Soňky habarlar

Arhiw

Web saýt nähili işleýär? Haýsy maksatlarda ulanylýar?

0
4299

Geçen makalamyzda web saýt bilen bagly käbir adalgalary düşündiripdik. Bu makalamyzda web saýtyň işleýiş çyzgysyny paýlaşyp, haýsy maksatlarda gerek, ony taýýarlamak (döretmek) üçin haýsy ädimleri ýerine ýetirmek zerur ýaly temalar barada gürrüň ederis.

Gürrüň bermegimizden ozal şu adalgalary hem belläp geçsek maksada laýyk bolar:

  • ISP (Internet Service Provider) – internet hyzmatyny beriji edara. Meselem: “Türkmentelekom” DEAK, AŞTU we ş.m.
  • DNS serweri (Domain Name Server) – IP salgylaryny ada, ýazga, ýagny tekst görnüşine öwürýän serwer. Meselem, www.turkmenportal.com domen adyny haýsy IP salgysy boýunça tapmalydygyny özünde saklaýar.

Örän ýönekeý ädimlerde web saýtyň işleýiş çyzgysyny düşündirsek:

  1. Ulanyjy kompýuterinde web brauzeri açýar;
  2. Web brauzerde saýtyň adyny (saýtyň domen adyny) ýazýar, meselem: www.turkmenportal.com;
  3. Ulanyjynyň kompýuterinden şol web saýta internet arkaly HTTP ýa-da HTTPS porty boýunça ýüzlenme gidýär;
  4. Ýüzlenme ISP-ne baryp gowuşýar we ISP saýtyň adyny nireden gözlemeli diýip DNS serwere ýüzlenýär;
  5. DNS serweri saýtyň adyny tapýar we oňa, ýagny web saýtyň duran serwerine (web serwer) ulanyjynyň HTTP/HTTPS ýüzlenmelerini iberýär;
  6. Web serwer işjeň bolsa we ulanyjynyň ýüzlenmesini üstünlikli kabul eden bolsa, yzyna, ýagny ISP-ne ulanyjynyň HTTP/HTTPS ýüzlenmesiniň jogabyny gaýtarýar.
  7. ISP ulanyjynyň web brauzerine üstünlikli jogaby iberýär we netijede web saýt açylýar.

Web saýt nämedigine we nähili işleýändigine düşündik, indi bolsa onuň näme üçin gerekdigini we nähili görnüşlere bölünýändigini agzap geçeliň.

Häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde, internet ulgamy hem günsaýyn ösýär. Adamlar internetden şu maksatlar bilen peýdalanýar: maglumat almak we gözlemek, ylym-bilimlerini artdyrmak, habarlar we makalalary okamak, howa maglumatyny görmek, söwda etmek, garyndaş we dostlary bilen habarlaşmak we ş.m. Şu aýdylanlara laýyklykda, web saýtlar hem özara dürli ugurlara bölünýär: habarlar web saýtlary, gözleg web saýtlary, ylym-bilim web saýtlary, saglyk-lukmançylyk web saýtlary, howa maglumaty web saýtlary, mahabat web saýtlary, şahsy web saýtlar, edara-kärhanalaryň web saýtlary, telekeçileriň we dükanlaryň web saýtlary we ş.m.

Web saýt internetdäki siziň ýüzüňiz diýip geçen makalamyzda aýdyp geçipdik. Meselem, aýdaly siziň dükanyňyz bar we dükanyňyzda dürli harytlary satýarsyňyz. Dükanyňyzyň has hem gowy tanalmagy, harytlary müşderilere ýakynlaşdyrmak we häzirki zaman tehnologiýalar bilen aýakdaş gitmeklik üçin dükanyňyzyň web saýtyny döretseňiz hem-de onda ähli harytlaryňyzy ýerleşdirip internet arkaly söwda etseňiz girdejiňiz has hem artar. Web saýt diňe siziň özüňize däl, eýsem web saýta girýän ulanyjylara hem peýdaly. Meselem, gije biri ýaramasa we derman gerek bolsa, ulanyjy islendik dermanhananyň web saýtyna girip, şol dermany gözläp tapyp, zerur bolsa sargyt edip biler ýa-da iň bärkisi şol derman barada özüne gerekli bolan maglumatlar bilen tanşyp biler. Web saýt hem özüňize, hem ulanyjylara peýdaly bolup biljek internet ulgamyndaky özara baglanyşykly web sahypalaryň toplumydyr.

Web saýty dürli programmirleme dilleri arkaly döredip bolýar. Şolardan iň esasylary: php, asp, jsp, html we ş.m. Bular barada internetde aýratyn sapaklar bar.

Web saýty iki usulda döretmek bolar: web saýty taýýarlaýan ýörite edara-kärhanalara sargyt etmek arkaly ýa-da özüňiz hem döredip taýýarlap bilersiňiz.

Web saýty özüňiz döretjek bolsaňyz şu ädimleri ýerine ýetirmeli:

  1. Ilki bilen web saýty taýýarlamaly, ýagny ýasamaly;
  2. Web saýt üçin internetden hosting satyn almaly;
  3. Internetden web saýt üçin domen adyny satyn almaly (web saýtyň adyny);
  4. Hosting bilen domen adyny özara baglamaly;
  5. Saýty, ýagny saýtyň faýllaryny hostinge geçirmeli;
  6. Saýtyňyz taýýar!

Bu ädimleriň her birisi barada indiki makalamyzda içgin gürrün bereris.

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar