TÝL — 2018: 10-njy tapgyryň «Altyn asyr» — «Şagadam» duşuşygy gysga makalalarda

0
1991


«Altyn asyr» — «Şagadam» — 0:1.
Gol:
Alibek Abdyrahmanow 90+1'.
... we «Şagadam» ikinji orunda
Bu ýeňişden soň, Türkmenbaşy şäheriniň topary utuklarynyň mukdaryny «Altyn asyr» bilen deňledi. Ýöne özara duşuşyklaryň netijesinde «Şagadam» ýaryş tertibinde ikinji orna geçdi. Indi iki toparda hem 11 duşuşykdan 22 utuk bar. Ýaryşyň öňdebaryjysy «Ahal» bolsa 11 duşuşykda 24 utuk toplap bildi.
«Şagadam» ýeňijileriň öňdebaryjylarynyň biri
Myhmançylykda gazanylan ýeňiş «Şagadamy» şu möwsümde iň kän ýeňiş gazanan üç toparyň biri etdi. Indi ýaryş tertibiniň ilkinji üç ornuny eýeleýän toparlaryň — «Ahalyň», «Şagadamyň» we «Altyn asyryň» üçüsinde hem şu möwsümde 7 ýeňiş bar.
Olaryň söbügini bolsa 5 ýeňiş bilen «Aşgabatdyr» «Energetik» basyp gelýär.
Utulyşda deňleşdiler
Duşuşygyň netijesi «Altyn asyr» bilen «Şagadamyň» şu möwsümde utulan oýunlarynyň sanyndaky deňligi emele getirdi. Indi ýaryş tertibiniň ikinji we üçünji orunlaryny paýlaşýan bu iki toparda hem 3 utulyş bar.
Şeýlelikde, çempionatda şu wagta çenli iň az utulan ýeketäk topar hökmünde «Ahal» galdy. Röwşen Meredowyň şägirtleri şu möwsümde diňe bir gezek, ol hem «Altyn asyrdan» utulyp gördüler. Möwsümde iň kän utulan topar bolsa «Balkandyr». «Nebitçiler» eger ikinji aýlawyň soňky duşuşygynda — 14-nji tapgyrda hem şowsuzlyga uçrasalar, şu möwsümde 10 duşuşykda ýeňlen ilkinji topar bolar.
«Balkan», «Altyn asyr» — Abdyrahmanow — 0:2
«Şagadam» soňky iki duşuşygynda «Balkany» hem, «Altyn asyry» hem şol bir hasap bilen ýeňdi. Şu duşuşyklaryň ilkinjisinde — 13-nji tapgyrda «Balkan» bilen Balkanabatda geçirilen duşuşykda möwsümdäki ilkinji pökgüsini geçiren Alibek Abdyrahmanow eýýäm netijesini 2-ä çykardy. Esasy zat bolsa, bu futbolçy toparyna soňky iki duşuşykda 6 utuk getirdi.
10-njy tapgyr 10-njy orunda galdy
Tapgyrda mundan ozal geçirilen üç duşuşykda derwezelere 6 gol geçirilipdi. Ýatlatsak, «Energetik» öz meýdanynda «Aşgabady» 2:1, «Ahal» bolsa myhmançylykda «Köpetdagy» 1:0 hasabynda ýeňipdi. Maryda «Merw» bilen «Balkanyň» arasyndaky duşuşyk bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Bu duşuşygyň hem geçirilmegi bilen, 10-njy tapgyryň «dokuzy düzüwlendi». Şeýlelikde, 10-njy tapgyr 7 duşuşyk bilen tamamlanyp, iň kän golly tapgyrlaryň sanawyndaky 10-njy ornundan üýtgemedi. Şeýle hem bu tapgyr şu ýyl 7 gol bilen tamamlanan ilkinji tapgyrdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar