Soňky habarlar

Arhiw

1-nji maýdan soň 2-nji maýmy, ýa...

0
34823

Göräýmäge adaty soragdyr welin, futbol diýip atlandyrylýan jadyly oýun adaty zatlardan erteki, ertekiden bolsa şu güni ýasaýýan ekeni. Ýogsa, Täjigistan diýiende  Abylkasym Lahuty, Mürze Tursunzade, Baky Rahymzade ýaly görnükli wekilleri özünde jemlän ägirt poeziýasy bolan millet, baý medeniýeti eýe bir halk göz öňimize geläýjek ýaly, emma häzir öňümizden çykan islendik ildeşimizden:−Şeýle-şeýle beýik ogullary bolan Täjigistan hakynda näme aýdyp bilersiňiz? –diýip sorasaňyz, eger ol aňrujy futbola gyzygýan bolsa, takmynan şeýleräk jogap alarsyňyz:«Galan zady häzirlikçe goýup dur, inim jan. Sen «Istikloly» aýt, «Istikloly»! Indi näçe ýyldyr, toparlarymyz şony utup bilmän kösenýär, belki şu gezek bir amadymyz çüwäýerdi-dä...»

Jogapdan gaty görmäge hakymyz ýok. Çünki her günüň we şol günlerden emele gelýän aýyň, aýlaryň jeminden durýan ýylyňam öz meselesi bolýar, hökman edäýmeli işi bolýar. Olar şeýle bir ähmiýetli  welin, şol mesele çözülmese, üstünden geçip gidip bolaýanok. Wagt näçe geçse-de, biz meselesi çözülmedik  günüňdir,  aýyň, ýa bolmasa ýylyň içinde şo-ol aýlanýas ýörýäs...

                             

Columbia Picturesiň  režissýor Garold Ramis tarapyndan surata düşürilen «Gunduz güni» filminde ABŞ-nyň bir ştatynda her ýylyň 2-nji fewral güni bellenilýän  «Gunduz güni» hakynda gürrüň gidýär. Ýerli halk şol güni baýramçylyk hökmünde belleýär we telewideniýe her ýyl bu baýramçylygy göni efire bermegi şol bir habarçysyna tabşyrýar. Alypbaryjy Fil Konnors öziniň söýmeýän senesinden çaltrak dynsa kaýyl we ony başdan sowma edip yzyna gaýtmagyň aladasynda. Ol işini dyndym edýärem, emma yzyna gaýtmakçy bolanda güýçli gar ýagmagy sebäpli şäherden çykyp bilmedik gahrymanymyz gijäni ýene myhmanhanada geçirmeli bolýar. Irden oýanan wagty bolsa geň ýagdaýa duşýar, ýagny onuň radiosy ýene-de 2-nji fewraly −«Gunduz gününi»  buşlaýar. Şondan soň ol her näme etse-de, ýene şol 2-nji fewral gaýtalanýar durýar. Gahrymanymyz teý 3-nji fewrala geçip bilenok. Şeýdibem, biz  türkmen futbolynyň janköýerlerine gaty tanyş ahwallaryň şaýady bolup başlaýarys...

 2015 nji ýylyň mart aýy: «Aşgabat» stadionynda «Istikloly» kabul eden «Ahaldan» janköýerler ýeňişe garaşanam bolsa, meýdan eýeleri geçirden golundan diňe birine jogap berdi. Süleýman Orazow hasaby deňlemegi başarsa-da, soňky nokady goýmak täjik tarapyň paýyna düşdi, «Ahal»− «Istiklol» 1:2.  Meýdany  ahmyr bilen terk edip barýan ýigitlerimizi duýgudaş nazarymyz bilen ugradýan wagtymyz  bize öz içimizden bir owaz eşdildi: «Ertir hemmesi gowy bolar». Çünki, biz ol wagt adaty ertiriň bolmajaklygyny, dogjak Günüň bize ýene şu güni bagş etjegini aklymyza-da getirmändik. Ýöne jogaplaşmaly wagty,  uly iliň kalendary boýunça 2015-nji ýylyň martynda biz ýene şol Fil Konnorsyň «Gunduz günine» bagyşlap saz çalýan radiosynyň sesine oýanmaly boldyk. Wakalaryň sähel eýlä-beýlä tolkun atmasyna garamazdan, tabloda şol biziň haýrymyza bolmadyk hasap, Duşenbedäki «Frunze» stadiony. Haçan-da Altymyradyň golundan soň biziň radiomyz ýene-de «Gunduz güni» hakynda buşlady «Istiklol»−«Ahal» 5:2.

2017-nji ýyl. bu gezek «Istiklolyň» garşysyna uly ynam bilen aragatnaşykçylaryň «Altyn Asyry» çykdy,  Balkanabatda geçirilen  bu oýunda-da Altymyradyň 49-njy minutda geçiren goly, bary-ýogy bizi diňe ýeňlişden halas etdi we oýnuň gutaranyny aňladyp çalynan jürlewük türkmen janköýerliri  üçin başgaçarak ýaňlandy: «Adamlar, turuň! Bu gün ikinji fewral «Gunduz güni» baýramçylygy». Şol ýylyň maýynyň iň soňky gününde türkmenistanly janköýerler şol bir güni dört gezek gaýtalap ýaşadylar... Ýene Täjigistan, ýene  «Istiklol» we ýene-de şowsuz netije. Togsanynjy minut: Wasiýew  1:0.

 Fil Konnorsyň başyndan geçiren gününi yaşap ýörşümize, şahyr Bapba Gökleňiň «Bolmajak bolsa bolmaz, bolar boljak bolanda» diýen setirlerinem ýadmyza saldyk. «Ahalyň» Duşenbedäki soňky oýnunda ýekeje gol hasaba alnyp, olam «Ahalyň» goragçysynyň adyna ýazylanam bolsa, ýeňiş ýene «Istiklola» nesip etdi. Her näme-de bolsa, şol gezekki oýunda ildeşlerimiziň ýeňişe mynasyp oýun görkezendigini aýratyn bellesek ýerlikli bolar. Ýöne gynansak-da, ýene köne heň, tabloda 1:0−  «Gunduz güni».

«Istiklolyň» Balkanabada iň soňky myhman bolan oýnunda «Altyn Asyr» sözüň doly manysynda taryhy oýun görkezip, olar başarmasy mümkin däle golaý işiň hötdesinden geldiler. Esasy wagty togsan minutdan ybarat futbolyň 90-njy minudynda 0:2 utulup duran ildeşlermiz, 90-njy we goşmaça berlen 93-ni minutlarda tapawutlanyp, hasabyň 2:2 bolmasyny gazandylar. Hawa, bizde şeýle kyn işi başarýan oglanlar bar, ýöne «Istikloly» utup bilýän topar heniz ýok. Edil bu oýun bolsa, Ýazguly Hojageldiýewden tälim alýan ýigitleriň bassyr ikinji gezek öýdäki deňligi hem şol bir wagtyň özünde türkmen janköýerleri üçin gaýtalanýan altynjy gün...

Şol bir gün gaýtalanyp ýyllara barabar boluberse, adamyň geň-taň häsiýetleri-de ýüze çykyp başlaýan eken, Filmiň dowamynda gahrymanymyz şol ýaşaýanja bir günini şeýle bir öwrenýär welin, hat-da ol garbanyşhanada gören adamlarynyň durmuşyna hem bäş barmagy ýaly belet bolýar. Çünki olar File gabat gelýän şol bir adamlar. Bu ýagdaý keseden seredene geňem bolsa, alypbaryjynyň özüne geň däl. Çünki ol näçe wagt geçse-de, şol bir güni ýaşaýar, hatda şol güni eläp sekuntma-sekunt öwrenmäge çenli baryp ýetýär. tff.com.tm saýtynyň synçylarynyň nazaryndan «Istiklolyň» her möhüm oýny, düzümdäki üýtgeşmeler we ýoldaşlyk duşuşuklarynyňam sypyp galmaýandygynyň sebäbi maňa aýan. Olaram indi janköýerler bile Fil Konnors ýaly şol bir güni gaýta we gaýta ýaşap ýörenler...

Türkmen toparlarynyň hem-de Duşenbäniň «Istiklolynyň» arasyndaky göreşiň nobatdakysy 1-nji maýda paýtagtymyzda geçirilmeli. Şol gün Röwşen Meredowyň şägirtleri «Aşgabat» stadionynda täjik çempionyny myhman alar. AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn oýunlaryna ýurdumyzdan iki wekiliň gatnaşmagyny gazanmak bilen türkmen futbolynda täze sahypa açan «Ahal» belki gaýtalanýan günden baş alyp çykmanyňam alajyny tapmagy ahmal...

  Filmimiziň jemlenýän ýerine-de ýetip geldik. Baş gahryman öz söýýän zenanyna ýaranmak üçin özüniň tutuş ýaşaýyş usulyny üýtgetdi. Jek Londonyň Martin Idenini ýatladýan bu kulmanisýa, adamy çuňňur oýlanmaga mejbur edýär. Akmyrat Şiriň dili bilen aýdanyňda, «Söýgi halas edýär». Söýgä ynansa bolar, iň bolmanda biz ynanýarys. Ynanýarys we ýene-de umyt bilen oýuna garaşýarys. Söýgüli toparymyzyň tälimçileri janköýerleriň göwnüni gazanmak üçin jan edýändirler, agzan filmimiziň gahrymany Filiň başyndan geçip gaýtalanýan şol günüň ýalňyşlaryny ilk- düwme öwrenenýändirler diýip pikir edýärin.

  Muňa millionlaryň oýny diýilýär. Şonuň üçin bu jadyly oýunda ýüze çykan her adaty soragyň jogabam, taryh sahypasyna adatdan daşary şowhun bilen ýazylmagy ahmal... 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar