Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogynda Türkmenistanyň toparlary nähili çykyş etdiler? (Statistika)

0
2190

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Aragatnaşyk mknistrliginiň «Altyn asyr» futbol topary taryhy başarnygy görkezip, türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň ikinji derejeli futbol ýaryşynda — AFK-nyň kubogynda toparçadan çykyp, ýaryşy interzonal ýarym finalda dowam etdirmäge hukuk gazandy. Ildeşlerimiz nobatdaky duşuşyklaryny awgust aýynyň üçünji ongünlüginde Hindistanyň «Bengaluru» topary bilen geçirer.

Toparçalaýyn tapgyryň we interzonal ýarym finalyň aralygynda biz okyjylarymyzyň ünsüni ýene bir sapar ýurdumyza wekilçilik eden toparlaryň bu ýaryşdaky statistikasyna çekmek isleýäris. Ýöne maglumatlara geçmezden öňürti bellemek isleýän zadymyz, bu hasaplamalaryň soňky ýyllarda biziň toparyň peýdasyna özgerýändigidir. Mysal üçin, toparlarymyzyň utulyşlary azalyp, ýeňişleri köpelýär ýa-da futbolçylarymyz bir möwsümde ozalkylaryndan has köp pökgi geçirmegiň hötdesinden gelýärler.

 

Indi bolsa Türkmenistanyň futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky çykyşlary boýunça statistiki maglumatlara ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu maglumatlar «Turkmenportalyň» habarçylary tarapyndan taýýarlanyldy.

— AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda biziň toparlarymyz şu wagta çenli 76 duşuşyk geçirdiler. Meýilleşdirilen bir duşuşyk bolsa garşydaş toparymyzyň duşuşyga gelmändigi üçin geçirilmedi.

— Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:

  • 24 duşuşykda ýeňiş gazandylar;
  • 35 duşuşykda ýeňildiler;
  • 17 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

 

— Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:

  • Garşydaş derwezelere 103 pökgi geçirdiler;
  • Öz derwezesine 120 pökgi goýbertdiler.

 

— Biziň toparlarymyz häzirki wagta çenli Gyrgyzystanyň toparlary bilen has köp duşuşdylar. 2004-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanyň toparlary bilen 13 duşuşyk geçirildi. Bu sanawda:

  • ikinji orunda: Liwanyň toparlary — 11 duşuşyk;
  • üçünji orunda: Täjigistanyň we Iordaniýanyň toparlary — 10 duşuşyk.

Umuman, türkmen futbolçylary AFK-nyň kubogynda 12 döwletiň toparlary (Bangladeş — 6, Oman — 5, Ýemen, Hindistan, Bahreýn — 4, Siriýa — 3, Kuweýt, Yrak — 2 ) bilen hem-de biri-biri bilen 2 gezek duşuşdylar.

 

— Yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna iň köp gatnaşan türkmen topary «Balkandyr».  «Nebitçiler» bu ýaryşa 5 ýyl gatnaşmak bilen, häzirlikçe, rekordy elinde saklaýarlar. Ýöne topar şol möwsümleriň ikisinde saýlama tapgyrdan hem geçip bilmedi. Toparçada iň köp çykyş etmek rekordy bolsa «Altyn asyra» degişli. «Aragatnaşykçylar» soňky üç möwsümde-de ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykdylar. ŞEÝLE HEM «ALTYN ASYR» TOPARÇADAN SOŇ HEM ÝARYŞY DOWAM ETDIRMÄGE HUKUK GAZANAN ILKINJI TÜRKMEN TOPARYDYR. Ýaryşa «Altyn asyr» 4, «Nisa», HTTU we «Ahal» 2, «Merw» bolsa 1 gezek gatnaşdy.

 

— AFK-nyň kubogynda iň köp tapawutlanan türkmen futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewdir. Bu ýaryşa hem «Ahalyň», hem «Altyn asyryň» düzüminde gatnaşan hüjümçiniň jemi 13 goly bar. Ikinji orny 10 gol bilen Altymyradyň topardaşy Myrat Ýagşyýew eýeleýär. Yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna HTTU-nyň we «Ahalyň» düzüminde gatnaşan Mämmedaly Karadanow 7 gezek tapawutlanypdy.

Umuman, bu ýaryşda 36 sany futbolçymyz tapawutlandy. Şolaryň ikisi — Artur Geworkýan («Nasaf», Özbegistan) we Amir Gurbany («Dordoý», Gyrgyzystan) dagylar daşary ýurt toparlarynda hem gol geçirdiler.

 

— Ýaryşda iň köp gol geçiren toparymyz «Altyn asyrdyr». «Aragatnaşykçylar» 19 duşuşykda 34 gol geçirdiler. Ikinji orunda bolsa «Ahal» barýar. Röwşen Meredowyň şägirtleriniň 18 duşuşykda 28 goly bar. Ýaryşda iň köp tapawutlanan toparlaryň üçlügini HTTU jemleýär. Ykly ýaryşyna iki möwsüm gatnaşan topar olarda 18 gol geçiripdi. Şeýle hem «Balkanda» 15, «Nisa» bilen «Merwde» 4 gol bar.

 

— AFK-nyň kubogynda biziň toparlarymyz bilen iň kän duşuşan topar Täjigistanyň «Istiklolydyr». Bu ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän toparlar bilen 8 gezek duşuşan «Istiklol» şolaryň 4-sini şu ýyl geçirdi. Täsin tarapy, şol 8 duşuşygyň 4-si «Altyn asyr», 4-si bolsa «Ahal» bilen geçirildi.

Ikinji orunda Gyrgysyztanyň iň titully topary «Dordoý» bar. «Dordoý» bilen geçirilen 7 duşuşykda biziň toparlarymyzyň üstünligi aç-açan göze ilýär. Toparlarymyz Liwanyň «Al-Nejmeh» hem-de Iordaniýanyň «Al-Faisaly» toparlary bilen 6 duşuşyk geçirdiler.

Umuman, şu wagtda çenli 26 sany daşary ýurt topary AFK-nyň kubogynda Türkmenistanyň toparlarynyň garşydaşlary boldular.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar