde oýun baradaky ähli aýratynlyklar ýer alýar. Oýnuň demo nusgalasynda «Milan», «Monako», «Barselona», «Kolo-Kolo», «Flamengo», «Inter Milan» ýaly klublar we käbir milli ýygyndylar bar.
***
Her ýyl hem oýnuň ilkinji nusgasynyň çykyp, soňra onuň üstüniň «Patch» diýlip atlandyrylýan täzelemeler bilen ýetirilip durulýandygyny okyjylarymyz bilýändir. «PES 2019-da» bu gezek ilkinji ýola 7 sany täze liga — çempionat bolar. Olar Argentinanyň, Daniýanyň, Portugaliýanyň, Şotlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň çempionatlary. Görşüňiz ýaly, «PES 2019» tapgyryň öňki oýunlaryndan üýtgeşik bolar. Her ýurduň çempionaty şol ýurduň bir meşhur futbolçysynyň üsti bilen ýetiriler. Mysal üçin, Türkiýäniň çempionaty üçin aýrylan sahypanyň dizaýnynda häzirki wagtda Italiýanyň «Milan» klubynda futbol oýnaýan meşhur ýyldyz Hakan Çalhanoglunyň suraty görnükli şekilde ýerleşdiriler.
Bulardan başga-da, ozaldan dowam edýän Ispaniýanyň, Angliýanyň we Germaniýanyň çempionatlary hem elýeterli bolar.
***
«PES» tapgyrynyň «Master League» aýratynlygynyň üsti bilen islän toparymyza özümiz tälimçi bolup topary kämilleşdirip ýa-da islän oýunçymyzy alyp, ony dünýä futbolynyň rowaýaty oýunçysyna öwrüp bilýäris. «PES 2019-da» bu aýratynlyga käbir üýtgeşmeler girizildi. Esasan hem, oýunçy alyp-satmakda ozal bolmadyk özgerişler bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz.
***
Gynandyryjy tarapy, «PES-de» bu gezek Ýewropanyň Çempionlar ligasy, UEFA Ýewropa ligasy we Ýewropanyň Superkubogy ýaly halkara ýaryşlar bolmaz. Şeýle hem Germaniýanyň Dortmund şäheriniň «Borussiýa» topary hem «Konami» bilen şertnamasyny ýatyrdy.
***
Eger-de siz «PES 2019-y» kompýuterde oýnajak bolsaňyz, onda onuň windowsynyň iň pes görnüşi «Windows 7» bolmalydyr. «Windows 8», «Windows 8,1» ýa «Windows 10» bolsa, onda bu oýnuň ýokary hilde oýnalmagyna ýardam berer. Oýun kompýuterden Intel Core i7 (pesinden, Core i5) ýa-da AMD FX 8350 (pesinden, FX 4350) kuwwatlylygy talap eder. Şeýle hem kompýuteriň RAM-ynyň 8 gb (pesinden, 4 gb) bolmagy zerurlykdyr. DirectX-iň 11-nji tapgyry, NVIDIA GTX760 (pesinden, 670) ýa-da AMD Radeon R9 270X (pesinden, HD 7870) ekran karty, 4 gb-lyk VRAM hem-de kompýuterden 30 gb-lyk (pesinden 20 gb) boş ýer hem zerurlyklaryň hataryna girýär. Garaz, «PES 2019» gowy oýun, ýöne oňa kuwwatly kompýuter hem zerur.
FIFA 19
Wirtual dünýäde «PES» bäsdeşligini dowam edýän «FIFA» hem täze tapgyr bilen muşdaklaryna gowuşmagyň öňüsyrasynda dur. Ýöne ol kompýuter oýunlarynyň muşdaklaryna «PES 2019-dan» bir aý giç, 28-nji sentýabrda gowşar. Kanadanyň «EA Sports» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän oýun ýene-de wirtual futbolyň çäksiz lezzetini wada berýär.
Bu gezek duşuşyklary teswirleýjileriň sany hem iki esse köpeldi. Ozal «FIFA-da» Martin taýler bilen Alan Smitiň sesini eşiden bolsak, indi Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň oýunlarynda Derek Reý bilen Li Diksonyň teswirlerine hem «siňeris».
***
«PES 2019-dan» tapawutlylykda «FIFA 19» Ýewropanyň Çempionlar ligasyny we UEFA Ýewropa ligasyny wada berýär. Umuman, täze oýunda 55 sany milli ýygyndy, 35 sany çempionat biziň ygtyýarymyzda bolar. Şol sanda ilkinji gezek Hytaýyň Superligasynyň duşuşykaryny geçirmäge hem mümkinçilik alarys. 20-ä golaý täze stadion hem biziň hyzmatymyzda.
***
«FIFA 19» täzelikler babatynda esasay bäsdeşinden yza galar ýaly däl. Onuň esasy täzeliklerininiň hatarynda «Ýaşamak ugrunda göreş» aýratynlygyny mysal getirip bileris.
Bu aýratynlykda garşydaş topara pökgi geçirsek, biziň toparymyz haýsydyr bir futbolçy oýundan çykarylýar. Onuň kimdigini bolsa bizden rugsatsyz kompýuteriň kesgitleýär. Hatda, geçiren her pökgimizden soň toparymyzda bir oýunçy azalýar. Iň soňunda bolsa, pögki geçirmekden-ä geçen, utulman bilsek razy bolaýmaly hala gelip bileris. Kyn, ýöne lezzetli oýun.
Belki, şuňa meňzeş «Battle Royale» diýlen başga bir oýnuň hem bardygyny okyjylarymyz bilýändir. Ýöne «FIFA 19-yň» aýratynlygy meýdanda öz toparymyzdan bir oýunçy galýança, oýun dowam edenok. Haýsydyr bir toparda 7-den az oýunçy galsa, oýun awtomatiki ýagdaýda tamamlanýar.
***
«FIFA 19-yň» ýene bir aýratynlygy, islesek, eminsiz hem oýun oýnap bileris. Oýundan aýrylýan zat diňe emin bilen çäklenmeýär. Biz futbolyň ähli düzgünlerinden hem ýüz öwrüp bileris. Bu täsin aýratynlyk biziň «FIFA 19-a» garaşmakdaky sabrymyzy has-da synaga salýar