Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: 2-nji tapgyryň senesi üýtgedilen duşuşygyndan soň hasaplamalar

0
1929

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

9 gol: Şeýlelikde, 2-nji tapgyr 9 gol bilen tamamlandy. Mundan öň tapgyrda derwezelere 8 gol geçirilipdi.

55 gol: Şu duşuşykdan soň, milli çempionatyň 26-njy möwsüminde geçirilen gollaryň sany 55-e çykdy. Bu bolsa her tapgyra ortaça 9,1 goldan ýetýär.

38 golçy: Myrat Annaýewiň hem goşulmagy bilen, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 38-e çykdy.

«Altyn asyr» — «Ahal» — 0:1.
Gol:
0:1, Myrat Annaýew 47'.

«Ahal» täze kerwenbaşy: Bu ýeňişden soň Röwşen Meredowyň şägirtleri 5 duşuşykda 11 utuk toplap, ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykdylar. «Altyn asyr» bolsa dört duşuşykda ýygnan 9 utugy bilen dördünji orunda galdy.

«Aragatnaşykçylar» hem utuldy: Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri şu möwsümde geçiren resmi duşuşyklarynda  (AFK-nyň kubogynda we milli çempionatda) ilkinji gezek utuldy. Indi milli birinjilikde utulmadyk ýeke-täk topar — «Ahal» galdy.

Annaýew 38-nji golçy: Şu möwsümde milli çempionatdaky ilkinji goluny geçiren Myrat Annaýew tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna 38-njilik bolup goşuldy.

7 ýylda 30 gol: Şu duşuşykdaky gol Myrat Annaýewiň Ýokary liganyň soňky 7 ýylynda geçiren 30-njy goludyr.

Annaýew «Ahalyň» bombardirleriniň üçlüginde: Şu tapgyrdaky goldan soň «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 23-e çykaran Myrat Annaýew bu topar bilen 2013-nji ýyldan bär iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda üçünji orna çykdy. Ol bu ornuň öňki eýesi Altymyrat Annadurdyýewden netijesini bir gol ýokarlandyrdy. Myrat Annaýewe ikinjiligi Didar Hajyýewden almak üçin bolsa ýene 7 gol gerek. Sanawyň başyny 33 gol bilen toparda bir ýarym möwsüm çykyş eden Wahyt Orazsähedow çekýär.

200-e bir ädim galdy: «Ahal» Ýokary ligada ýene ýekeje ýeňiş gazansa, ýeňişleriniň sanyny 200-e tegeleýär.

«Altyn asyr» iň köp utulmakda bir basgançak «ösüş gazandy»: Ýokary ligada 70-nji gezek utulan «Altyn asyr» türkmen futbolynyň rowaýaty toparlarynyň biri «Nisadan» utulyşlaryň sany boýunça bir basgançak ýokary galyp, çempionatymyzda ähli çykyş eden toparlaryň sanawynda 11-nji orna geldi. «Turanyň» birinji, «Lebabyň» ikinji, «Merwiň» üçünji orny eýeleýän sanawynyň 10-njy basgançagynda ýene bir rowaýaty toparlarymyzyň biri HTTU bar. Talyplar Ýokary ligada çykyş eden döwründe 107 gezek ýeňlipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar