Soňky habarlar

Arhiw

Italiýa ýok diýibem, kubogy Angliýa alaýmalydymy näme?

0
2087

Hasabatlar, statistikalar futboldaky iň gyzykly faktlaryň biri, futbolyň bezegi hasaplanýar. Olaryň käbirleri diňe statistikalygyna galsa-da, käbirleri janköýerleri-de, futbol bilermenleri-de aljyradýar. Ýogsam statistikalaryň kömegi bilen super kompýuterler çempionatdan öň Germaniýanyň, 2-nji tapgyrdan soňam Braziliýanyň çempion boljakdygyny “habar beripdiler”. 

Şu wagta çenli geçirilen dünýä çempionatlarynda ýarym finala 4 gezek diňe Ýewropa wekilçilik edýän ýygyndylar çykypdy. Bu çempionat bilen şeýle waka 5-nji gezek gaýtalandy. Eýsem mundan öňki hasabatlara seredenimizde, haýsy ýygyndylar çempionlyk gazandyka? Geliň haýal etmän bu sowalymyza ilki gysgaça, soňra-da az-owlak giňişlerýin jogap bereliň.  

Gysgaça jogaby: şolaryň 3-sinde Italiýa (1934, 1982, 2006), 1-inde (1966) bolsa futbolyň watanynyň wekilleri ýagny, Angliýa kubogy eýeläpdi. 

Azda-kände giňişleýin: 1934-nji ýylda Italiýada geçirilen 2-nji çempionata gatnaşan 16 ýygyndynyň 12-si Ýewropadan eken. Müsür, Braziliýadyr Argentina hem-de ABŞ beýleki kontinentleriň wekilleri. Şol çempionat tutuşlygyna şu çempionatyň toparçalaryndan soňky geçirilişi ýaly, ýagny pleý-off esasynda geçirilipdi we başga kontinentden baranlaryň hiç biri çärýek finala-da çykyp bilmändi. Ahyrynda-da, ýer eýesi Italiýa kubogy gazandy. Çehoslowaklar 2-nji, nemesler 3-nji, awstriýalylar 4-nji orna mynasyp boldy. 

1966-njy ýyl. Futbolyň iň uly guramaçylygy ilkinji gezek onuň dörän topraklarynda geçirildi. Başgaça aýdylanda, iň uly futbol çempionaty öýünde guraldy. Çempionatyň iň esasy wakasy final duşuşygynda azerbaýjanly gapdal emin Tofik Bahramowyň iňlisleriň peýdasyna baýdagyny ýokary götermegi bolupdy. Şol pursat häzirki wagtda-da jedelli ýagdaýda. Esasy temamyza dolansak, çempionatyň çärýek finalyna Argentina bilen Demirgazyk Koreýa çykypdy. Olaryň ikisi-de degişlilikde, Angliýadyr Portugaliýadan asgyn gelip, bäsleşikden çykdy. Angliýanyň çempionlygy bilen tamamlanan ýaryşda Günbatar Germaniýa 2-nji, Portugaliýa 3-nji, SSSR bolsa 4-nji ýeri eýeledi.  

1982-nji ýyl. Ispaniýada geçirilen ýaryşda-da iň gowy dörtlüge diňe Ýewropanyň wekilleri düşmegi başardy. Netijede, Italiýa finalda Germaniýadan, 3-nji ýer üçinki oýunda-da polýaklar fransuzlardan üstün çykypdy.

2006-njy ýyl. Bu gezek Germaniýada geçirilen ýaryşda-da şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Braziliýadyr Argentina bilen bir hatarda, Ekwador, Gana, Awstraliýa, Meksikanyň ýygyndylary 2-nji tapgyra çykanam bolsalar, soňlugy bilen ýarym finalda Alynyň aly meýdany ýewropalylara galdy oturyberdi. Zidanyň bilen Materassiniň arasynda gopgunly wakanyň kölegesinde galan finalda italýanlar 4-nji ýola kubogy eýelediler.

Umuman, mundan öňki diňe ýewropalylaryň ýarym finallary şeýleräk ýagdaýda bolupdy. Hasabatlara seretsek, onda bu gezegem Italiýa ýa-da Angliýa çempion bolmaly ýaly. Ýöne hemmä mälim bolşy ýaly (aýratynam maňa) italiýanlar çempionata-da gatnaşyp bilmen futbol baýramçylygynyň daşynda galypdy. 60 ýyldan soň, çempionata gatnaşmak hukugyny gazanyp bilmedik italýanlar şu ýerde ýene bir statistikalaryny bozdular. Gorag futboly bilen ýakasyny tanadan italýanlar özlerine 2 çempionlyk, 2 kümüş medal gazandyran döwürde, ýagny, 1970-nji ýyldan bäri her 12 ýyldan 1 gezek ýa-da her 4 çempionatyň 2-sinde finala çykyp gelýärdi (1970, 1982, 1994, 2006). “Aslynda” Russiýadaky çempionatam olaryň finala çykmaly gezegidi.

Indi, Italiýa ýok diýip, kubogy Angliýa alaýmalymyka? Statistikalara seretseň, gürrüňsiz şeýle. Ýöne futboly statistikalaryň oýnamaýandygyny, has takygy, statistikalar futbol duşuşyklaryndan soň ýüz çykýandygyny belläliň. Suratdaky gyzjagazyň belleýşi ýaly “Ol (Kubok) öýüne (Angliýa) gelýär (dolanar)” diýen ýazgynyň diňe kagyz ýüzünde däl, eýsem hakykat ýüzünde-de öz beýanyny tapmagy üçin iňlisler tagalla baryny etdi. Ýöne olaryň yhlasy yzly-yzyna 3-nji gezek 120 minutlap meýdança çykan “ýadaw” horwatlaryňkydan “pesräk” boldy. 

Ýene bir statistika seredeliň. Dünýä çempionatlarynda iň köp çempionlyk gazanan Braziliýanyň ýygyndysynyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri-de kubogy Ýewropadan alyp giden ýeke-täk topar bolmagydyr. Diňe 2 kontinentde geçirilen döwründe bu görkeziji brazilleriň abraýyny hasam beýgeldýärdi. Şol birwagtyň özünde-de 2002-nji ýylda Aziýada-da kubogy almagy olaryň ýene bir statistikasy hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylypdy. Ýagny sambaçylar 3 kontinentde kubogy alan ýeke-täk ýygyndy hökmünde abraýyny häzirem saklap gelýärler. Ýewropalylaryň kemsinýän tarapy-da başga yklymda, has takygy, Amerika (Demirgazyk, Günorta) kontinentinde kubogy alyp görmändigidir. Dogry, Ispaniýa täze yklymda, Afrikada kubogy alypdy. Emma bu olary kanagatlandyrmaýardy. Bu ýagdaý 20-nji Dünýä çempionatyna çenli dowam etdi. 2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen Dünýä Kubogynda hasabatlara görä, Günorta Amerikanyň wekili almalydy. Braziliýa bilen Argentinanyň arasyndaky finala garaşylýardy. Emma ýarym finaldaky 7–1-lik ýeňiş hem-de finalda-da gazanylan ýeke-täk golly üstünlik nemesleri, belli bir derejede ýewropalylary uzak ýyllap dowam eden “jogapkärçilikden” halas etdi. Argentinaly hüjümçi Gonzalo Higuain az-owlak urgularynda takyklyk görkezip bilen bolsa ýa-da Di Mariýa oýnan bolsa, kubogy Messi we ýoldaşlary-da alyp bilerdi. 

Şu ýerde ýene bir hasabaty belläp geçeliň. Ol hem 1930-njy ýyldan soň, ýarym finalda ilkinji gezek Dünýä Kubogynda Braziliýa ýa-da Germaniýanyň ýygyndysy ýok. Mundan öňki çempionatlaryň 19-synda ýarym final ýa Germaniýa, ýa-da Braziliýa (wagtal-wagtal ikisi-de birden) çykan ekeni.  

Şu çempionatda-da hasaba alnan statistikalaryň biri-de öňki ýaryşyň çempionynyň edil lagnat siňen ýaly toparçadan çykyp bilmezlik däbi. Irki ýyllarda 1938-nji ýylyň çempiony Italiýa 1950-de, 1962-iň çempiony Braziliýa 1966-da 2-nji tapgyra geçip bilmän öýlerine dolanypdy. Soňky ýyllarda bolsa, bu ýagdaý ýörgünli däbe öwrülip başlandy. 1998-nji ýylyň çempiony Fransiýanyň 2002-de gol hem geçirip bilmän gaýtmagy hemmäniň ýadynda bolsa gerek. Yzly-yzyna 3 çempionatdan bäri-de Italiýa, Ispaniýa bu ýylam Germaniýa çempion hökmünde gatnaşyp, toparçalardaky oýunlardan soň, goşlaryny düwmeli boldular. 2022-nji ýylda geçiriljek çempionat üçinem fransuz/horwat janköýerlerden eýýämden bu statistikanyň aladasyny edip başlanlar hem bar bolup biler. 

Hajymyrat Söýünow, sport žurnalisti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar