Soňky habarlar

Arhiw

EA Sportsyň pikiriçe, futbol boýunça dünýä kubogynyň ýeňijisi Fransiýa bolar

0
2717

EA Sports kompaniýasy özüniň FIFA 2018 simulýasynyň Dünýä kubogyna bagyşlanan tapgyryny çykardy. Wiooýunda ýaryşyň ýeňijisiniň çempiony hökmünde Fransiýanyň milli ýygyndysy görkezilýär.
Wideoýuna görä, fransuz futbolçylary Germaniýanyň ýygyndysy bilen final duşuşygyna çykýar. Esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň netijesi 11 metrlik jerime urgularynda belli bolýar. Şeýlelikde, jerime urgulary bilen 4:3 hasabynda fransuz ýygyndysy üstün çykýar we arzyly Kuboga gowuşýar.
Ýaryşyň bürünçe medaly üçin Belgiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary göreşýärler. Şeýle hem ýaryşda iň köp tapawutlanan futbolçylary fransiýaly Antuan Grizman bilen ispan Isko bolýar. Futbolçylaryň ikisi hem çempionatyň dowamynda 5 gezek tapawutlanýarlar. «Altyn ellige» Ispaniýanyň derwezewany Dawid De Heýa, iň gowy ýaş oýunçy baýragyna bolsa braziliýaly Gabriel Jesus mynasyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar