Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça dünýä kubogy — 2018-iň baş tälimçileri

0
3201

Adyndan hem belli bolşy ýaly, biz bu makalamyzda sizi Russiýa Federasiýasynda geçiriljek Futbol boýunça dünýä kubogynda çykyş etjek 32 milli ýygyndynyň baş tälimçileri bilen tanyşdyrarys.

 

«A» TOPARÇA

Müsür

Ektor Paul KUPER (Argentina)

Doglan wagty: 16-njy noýabr, 1955-nji ýyl

Doglan ýeri: Santa Fe, Argentina.

Tälimçilik karýerasy: «Urakan», «Lanus», «Malýorka», «Walensiýa», «Inter», «Betis», «Parma», Gruziýanyň milli ýygyndysy (geljekde — m.ý.), «Aris», «Rasing», «Orduspor», «Al Wasl».

2015-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri Müsüriň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Konmebol kubogy — 1996, Ispaniýanyň superkubogy — 1998, 1999.

 

Russiýa

Stanislaw Salamowiç ÇERÇESOW (Russiýa)

Doglan wagty: 2-nji sentýabr, 1963-nji ýyl

Doglan ýeri: Alagir, Russiýa

Tälimçilik karýerasy: «Kufsteýn», «Warker Tirol», «Spartak», «Žemçužina Soçi», «Terek», «Amkar», «Dinamo», «Legiýa».

2016-njy ýylyň 11-nji awgustyndan bäri Russiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Polşanyň çempiony — 2016, Polşanyň kubogy — 2016.

 

Saud Arabystany

Huan Antonio TORROÝA (Ispaniýa)

Doglan wagty: 7-nji iýun, 1968-nji ýyl

Doglan ýeri: Santa Fe, Argentina.

Tälimçilik karýerasy: «Kolon Sante Fe», «Uniwersidad San Martin», «Santiago Morning», «Uniwersidad Katolika», «Rosario», «San Lorenso», «Walensiýa», «Leon», Çiliniň m.ý.

2017-nji ýylyň 28-nji noýabryndan bäri Saud Arabystanynyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Çiliniň çempiony — 2010, Argentinanyň çempiony — 2013, Amerika kubogy — 2016.

 

Urugwaý

Oskar Waşington Tabares SILWA (Urugwaý)

Doglan wagty: 3-nji mart, 1947-nji ýyl.

Doglan ýeri: Montewideo, Urugwaý.

Tälimçilik karýerasy: «Bella Wista», Urugwaýyň 20 ýaşa çenli ýetginlekler ýygyndysy, «Danubio», «Motewedio Wendereres», «Penýarol», «Deportiwo Kali», «Boka Huniors», «Kalýari», «Milan», «Owýedo», «Weles Sarsfild».

2006-njy ýyldan bäri Urugwaýyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Libertadores kubogy — 1987, Argentinanyň çempiony — 1992, Argentinanyň superkubogy — 1992, Amerikanyň kubogy — 2011.

 

«B» TOPARÇA

Eýran

Karluş Manuel Brito Leal KEÝRUŞ (Portugaliýa)

Doglan wagty: 1-nji mart, 1953-nji ýyl

Doglan ýeri: Nampula, Mozambik

Tälimçilik karýerasy: Portugaliýanyň 20 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy, Portugaliýanyň m.ý. «Sporting», «Nýu Ýork Red Bulls», «Nagoýa Grempus», Birleşen Arap Emirlikleriniň m.ý. «Mançester Ýunaýted» (baş tälimçiniň kömekçisi), «Real Madrid», Portugaliýanyň m.ý.

2011-nji ýylyň 4-nji aprelinden bäri Eýranyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: U-20 dünýä çempiony — 1989, 1991, Portugaliýanyň kubogy — 1995, Portugaliýanyň superkubogy — 1996, Ispaniýanyň kubogy — 2004.

 

Marokka

Erwe RENAR (Fransiýa)

Doglan wagty: 30-njy sentýabr, 1968-nji ýyl

Doglan ýeri: Aýksles Beýns, Fransiýa.

Tälimçilik karýerasy: «Draguingnan», «Kembrij Ýunaýted», «Song Da Nam Din», «Şerburg», Zambiýanyň m.ý. Angolanyň m.ý. «Alger», «Soşo», Kot-D'Iwuaryň m.ý. «Lill».

2016-njy ýylyň fewral aýyndan bäri Marokkanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Afrika Milletler kubogy — 2012, 2015.

 

Portugaliýa

Fernando Manuel Fernandes da Kosta SANTUŞ (Portugaliýa)

Doglan wagty: 10-njy oktýabr, 1954-nji ýyl

Doglan ýeri: Lissabon, Portugaliýa

Tälimçilik karýerasy: «Eştoril», «Estrela Amadora», «Portu», AEK, «Panatinaýkos», «Sporting Lissabon», «Benfika», PAOK, Gresiýanyň m.ý.

2014-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan bäri Portugaliýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Portugaliýanyň çempiony — 1999, Portugaliýanyň kubogy — 2000, 2001, Portugaliýanyň superkubogy — 1998, 1999, Gresiýanyň kubogy — 2002, Ýewropa çempiony — 2016.

 

Ispaniýa

Hulen Lopetegi ARGOTE (Ispaniýa)

Doglan wagty: 28-nji awgust, 1966-njy ýyl

Doglan ýeri: Asteasu, Ispaniýa.

Tälimçilik karýerasy: Ispaniýanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi, «Raýo Walýekano», «Real Madrid B», Ispaniýanyň 19, 20, 21 ýaşa çenli ýygyndylary, «Portu».

2016-njy ýylyň 21-nji iýulyndan bäri Ispaniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: U-19 Ýewropa çempiony — 2012, U-21 Ýewropa çempiony — 2013.

 

«C» TOPARÇA

 

Awstraliýa

Lambertus Wan MARWEÝK (Gollandiýa)

Doglan wagty: 19-njy maý, 1952-nji ýyl

Doglan ýeri: Dewenter, Gollandiýa

Tälimçilik karýerasy: «Fortuna Sittard», «Feýenoord», «Borussiýa Dortmund», Gollandiýanyň m.ý. «Gamburg», Saud Arabystanynyň m.ý.

2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan bäri Awstraliýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Gollandiýanyň kubogy — 2008, UEFA-nyň kubogy — 2002, Dünýä kubogy — 2010-yň wise-çempiony.

 

Daniýa

Oge Fritof HAREÝDE (Norwegiýa)

Doglan wagty: 23-nji sentýabr, 1953-nji ýyl

Doglan ýeri: Hareýd, Norwegiýa

Tälimçilik karýerasy: «Molde», «Helsingborg», «Brondbýu», «Rusenborg», Norwegiýanyň m.ý. «Ergrýute», «Wiking», «Malmýo».

2015-nji ýylyň 15-nji dekabryndan bäri Daniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Norwegiýanyň kubogy — 1994, 2003, Şwesiýanyň çempiony — 1999, 2014, Şwesiýanyň kubogy — 1998, Daniýanyň çempiony — 2002, Norwegiýanyň çempiony — 2003, Şwesiýanyň superkubogy — 2014.

 

Fransiýa

Didýe Klod DEŞAM (Fransiýa)

Doglan wagty: 15-nji oktýabr, 1968-nji ýyl

Doglan ýeri: Baýonna, Fransiýa.

Tälimçilik karýerasy: «Monako», «Ýuwentus», «Marsel».

2012-nji ýylyň 8-nji iýulyndan bäri Fransiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Fransiýanyň kubogy — 2003, 2010, 2011, 2012, Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň finalçysy — 2004, Fransiýanyň çempiony — 2010, Fransiýanyň liga kubogy — 2010, 2011, Ýewropa çempionaty — 2016-nyň finalçysy.

 

Peru

Rikardo Alberto GAREKA (Argentina)

Doglan wagty: 10-njy fewral, 1958-nji ýyl

Doglan ýeri: Tapiales, Argentina.

Tälimçilik karýerasy: «Talýeres», «Independýente», «Kolon», «Kilmes», «Arhentinos Huniors», «Elçe», «Amerika» (Kali), «Santa Fe», «Uniwersitario», «Weles Sarsfild», «Palmeýras».

2015-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Perunyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Konmebol kubogy — 1999, Perunyň çempiony — 2008, Argentinanyň çempiony — 2009, 2011, 2012.

 

«D» TOPARÇA

 

Argentina

Horhe SAMPAOLI (Argentina)

Doglan wagty: 13-nji mart, 1960-njy ýyl

Doglan ýeri: Santa Fe, Argentina.

Tälimçilik karýerasy: «Huan Auriç», «Sport Boýs», «Koronel Bolognesi», «Sporting Kristal», «O'Higgins», «Emelek», «Unwersidad de Çili», Çiliniň m.ý. «Sewilýa».

2017-nji ýylyň 20-nji maýyndan bäri Argentinanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Çiliniň çempiony — 2011, 2012, Sudamerikan kubogy — 2011, Amerikanyň kubogy — 2015.

 

Horwatiýa

Zlatko Daliç (Horwatiýa)

Doglan wagty: 26-njy oktýabr, 1966-njy ýyl

Doglan ýeri: Liwno, Bosnýa we Gersogowina

Tälimçilik karýerasy: «Warteks», Horwatiýanyň 21 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy, «Rieka», «Dinamo Tirana», «Slawen Belupo», «Al-Faýsali», «Al-Hilol», «Al-Aýn».

2017-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Horwatiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Horwatiýanyň kubogynyň finalçysy — 2006, Albaniýanyň superkubogy — 2008, Saud Arabystanynyň Şazadasynyň kubogy — 2013, BAE-niň Prezidentiniň kubogy — 2014, BAE-niň çempiony — 2015, BAE-niň superkubogy — 2015, Aziýanyň Çempionlar ligasynyň finalçysy — 2016.

 

Islandiýa

Heýmar HALLGRIMSSON (Islandiýa)

Doglan wagty: 10-njy iýun, 1967-nji ýyl.

Doglan ýeri: Westmannaýer, Islandiýa.

Tälimçilik karýerasy: «Hottur», IBW

2013-nji ýyldan bäri Islandiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Islandiýanyň çempiony — 2008.

 

Nigeriýa

Gernot ROR (Germaniýa)

Doglan wagty: 28-nji iýun, 1953-nji ýyl

Doglan ýeri: Manneým, Germaniýa.

Tälimçilik karýerasy: «Bordo», «Kreteil», «Nissa», «Ýang Boýs», «Aýaçço», «Etual de Sahel», «Nant», Gabonyň m.ý. Nigeriýanyň m.ý. Burkina-Fasonyň m.ý.

2016-njy ýylyň awgust aýyndan bäri Nigeriýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: UEFA-nyň kubogynyň finalçysy — 1996.

 

«E» TOPARÇA

 

Braziliýa

Adenor Leonardo BAÇÇI «TITE» (Braziliýa)

Doglan wagty: 25-nji maý, 1961-nji ýyl

Doglan ýeri: Kaşias-du-Seul, Braziliýa

Tälimçilik karýerasy: «Guarani», «Weranapolis», «Ipiranga», «Žuwentude», «Kaşias», «Gremio», «San Kaetano», «Korintians», «Atletiko Mineýro», «Palmeýras», «Al-Aýn», «Internasional», «Al-Wahda», «Korintians».

2016-njy ýylyň iýunyndan bäri Braziliýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Braziliýanyň wise çempiony — 1986, 1987, Riu-Grandi-du-Sul çempiony — 2000, 2001, Braziliýanyň kubogy — 2001, Braziliýanyň çempiony — 2011, 2015, Libertadores kubogy — 2012, Amerika Rekopa — 2013, Klublar arasyndaky dünýä çempiony — 2012, Amerika kubogy — 2008.

 

Kosta-Rika

Oskar Antonio Ramires ERNANDES (Kosta-Rika)

Doglan wagty: 8-nji dekabr, 1964-nji ýyl

Doglan ýeri: San Antonio de Belen, Kosta-Rika

Tälimçilik karýerasy: «Belen», «Saprissa» (kömekçi), Kosta-Rikanyň m.ý. (kömekçi), «Santos de Guapiles», «Alahuelense».

2015-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Kosta-Rikanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Kosta-Rikanyň çempiony — 2010, 2011, 2012, 2013.

 

Serbiýa

Mladen KRSTAIÇ (Serbiýa)

Doglan wagty: 4-nji mart, 1974-nji ýyl

Doglan ýeri: Zenisa, Bosnýa we Gersogowina.

Tälimçilik karýerasy: Serbiýanyň m.ý. (kömekçi).

2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Serbiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: ýok.

 

Şweýsariýa

Wladimir PETKOWIÇ (Bosnýa we Gersogowina)

Doglan wagty: 15-nji awgust, 1963-nji ýyl

Doglan ýeri: Saraýewo, Bosnýa we Gersogowina.

Tälimçilik karýerasy: «Bellinsona», «Malkantone», «Lugano», «Ýang Boýs», «Samsunspor», «Sýon», «Lasio».

2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bäri Şweýsariýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Italiýanyň kubogy — 2013, Italiýanyň superkubogynyň finalçysy — 2013.

 

«F» TOPARÇA

 

Germaniýa

Ýoahim LÖW (Germaniýa)

Doglan wagty: 3-nji fewral, 1960-njy ýyl

Doglan ýeri: Şýonau, Germaniýa

Tälimçilik karýerasy: «Fraunfeld», «Ştutgart», «Fenerbahçe», «Karlsrue», «Adanaspor», «Tirol», «Awstriýa», Germaniýanyň m.ý. (kömekçi).

2006-njy ýylyň 12-nji iýulyndan bäri Germaniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Germaniýanyň kubogy — 1997, Awstriýanyň çempiony — 2002, Awstriýanyň superkubogy — 2003, Dünýä çempiony — 2014, Konfederasiýalar kubogy — 2017, Ýewro — 2008-iň wise-çempiony.

 

Meksika

Huan Karlos Osorio ARBELAEZ (Kolumbiýa)

Doglan wagty: 8-nji iýun, 1961-nji ýyl

Doglan ýeri: Santa Rosa de Kabal, Kolumbiýa.

Tälimçilik karýerasy: «Mançester Siti» (kömekçi), «Millionarios», «Çikago Faýr», «Nýu Ýork Red Bulls», «Onse Kaldes», «Puebla», «Atletiko Nasional», «San Paulo».

2015-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan bäri Meksikanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: MLS Garbiý Konferensiýa kubogy — 2008, Kolumbiýanyň çempiony — 2010, 2013, 2014, Kolumbiýanyň kubogy — 2012, 2013, Kolumbiýanyň Superligasynyň çempiony — 2012.

 

Koreýa

Şin TA-ÝONG (Koreýa)

Doglan wagty: 11-nji aprel, 1969-njy ýyl

Doglan ýeri: Ýongdeok, Koreýa

Tälimçilik karýerasy: «Kuinsland Roar» (kömekçi), «Seongnam Ilwa Çunma» (kömekçi), «Seongnam Ilwa Çunma», Koreýanyň m.ý. (kömekçi), Koreýanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy, Koreýanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy.

2017-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Koreýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogy — 2010, Koreýanyň Futbol assosiasiýasynyň kubogy — 2011, Gündogar Aziýa kubogy — 2017.

 

Şwesiýa

Ýan Olof ANDERSSON (Şwesiýa)

Doglan wagty: 29-njy sentýabr, 1962-nji ýyl

Doglan ýeri: Halmstad, Şwesiýa

Tälimçilik karýerasy: «Alets», «Halmstads BK», «Laholms», «Orgrite», «Norrkýoping».

2016-njy ýylyň 10-njy awgustyndan bäri Şwesiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Şwesiýanyň çempiony — 2015.

 

«G» TOPARÇA

 

Belgiýa

Roberto Martinez MONTOLIU (Ispaniýa)

Doglan wagty: 13-nji iýul, 1973-nji ýyl

Doglan ýeri: Balaguer, Ispaniýa

Tälimçilik karýerasy: «Suonsi», «Uigan», «Ewerton».

2016-njy ýylyň 3-nji awgustyndan bäri Belgiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Angliýanyň kubogy — 2013.

 

Angliýa

Garet SAUTGEÝT (Angliýa)

Doglan wagty: 3-nji sentýabr, 1970-nji ýyl

Doglan ýeri: Uotford, Angliýa

Tälimçilik karýerasy: «Middlsbro», Angliýanyň 21 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy.

2016-njy ýylyň 27-nji sentýabryndan bäri Angliýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: ýok.

 

Panama

Ernan Dario Gomez ÝARAMILLO (Kolumbiýa)

Doglan wagty: 3-nji fewral, 1956-njy ýyl

Doglan ýeri: Medelin, Kolumbiýa

Tälimçilik karýerasy: «Atletiko Nasional», Kolumbiýanyň m.ý. Ekwadoryň m.ý. Guatemalanyň m.ý. «Santa Fe», «Independiente Medelin».

2014-nji ýylyň 15-nji fewralyndan bäri Panamanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Kolumbiýanyň çempiony — 1991.

 

Tunis

Nabil MAALUL (Tunis)

Doglan wagty: 25-nji iýul, 1962-nji ýyl

Doglan ýeri: Tunis, Tunis

Tälimçilik karýerasy: «Olimpik du Kef», Tunisiň m.ý. (kömekçi), Tunisiň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy, «Klub Afrika», «Bizertin», «ES Tunis», «Al-Jaýiş», Kuweýtiň m.ý.

2017-nji ýylň 27-nji aprelinden bäri Tunisiň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Tunisiň çempiony — 2011, 2012, Tunisiň kubogy — 2011, Afrikanyň Çempionlar ligasynyň kubogy — 2011, Kataryň kubogy — 2014.

 

«H» TOPARÇA

 

Kolumbiýa

Hose Nestor Pakerman KRIMEN (Argentina)

Doglan wagty: 3-nji sentýabr, 1949-njy ýyl

Doglan ýeri: Willa Domingez, Argentina

Tälimçilik karýerasy: «Çakarita Huniors», «Argentinos Huniors», «Kolo-Kolo», Argentinanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy, Argentinanyň m.ý. «Toluka», «Tigres», «Tigres UNAL».

2012-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Kolumbiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: U-20 Dünýä çempionatynyň ýeňijisi — 1995, 1997, 2001, Amerika yklymynyň U-19 çempionatynyň ýeňijisi — 1997, 1999, Konfederasiýalar kubogynyň wise-çempiony — 2015.

 

Ýaponiýa

Akira NIŞINO (Ýaponiýa)

Doglan wagty: 7-nji aprel, 1955-nji ýyl

Doglan ýeri: Saitama, Ýaponiýa

Tälimçilik karýerasy: Ýaponiýanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy, Ýaponiýanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy, «Kaşiwa Reýsol», «Gamba Osaka», «Wissel Kobe», «Nagoýa Grempus».

2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Ýaponiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: Ýaponiýanyň çempiony — 2005, Ýaponiýanyň kubogy — 1999, 2007, Ýaponiýanyň Imperatorynyň kubogy — 2008, 2009, Ýaponiýanyň superkubogy — 2007, Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogy — 2008.

 

Polşa

Adam NAWALKA (Polşa)

Doglan wagty: 23-nji oktýabr, 1957-nji ýyl

Doglan ýeri: Krakow, Polşa

Tälimçilik karýerasy: «Swit», «Wisla», «Zaglembe», «Sandesiýa», «Ýagelloniýa Bialistok», «Katowise», «Gurnik Zabže».

2013-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Polşanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: ýok.

 

Senegal

Aliu SISSE (Senegal)

Doglan wagty: 24-nji mart, 1976-njy ýyl

Doglan ýeri: Zaginşor, Senegal

Tälimçilik karýerasy: «Luan Kuizo».

2015-nji ýylyň 4-nji martyndan bäri Senegalyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi.

Gazanan kuboklary: ýok

 

... WE, ELBETDE, «TURKMENPORTALYŇ» HASAPLAMALARY

 

Tälimçileriň arasynda haýsy döwletiň wekili kän? Argentina, 4 tälimçi.

Iň ýaş tälimçi: Aliu SISSE, Senegalyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, 1976-njy ýylyň 24-nji martynda doglan.

Iň ýaşuly tälimçi: Oskar Waşington Tabares SILWA, Urugwaýyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, 1947-nji ýylyň 3-nji martynda doglan.

Iň kän ýerde işlän tälimçi: Adenor Leonardo BAÇÇI, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, tälimçilik karýerasy: «Guarani», «Weranapolis», «Ipiranga», «Žuwentude», «Kaşias», «Gremio», «San Kaetano», «Korintians», «Atletiko Mineýro», «Palmeýras», «Al-Aýn», «Internasional», «Al-Wahda», «Korintians» — 14 ýer.

Milli ýygyndy bilen iň köp wagt bäri işleşip gelýän tälimçiler: urugwaýyň we Germaniýanyň milli ýygyndylarynyň bäş tälimçileri, 2006-njy ýyldan bäri.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar