Soňky habarlar

Arhiw

Taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda ünsüňizi çekmek islänlerimiz

0
2132

Şu gün — 11-nji aprel — Türkmen futbolynyň taryhynda yz goýjak gün. Çünki bu gün taryhda ilkinji gezek iki toparymyz Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda biri-biri bilen duşuşýar. Belki beýle duşuşygyň ýene bir gezek, ol hem 25-nji aprelde gaýtalanmagy mümkin. Ýakynda Aşgabatda saparda bolan AFK-nyň wekilleri indiki ýyl ýaryşyň düzügünnamasyna düpli özgerişmeleriň giriziljekdigini aýtdylar. Diýmek, şu ýyldan soň hiç taryhdan taryhda iki toparymyzyň AFK-nyň kubogynda biri-birine garşydaş bolup oýnamazlygy mümkin. Ýöne başga bir tarap hem bar. Belki birnäçe ýyldan, belki-de ýakyn ýyllarda her haýsy aýry toparça düşen iki toparymyz toparçadan çykyp, ýaryşyň final tapgyrlarynda biri-birine garşydaş bolup biler. Eger şeýle bolsa türkmen futboly üçin hem ýakymly duşuşyk bolardy.

Häzirlikçe bolsa, duşuşykdan öň biziň bu iki toparymyz — «Altyn asyr» we «Ahal» AFK-nyň duşuşyklarynda nähili çykyş edipdirler? Geliň, şol maglumatlara göz aýlalyň.

«Altyn asyr»

«Aragatnaşykçylar» bu ýaryşa taryhynda ilkinji gezek 2015-nji ýylda gatnaşdylar. Ýöne topar üçin ilkinji synanşyk şowly bolmady. Mundan öň AFK-nyň prezidentiniň kubogyna gatnaşan türkmen toparlary şol ýyl ýaryşa saýlama tapgyrdan gatnaşdyryldy. «Altyn asyr» 10-njy fewralda Aşgabatda geçirilen duşuşykda Ýemeniň «Al-Sakryndan» 0:1 hasabynda ýeňlip, ýaryşy ir tamamlady.
«Altyn asyr» 2016-njy ýyldaky ýaryşa toparçadan gatnaşdy. «Aragatnaşykçylar» Liwanyň «Al-Ahed», Iordaniýanyň «Al-Wehdat», Bahreýniň «Al-Hidd» toparlary bilen birlikde «A» toparçany emele getirdiler. Täsin toparça emele geldi. «A» toparça, ähli wekilleriniň baş harpy hem «A», üstesine ähli wekilleriniň adynyň ikinji harpy hem «L» («ALtyn asyr»). «Aragatnaşykçylar» ýaryşa ýeňiş bilen başladylar. Ilkinji duşuşykda Liwanyň toparyny 2:0 ýeňen futbolçylarymyz «Al-Hidd» bilen myhmançylykda geçirilen duşuşykdan hem 1 utuk almagy başardylar. Üçünji duşuşygyny hem myhmançylykda geçiren «aragatnaşykçylar» Amir Gurbanynyň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, 15-nji minutda öz derwezesinde hem gol gördüler. Her niçik hem bolsa, bu duşuşykdan hem 1 utuk bilen Watana dolanmak nesip etdi.
Utulmazlyk gowudy, ýöne esasy zerurlyk ýeňişdi. Şol zerurlyk toparymyza ýar bolman, «Altyn asyryň» toparçadan çykmak baradaky arzuwlary ýeneki ýyllara galdy. Soňky üç duşuşygynda bir deňme-deňlik, iki utulyş «aragatnaşykçylary» toparçanyň iň soňky ornuna düşürdi. Esasan hem, soňky duşuşyk dramatik üagdaýda tamamlandy. «Al-Hidd» bilen Aşgabatda geçirilen şol duşuşygyň 58-nji minudynda «Altyn asyr» Süleýman Muhadowyň geçiren goly bilen öňe-de saýlanypdy. «Köpetdag» stadionynyň münberlerinde ala-şowhun edip oturan 18 300 tomaşaçynyň taryhda ilkinji gezek bir toparymyzyň AFK-nyň kubogynda toparçadan çykjakdygyna ynamy uludy. Ýöne şol yman bary-ýogy iki minutda kül-peýekun boldy. Myhman topar 75-nji we 76-njy minutlarda geçiren gollary bilen ýeňiş gazandy. Bu iki minut tapgyra ýaryş tertibiniň ikinji ornunda gelen «Altyn asyry» dördünji orna oklady. «Içiňi ýakaýyn» diýen ýaly, şol gün «Al-Wehdat» hem toparçadan çykmagy eýýäm gazanan «Al-Ahedi» utdy. Şeýdip, türkmen futbolçylarynyň we janköýerleriniň ýaryşyň galan dowamyny hem görmek arzuwy ýeneki ýyllara galdy.
Toparyň 2016-njy ýyldaky görkezijileri: 6 duşuşyk, 1 ýeňiş, 3 deňlik, 2 utulyş, 5 gol, 6 utuk.
2017-nji ýylda AFK-a ýaryşyň düzgünnamasyna käbir üýtgeşmeleri girizdi. Toparçalar zolaklar boýunça düzüldi. «Merkezi zolak» diýilýän Orta Aziýa döwletleriniň toparlary bir toparçany emele getirdi. Bu türkmen futboly üçin hiç ýakymly habar däldi. Çünki toparçada «Istiklol» ýaly bu ýaryşda finala çenli baryp ýetip bilýän garşydaş bardy. Şonda-da ejizlemezlik, göreşmek gerekdi. «Altyn asyr» şeýle-de etdi. «Aragatnaşykçylaryň» «D» toparçadaky garşdaşlary Täjigistanyň «Istikloly» we Gyrgyzystanyň «Dordoý» hem-de «Alaý» toparlary boldy. Gyrgyz toparlary bilen oýnamag-a mesele-de bolmady. «Altyn asyr» «Dordoýdyr» «Alaýy» Gyzgyzystanda-da, Balkanabatda-da ýeňdi. «Istiklol» welin... Gursaklarda garran arzuwyň bu gezek hem «Istiklol» bilen Duşenbede geçirilen duşuşygyň 90+2-nji minudynda ganaty döwüldi. Her niçik hem bolsa, «Altyn asyr» «Istiklolyň» «Merkezi zolakda» ýeke-täk güýçli topar däldigini subut etdi.
Toparyň 2017-nji ýyldaky görkezijileri: 6 oýun, 4 ýeňiş, 1 deňlik, 1 utulyş, 12 gol, 13 utuk.
2016-njy ýyldan bäri: 12 oýun, 5 ýeňiş, 4 deňlik, 4 utulyş (biri 2015-nji ýylda saýlama tapgyrda), 17 gol, 19 utuk.
2018-nji ýyl özüňize belli. Şu wagta çenli iki duşuşyk geçiren «Altyn asyr» şolaryň birinde ýeňdi («Alaý» — «Altyn asyr» — 3:6), birinde deňme-deň oýnady («Altyn asyr» — «Istiklol» — 2:2). Şu duşuşyk «aragatnaşykçylar üçin aýgytly duşuşyk hem bolup biler. Bu gün «Istikol» «Alaýy» kabul edýär. Duşuşyk 80 göterim «Istiklolyň» ýeňşi bilen tamamlanar diýip aýdyp bileris. Diýmek, umydy dowam etdirmek üçin «aragatnaşykçylara-da» diňe ýeňiş gerek.
«Altyn asyryň» AFK-nyň kubogynda şu güne çenli görkezen netijeleri: 14 oýun (saýlama tapgyr bilen 15), 6 ýeňiş, 5 deňlik, 3 utulyş (saýlama tapgyr bilen 4), 25 gol, 23 utuk.
AFK-nyň kubogynda iň kän gol geçiren türkmen futbolçylarynyň sanawynda öňdäki iki orny «Altyn asyryň» futbolçylary Altymyrat Annadurdyýew (11 gol) bilen Myrat Ýagşyýew (8 gol) eýeleýär. Umuman, «Altyn asyryň» şu ýaryşdaky 25 goly 7 futbolça degişli.
 
«Ahal»

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň topary hem «Altyn asyr» ýaly AFK-nyň kubogyndaky ilkinji duşuşyklaryny 2015-nji ýylda geçirdi. Ýöne «Ahal» ilkinji gezek gatnaşan halkara ýaryşynda janköýerlerini begendirmegi başardy.
«Ahal» hem ýaryşa saýlama tapgyrdan başlady. Aşgabatda geçirilen ilkinji duşuşykda Gyrgyzystanyň «Dordoýyny» 1:0 hasabynda ýeňen «Ahalyň» AFK-nyň kubogyndaky ilkinji goluny häzir bu ýaryşa «Altyn asyr» bilen gatnaşýan Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Özi-de bu duşuşyk futbolçynyň uly futbolda geçirýän ilkinji duşuşygydy. Şondan bäri geçen äç ýylyň dowamynda türkmen futbolynyň ýyldyzlarynyň birine öwrülen A.Annadurdyýew häzirki wagtda bu ýaryşda iň kän tapawutlanan türkmen futbolçysy.
Ildeşlerimiz Toparça düşmek ugrundaky aýgytlaýjy duşuşygy Omanyň «Fanja» topary bilen geçirdi. Duşuşygyň myhmançylykda geçirilendigine garamazdan, «Ahalyň» futbolçylary 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, toparçalara düşmegi başardylar.
Toparçadaky duşuşyklar 25-nji fewralda başlady. «Ahal» Täjigistanyň «Istiklol», Kuweýtiň «Al-Kadsiýa», Yragyň «Erbil» toparlary bilen bilelikde «Ç» toparçany emele getirdi. Toparçada 6 duşuşyk geçiren ildeşlerimiz şolaryň 2-sinde ýeňiş gazanyp, 6 utuk toplamagy başardylar. Ýöne bu utuklar «Ahalyň» toparçadan çykmagy üçin ýetelik bolmady. Şeýlelikde, Duşenbe şäherinde 13-nji maýda geçirilen, 5:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykdan soňra, «Ahal» AFK-nyň kubogynda 2015-nji ýyldaky duşuşyklaryny tamamlady.
Toparyň 2015-nji ýylda toparçadaky görkezijileri: 6 duşuşyk (saýlama tapgyr bilen 8), 2 ýeňiş (saýlama tapgyr bilen 4), 0 deňlik, 4 utulyş, 8 gol (saýlama tapgyr bilen 12), 6 utuk.
Bu ýyl «Ahal» AFK-nyň kubogyna taryhynda ikinji gezek gaýdyp geldi. Şahyryň «Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler» diýşi ýaly, Röwşen Meredowyň şägirtleri ýene-de saýlama tapgyrdan sogrulyp geldiler. «Dordoýy» iki duşuşykda 5:3 hasaby bilen ýeňen «Ahal» ikinji garşydaşy Täjigistanyň «Alaýynyň» derwezesinden hem iki duşuşykda 3 gol geçirip, öz derwezesinde-de ýekeje pökgi hem görmän, toparça geldi. AFK-nyň kubogyna gatnaşan iki ýylynda-da «Istiklol» bilen topardaş bolan «Ahal» ilkinji duşuşykda üstünlikli oýny orta goýan hem bolsa «täjik diwaryndan» ýene-de geçip bilmedi. «Alynyň aryny Ahmetden çykaran» ildeşlerimiz Aşgabatda geçiren ikinji duşuşygynda «Alaýy» 5 gol bilen «serpaýlap», Gyrgyzystana ugratdylar. Hemmesi oýun, çyn indi başlady. Bir ýaryşa iki topar bolup gatnaşmak guwançly ýagdaý, ýöne, haçanda, şol toparlar biri-birine bäsdeş bolmasa. Bu duşuşyk «Ahal» üçin dowam etmelimi ýa tamam etmeli diýen sowalyň jogaby bolar.
«Ahal» futbol toparynyň AFK-nyň kubogynyň toparçalardaky umumy görkezijileri: 8 duşuşyk (saýlama tapgyr bilen 14), 3 ýeňiş (saýlama tapgyr bilen 8), 0 deňlik (saýlama tapgyr bilen 1), 5 utulyş, 13 gol (saýlama tapgyr bilen 25), 9 utuk.
«Ahalyň» şu ýaryşda geçiren 25 goly 12 futbolça degişli. Toparyň häzirki düzüminde iň köp tapawutlanan futbolçy Süleýman Muhadow, 6 gol.

AFK-nyň kubogynda «Altyn asyr», «Ahal» bäsdeşligi:

Duşuşyk:

«Altyn asyr» — 15
«Ahal» — 14

Ýeňiş:

«Ahal» — 8
«Altyn asyr» — 6

Deňlik:

«Altyn asyr» — 5
«Ahal» — 1.

Utulyş:

«Ahal» — 5
«Altyn asyr» — 4

Gollar:

«Ahal» — 25
«Altyn asyr» — 25

Toparçada toplanan umumy utuklar:

«Altyn asyr» — 23
«Ahal» — 9.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar