Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: 1-nji tapgyryň senesi üýtgedilen duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1743

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

Üç futbolçy «goşalady»: 26-njy gezek geçirilýän milli çempionatymyda ilkinji gezek bassyr iki duşuşykda tapawutlanan futbolçylar ýüze çykdy. Özi-de üç futbolçy. Göreliň, olar tapgyry näçe duşuşyga çenli dowam edip bilerkäler? Ýeri gelende aýtsak, soňky iki duşuşykda-da gol geçirip bilen futbolçylar: Süleýman Muhadow («Ahal», soňky iki tapgyrda 4 gol), Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr», soňky iki tapgyrda 4 gol), Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr», soňky iki tapgyrda 2 gol).

4 sany täze golçy: Şu duşuşyklardan soň, milli çempionatymyzyň 26-njy möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 27-ä çykdy. Geçen tapgyrdan soň bu san 23-di.

27 futbolçy, 33 gol: Yzda galan tapgyrlardan soň, 27 futbolçy 33 gol geçirdi.

Iň köp golly tapgyr: Birinji tapgyryň mundan öňki iki duşuşygy bary-ýogy 2 gol bilen tamamlanypdy. Bu iki duşuşyk bolsa, jemi 14 gol bilen birinji tapgyry yzda galan tapgyrlaryň arasynda iň kän golly tapgyra öwürdi.

Iň köp golly duşuşyklar: Günüň duşuşyklarynyň ikisi hem şu möwsümiň iň köp golly duşuşyklary boldular. Mundan öň diňe 4-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» — «Balkan» duşuşygy 5 gol bilen tapawutlanypdy. Indi bolsa möwsümiň rekordy 6 gola çykdy.

Tapawut — 4 gol: Bu duşuşyklar şu möwsümdäki iň uly tapawutly duşuşyklar boldular. Iki duşuşykda hem ýeňiji topar bilen ýeňlen toparynyň gollarynyň arasyndaky parh 4 gola barabar boldy.

Ilkinji het-trikler: Mundan ozal şu möwsümde ol-a het-trikmiş, dubl eden futbolçy hem ýokdy. Bu duşuşyklarda welin, iki sany het-trige şaýat bolduk.

«Ahal» — «Merw» — 5:1.

Gollar:

1:0, Güýçmyrat Annagulyýew 16'

1:1, Ilýa Tamurkin 28'

2:1, Süleýman Muhadow 63'

3:1, Süleýman Muhadow 74'

4:1, Süleýman Muhadow 77'

5:1, Yhlas Saparmämmedow 80'.

5 gol 3 basgançak bökdürdi: Şu duşuşykdan öň ýaryş tertibiniň 7-nji ornundaky «Ahal» 5 golly ýeňiş bilen 4-nji basgançaga çenli geldi. Röwşen Meredowyň şägirtleri indi ýaryşyň liderinden bary-ýogy 2 utuk yzda.

Muhadow bir ýyldan soň «ornuna» geçdi: 2016-njy ýylyň bombardiri Süleýman Muhadow bir ýyl arakesmeden soň ýene-de bombardirlik ýaryşynda birinji orna geçdi, ýöne ol häzirlikçe bu orny geçen ýylky topardaşy Altymyrat Annadurdyýew bilen paýlaşýar. Häzir futbolçylaryň ikisiniň hem hasabynda 4 gol bar.

Gollaryň «kümüş medalçysy»: Ýaryş tertibinde entek 4-nji orun bolsa-da, «Ahal» geçiren gollarynyň sany boýunça ikinji orna geçdi. Toparyň indi möwsümde 6 goly bar.

Bir çempionatda 750 gol: Şu duşuşykda Yhlas Saparmämmedowyň geçiren goly «Ahalyň» Ýokary ligadaky 750-nji goludyr. Topar Ýokary ligada iň kän gol geçirenleriň sanawynda 7-nji orunda. 6-njy orundaky ozalky HTTU toparynyň 762 goly bar.

«Altyn asyr» — «Köpetdag» — 5:1.

Gollar:

1:0, Myrat Ýagşyýew 4' (11 m.j.u.)

2:0, Altymyrat Annadurdyýew 31'

3:0, Altymyrat Annadurdyýew 52'

4:0, Altymyrat Annadurdyýew 58'

4:1, Öwezbaý Muhammetmyradow 66'

5:1, Gurbangeldi Sähedow 66'.

Ýubileý duşuşykda ajaýyp ýeňiş: Şu duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» Ýokary ligadaky 300-nji duşuşygydyr. Ýubileý duşuşygyň sowgady 5:1 hasabyndaky ajaýyp ýeňiş boldy.

Çempion «öwrenşen» ýeriniň alkymynda: Şu çempionatda geçiren iki duşuşygynda garşydaş derwezelere 9 pökgi geçiren «Altyn asyr» 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji ornuna geçdi. Birinji orundaky «Aşgabadyň» häzir 7 utugy bar, ýöne «Altyn asyryň» ýene iki duşuşygynyň hem ätiýaçda durandygyny ýatdan çykarmaly däl.

Annadurdyýew «dörtledi»: «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky bassyr iki duşuşygynda-da tapawutlanan Altymyrat Anandurdyýew gollarynyň sanyny 4-e çykaryp, bombardirlik ýaryşynyň birinji orny üçin Süleýman Muhadowa şärik boldy.

7 möwsüm boýunça 9-njy orunda: Şu duşuşykdan soňra Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 53-e çykaran Altymyrat Annadurdyýew soňky 7 möwsüm boýunça tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ýene bir basgançak ýokary galyp, 9-njy orna çykdy. Sanawyň 8-nji ornunyndaky tejribeli hüjümçi Berdi Şamyradowyň 2012-nji ýyldan bäri 54 goly bar.

Ýokary liga golly gadam: Gurbangeldi Sähedow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

«Aragatnaşykçylar» gollar boýunça birinji: Utuk babatynda ýaryş tertibiniň ikinji ornunda bolsa-da, «Altyn asyr» geçiren gollary boýunça ähli garşydaşlaryndan öňde. Topar iki duşuşykda 9 gol geçirip, 4 tapgyrdan soň birinji orunda.

Annadurdyýew «Altyn asyrda» iň kän tapawutlananlaryň dörtlüginde: Şu duşuşykdan soň, Altymyrat Annadurdyýewiň «Altyn asyryň» düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sany 31-e çykdy. Şeýlelikde, ol «aragatnaşykçylaryň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren dördünji futbolçy. Ilkinji üç orny Süleýman Muhadow (63), Myrat Ýagşyýew (53) we Didar Durdyýew (41) eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar